awadan
19.12.2024 09:30
Owadan gyzyñ mañlaýyhekaýa 3-nji bölüm
Humaý: “Meň adymy nirden bilip ýörkä bi ýerçeken. Masgara janym, biriniň dulunda otyrkam bir haýasyza sataşaýdym-da. Kyýas bilse öldir meni” diýdi.
Ol oglanyň yhlasyny zor gördi. Mergen Humaýy gürletmäge ilgezik boldy. Pylan ugurdan okaýan, heniz öýlenemok, özüňiz ýaly meniklije maşgala bolsa öýlenäýmek hyýalymam ýok däl diýen ýaly Humaýyň teý gyzyklanmaýan zatlaryny aýdyşdyrdy. Ol welin sesini çykarmady, ne ýagşydan, ne ýamandan.
Ol Mergeni halamady. Ertesi olar üçünji gezek duşuşdylar. Mergen olaryň göni öýlerine geldi. Günortanlar. Gelşine-de gapyny kakdy. Humaý gapyny sesini çykarman açdy. Kyýas gelendir öýtdi. Mergeni görübem içini çekdi.
— Ertirden bäri daş çykmadyň-la bir gezegem. Häliden bäri saňa garaşdym men. Içiň gysanokmy öýde?
Humaý ýakasyny tutup, oňa git diýdi.
— Kowmasana, seni görmesem ýüregim gysyp, ölüp barýan.
Humaý pyşyrdap gepledi:
— Utanaňokmy biriniň heleýiniň üstüne atalap durmaga… Bar, git, şu ýerden abraýyň barka. Ärim ýatyr öýde.
— Aldama! Ol-a işe gitdi häli. Öýlän bäşden bärde gelmeýä. Bilýän-ä men.
Mergen gapyny iç ýüzünden ýapdy. Arkasyny diwara ýaplady-da, Humaýa çiňerilip seretdi. Humaý dagy nätjegini bilmedi. Ýüzüni kese sowdy. Şunuň ýaly ýagdaý ýüze çykanda näme etmelidigi barada öňünden pikir edip goýmandygyna ökündi. Iki sekuntlyk dymyşlykdan soňam:
— Bar, çyk, gyýw, meni biabraý etmejek bolsaň. Ilgün näme diýer – diýdi. Kesä bakyp durşuna Mergeniň birjik-de sarsmandygynam edil gözi bilen gören ýaly duýdy.
— Ärim biläýse öldir seni.
Şeý diýibem göni oglanyň gözlerine seretdi. Ol onçakly görmeksiz hem däl ekeni. Gözleri ýanyp dur. Humaý onuň garaklarynda yşkyň açlykdan surnugan keşbini gördi. Onuň didelerinden özüniň naýynjar keşbini hem tapdy.
— Gitjek, häzir gitjek.
Mergen hatda gözlerini-de gyrpmady. Örän parahat gepledi. Onuň ýüreginiň gürsüldisi Humaýyň alkymynyň aşagyndan eşdilip ugrady. Häzir Humaýyň bir-ä gözi gördi, birem gulagy
eşitdi. Galan zatlar togtady. Şu pursat ýüregi-de urmasyny kesäýdi öýdýän. Burun-a öz wezipesini unutdy. Aşhanadan gelýän köýen etiň ysyny alybilmese öz wezipesini unutdygy bolýa-da. Başga näm bolsun?! Soňky wakalara-da düşüner ýaly bolmady. Ýa-ha Mergen ony gujagyna gysdy, ýa-da ol Mergeniň gujagyna gysyldy. Bir zad-a belli, Humaýyň huşy başyndan uçdy. Huşy bar bolsa, Mergeniň boýnundan aslyşmazdy.
Humaý soňuny saýmady. Soňuny saýmaga wagtam bolmady. Wagt bolaýanda-da ol akylly-başly pikir edip biljek däldi. Beýnisi işlemeýän adam nädip pikir etsin?! Onuň huşy beýnisini terk etdi.
Humaý öldi. Ýaňyja-da Mergene: “Bar, git, oglan, iliň heleýi bilen näme işiň ba” diýip duran Humaý onuň gujagyna özüni oklady-da, öläýdi. Sojap-sojap dem alyp ýatyşyna hakyt öldi oturyberdi. Gutardy…
…Humaý ýedi minutdan soň direldi. Gözüni açmady. Ýöne direldi. Direlen badyna-da iňledi. Nämeleriň näderejede nähili bolup geçendigini bilesi geldi. Bilip bilmedi. “Nepesimi bir durlaýyn-la” diýdi. Süýndi. Barybir anyk aňşyryp bilen zady bolmady. Kösendi.
Çak urdy. Humaý göwresinde galan çaganyň Mergendendigine
şübhe etmedi.Göwrede çaga galany çyn. Humaý muny Kyýasa ýorganyň aşagynda aýtdy. Gorka aýtdy:
— Kyýas!
— Hm?
— Çaga galypdyr…
— Ä? Näme diýdiň?
Gara-gara, ümmülmez pikirler Kyýasyň ynjalyksyz beýnisinden bada-bat sypyrylaýyp bilmediler. Bilniksiz terk etdiler. Onuň ini jümşüldedi. Begenjinden. Görmese-de Humaý şuny duýdy.
Kyýas:
— Goýsan-aý, çynyňmy? – diýdi. – Çaga galypmy hakyt? Bildirýämi? Hany menem göreýin… Bir gatyja zat ba welin, şumy? Şudur. Bilýädim-ä men. Oglanjykmyka?
— Bilmedim men-ä.
— Oglandyr, men-ä oglan bolsa gowy görjek. Sen?
— Menem.

Dowamy bar ☘️
8
137
awadan
18.12.2024 14:43
Owadan gyzyñ mañlaýyhekaýa 2-nji bölüm
Nurtäç çylkasyz gülüp başlady. Gülküsi tutmasa-da, güldi. Güle-güle çym-gyzyl boldy. Arasynda gözlerini süpürişdirip:
— Daýzam günaşadan nan ýapýa diýip göz-görtele edýä-de özem. Ýok tamdyrda nädip nan bişirilýänini bize-de öwretsene, gyz – diýip ýene güldi.
Humaý ýuwaşdan aýgytly gepledi:
— Bir zar diýdirmejek bolsaň, git, indi, gelneje, şu taýdan.
Nurtäç ýürekgysdyryjy ümsümlik bilen Humaýy ýeke goýup çykyp gitdi.
Humaýyň içi gysdy. Kyýasy küýsedi. “Torsuk ýaly oglanjyk dogursam” diýip arzuw etdi.
Humaý sabryna suw sepdi. Gaýtarma bolup gezilen ýiigrimi alty gün welin asyl wagty bilen ötmänjik geçäýdi.
Ýüregi ýarylaýmanka ol Kyýasa gowuşdy.
Göwresinde çaga galmanlygyna-da kän bir gyýylyp durmady. Onuň ýanynda Kyýas bolsa bolýar. Çagadyr-da. Gyssap duran barmy nä?!
Humaý gaýynenesinden ýaşmagyny syrdy welin, olaryň rysgyny aýrylamak bilen boldular. Gaýnatasy bu işiň ugruna atly-ýaragly çykdy. Eýtdi-beýtdi, üçünji gatdan iki otagly jaý alyp berdi.
Täze jaý Humaýa aýratyn ýarady. Bu ýerde ýaşynmak aladaň ýok. Sopbaş özüň. Her näçe ýüregi gyssa-da, ol gaýynlaryndan aýra ýaşanlaryny kem görmedi. Bu ýürekgysdyryjy ýekelik hemişe onuň başyny alyp durmaz. Basym çagalary bolar. Onsoň olaryň diýeni geler. Täze jaýda ýedi aý töweregi ýaşanlaryndan soň, Humaýy ünji astynda alyp, göwrede bir düwünçejik emele geldi. Çaga galdy. Ýöne munuň özi birdenkä şeýle bolaýmady. Muňa çenli Humaýyň takaty agram baryny çekdi. Ahyram ýegşerildi.
Humaý Kyýasa sekiz aýlap çyn aýalyň hyzmatyny etdi. Sekiz aý! Şunça wagtlap är-aýal bolup ýaşaňsoň, çaga galmasa o nähili bor?! Galjak bolsa, galarça wagt geçd-ä.
Humaýyň kellesine mojuk bir pikir geldi: “Erkegem däldir şu häli görseň”. Bu pikir onuň ýüregine wehim saldy. Indi çaga dogurman ýaşamalymy? Ölen günüň tabydyňy egnine alyp, ses edere-de biri gerekdir. Sallançakda ýatan ak bäbegi ýanap emdirmek hakyndaky bolsadysy bitmese Humaý-a şu dünýeden gidibilmez. Gidäýse-de, gözüni açyp gider.
Humaý: “Göwnüme getirmäýin-le şuňňaly zady” diýdi. Tersine boldy. Şol mojuk pikire assa-ýuwaş ynamy artdy. Artyp-artyp, mizemez bir zada öwrüldi. Humaý ýalňyşýan bolmaýyn diýmedi. Diýjekdi. Ynamyna müňkürlik etmäge delil tapmady.
Humaý Kyýasy ýigrenip-de bilmedi. Aslyýetinde ol ärini nämüçin ýigrenmeli? Onuň etmişi näme? Kyýasy Hudaý näletländir. Zürýatsyz ötmegi oňa Hudaýyň özi buýrandyr. Adama şundan çökder jeza berip nätjek?!
Başga birine äre barsa, Humaýyň çagasy bolar. Hökman! Şuňa däl diýip biljek ýok. Kyýasdan welin çaga önmez. Çaga erkek adamdan önýär-ä. Kyýas erkek däl. Kyýas betbagt adam. Humaýyň ärine nebsi agyrdy.

Belanyň başlangyjy şu: Bir oglanjyk oňa aşyk boldy. Magazine baryp gelýärkä. Oglanjyk bolup, oglanjygam däl, Kyýasdan uly bolmasa, kiçi däldigi göz-görtele.
Oglan Humaýyň çörekli sumkasyny ýük gördi. “Getir göterşeýin” diýdi. Ýük görmedik bolsa beý diýmezdi. Humaý ýüz bermedi. Öz-özüne: “Bi ýerçeken nirden çykdy, gyz” diýdi. Dagy näderini
bilmän, haýsydyr bir düşnüksiz hiňlenmä maýyl boldy.
— Ýaman gowy sesiň bar, aýdymçy bolmaly ekeniň sen.
Humaý dilini dişinden aňyrda saklady. Ýogsa, onuň jogaby taýyndy. “Seň ejeň aýdymçy bolmaly ekeni” diýýämelidi. Diýmedi. Haçana çenli onuň ýaly köçede gezip ýören işsiz bilen darkaş gurup ýörjek?!
Ol öýüne ýetmäge howlukdy. Ikinji gezek Humaý oglan bilen bir hepdeden soň gabatlaşdy. Zibil döküp gelýärkä. Oglan hapa atylýan bedräni ýük görmedi. Ýük gören bolsa, getir, göterşeýin diýerdi. Diýmedi. Diýäýende-de Humaý oňa bedre götertmezdi.
Oglan adyny aýtdy. “Mergen” diýdi.
— Kim seň adyňy soraýa şumat?!
Oglan sarsmadam.
— Men seň adyňam bilýän. Aýdaýynmy? …Humaý. Ýaman gowy adyň bar.

Dowamy bar ☘️
8
129
awadan
18.12.2024 11:06
Owadan gyzyñ mañlaýyhekaýa 1-nji bölüm
Humaýy “satdylar”. Şäher içine. Sähet bellenen güni ýeňňesi Nurtäç oňa pitjiň atdy:
— Şäherlä äre çykyp dişiň-ä ýyrşarmaz. Şon-a öňünden aýdyp goýaýyn. Obaň gara işinden gaçan bolýansyň welin, gör-de duruber. Ýene oba gowy bolup çykar. Obaň oglanlaram gaýratlydyr. Gara zähmeti gören-dä. Şäherlini är edinýänçäňem äňiň ýazyp gider. Iş görmedik oglany nädip är edinjek?!
— Beý diým-ä, gelneje! Nä meň bagtymy baglajak bolýaňmy?! “Maňlaýyň açyk bolsun” diýmel-ä sen.
Şeý diýip Humaý aglady. Ses edip aglady. Eginlerini silkip-silkip aglady. Nurtäç ýakasyny tutdy:
— Goýaweri, gyz! Kim seň bagtyňy baglajak bolýa Ýamanlygymyz ýog-a saňa. Bagtyňy şäherden tapybilseň biz sendenem beter begenjek. Men-ä ýöne göwnümdäkini diýäýdim.
Humaý azgyryldy:
— Diýme şony!
— Bi nä ýöne heňkirip duran boldu-la, gyz. Biz-ä muňa gowsuny etjek bolup… Bulara pylan zat diýerligem ýog-eý, Hudaýym.
Ýeňňesi hababaýlap çykyp gitdi. Aglap durka Humaý öz-özüne göwünlik berdi: “Meň şäherli boljakdygyma gözi gidýä. Içini it ýyrtýandyr şumat. Köp bilýä bi heleý”.
Toýdan soňky ilkinji gijäniň Humaýyň gyz bolup ýaşan ömrüniň hakykatdan-da iň soňky günüdigine Kyýas şaýatlyk etdi. Kyýas onuň äri. Indi onuň galan ömri Kyýas bilen. Bilip bolmaz, birden ikisiniň arasynda soňsuz dawa tursa nä? Nika bozuşmaga çenli baryp ýetseler näme? Kyýas kowsa nätmeli? Ataň öýüňe gitmelimi? Soňy nähili bolar? Humaý goşlaryň paýlaşygyny göz öňüne getirip bilmedi.
Ilkinji gijäniň gyz bilen aýalyň aralygynda ýatan bir ejizje paýapyldygyna, ol paýapyldan bolsa bir ömürde bary-ýogy ýekeje gezek geçip bolýandygyna, garamatynyňam indiden beýläk gapdalynda ýatan hol kişiniň boýnundalygyna onuň akyly ýetmedi, düşünmedi. Düşünen bolsa, şol gije gözlerini gyrpman, bir burçda çugtduryp oturardy. Bir zatlaryň pikirini ederdi. Ähtimal, aglardam. Humaý aglamady. Humaý çaga dogurmaga howlukdy. Sallançakda ýatan akja bäbegi ýanap emdirmäge höwes etdi. Eýse, hiç kesden ejap etmedi. Gyz wagty şu zatlary oýuna getirmäge-de utanardy, gyzarardy. Häzir dogurmak oňa adaty bir hadysajyk bolup duýuldy. Çagany dünýä indirmekde hiç hili agyry görmedi.
Humaý gijelerine ýatmady. Ärini söýdi, ezizledi. Onuň üçin Kyýas iň ýakyn adama öwrüldi. Ýürekdeş adama. Ol Kyýasy mähriban saýdy. Erkek adamy şeýle söýüp bolýandygyna, ony şu wagta çenli aňşyrman gelendigine oturyp-oturyp geň galdy. “Hakyky är şunuň ýaly bolmalydyr, özüni söýdürmelidir. Şeýledir” diýip pikir etdi. Humaýyň atasy öýünde gaýtarma bolup gezesi-de
gelmedi. Ony welin gaýtardylar. “Gaýdyp gitjekmi” diýip soramadylaram.
Baran güni Nurtäç:
— A gyz, sen-ä tanar ýaly bolmansyň – diýdi. – Näme bilen bakdylar?
Bu sowal Humaýyň süňňüne ýakyn çaýdy. Ýüzüne ýagty saçdy. Köňlündäki gussasyny gowzatdy. Ýüregini gürsüldetdi. Ol içki dabarasyny daşyna çykarmady. Uýat hasaplady.
— Göwnüňedir — diýdi.
Nurtäç gyjyt bermäge gepbaşy gözledi.
— Şäherlileň ýaşaýşy nähili eken, gyz? Obaça bamy ýa şunça-da ýokmy?
— Obadan-a müň esse gowy.
— Hm… şeý diýýä. Gündeki iýjek nanyňyz-a magazinden satyn alýansyňyz, şeýlemi?
Humaý ýeňňesine düşündi. Ýöne azm urmady. Dişini gysdy. “Her zat-da bolsa gelnejemdir” diýdi. Giňlige saldy.
— Goýup otyr, gyz! Satyn alarysmy? Daýzamyň gül ýaljak tamdyry bar. Günaşadan nan ýapýa özi. Iliň ýanynda bir agzaýma!
Nurtäç iki elini bykynyna urdy. Otagyň ortarasynda abşarylyp durşuna-da, tumşugyny diň-göge tutup:
— Biz-ä tamdyr görmedik çagyrja baramyzda – diýdi.
– Beýle tamdyrlary bar eken-ow. Gizlejek bolýa-da şonam. Bilmeýändir öýdýär.
Humaýyň çydamyna iňňe sanjyldy.
— Garagyň gapylandyr onda seň şony görmedik bolsaň.
— Beterem tamdyryňyz ýok. Hakykaty aýtsaň, janyňa batmaz, hä-ä.
— Garagym gapylarmy?! Magaziniň nanyny iýýäniziň hakykat-da sebäbi. Geple ýalan bolsa!
Humaý dilini dişledi.

Dowamy bar
9
189
awadan
17.12.2024 21:59
Derdeserhekaýa soñy
Suhan jan, gyzlaryňa är gözläňde maňa-da gözläý
birini. Iki gyrnaga är tapan, üçünjinem aril eder-ä. Seň
üçin men keseki däl-ä. Ejeň-ä men…
Ogullaryň garran ene-atasyny arkasyna alyp, dagyň
aňyrsyndaky gowaga taşlap gaýdýandyklary
hakyndaky erteki Suhanyň ýadyna düşdi. Ol
ýumrugyny düňküldedip, taýly gezek ýere urdy-da,
atylyp çykyp gitdi.
Garry sesini endiredip, öňki heňine başlady:

Ärsiz günüň ötmez hiç,
Sabry-kararyň ýetmez hiç,
Dünýe seni utmaz hiç,
Ýanyňda äriň bolsa.

Tylla günüň batarmy,
Ýürekde gam ýatarmy,
Ajal ýakaňdan tutarmy,
Ýanyňda äriň bolsa?

“Çyndanam ärsiräpdir” diýip, Akgyz oýlanýardy.
Suhan bolsa ejesiniň sesini eşitmezlik uçin başyna
ýorgany büräp ýatyrdy.
Tüweleme, garry dokuzynjy onlugyň içinde.
Töwerekde onuň deň-duşy gaty seýrek. Umuman-a, bi çaklarda o ýaşlara ýetýänem ýok. Garaz, garry bir çene baryberipdir. Indi Hudaýyň beren amanadyny abraý bilenjik yzyna tabşyraýsa-da kem boljak däl. Dünýäniň azap-eşretinden bir ömre ýeterlik gördi. Başga näme gerek?
Suhan başga zat gerek däl diýdi. Ýüreginiň
garşysyna gitmäge onda erk ýokdy. Adamyň özüni
dünýä getiren ejesiniň ölümini isleýän halaty-da bar
eken.
* * *
Suhanyň kiçi ogly Nurgylyç ýaňy ymyzganan ejesini
oýaryp, şeý diýdi:
— Eje, meýdan etjek!..
Ol ejesi bilen daşaryk çykdy. Daşarda esli eglenip,
öýe girenlerinde Nurgylyç enesiniň ýanynda ýatarman
boldy.
— Öňki ýatýan ýeriňe nä suw çykdymy? — diýip,
Akgyz onuň al-petinden aldy.
— Enemiň jaýynyň çyrasy ýanyp dur. Ýagty.
— A çyrasy ýanyp duran bolsa nädip ýatjak? Çyra
gözüňe düşüp, ýatybilmersiň-dä.
— Ýataryn.— Ýatyber şu taýda.
— Çyrany ýak onda.
— Haý, keçje ýerýuwdan!
— Goýber, enesiniň ýanynda ýatsyn — diýip, Suhan
aýtdy.
Nurgylyç enesiniň otagyna düňk ýasady. Ol ýerde
eneli-ogul şeýleräk gürrüň etdiler:
— Nurgylyç jan, sen maňa är bolaý!
— Hä?
— Sen maňa är bolaý!
— O nähili?
— Men-ä seň gelniň bolaýyn, senem meň ärim!

— Aý, sen garrapsyň-a, ene.
— Hm, garramda näme?! Men saňa hyzmat ederin.
Aýdym aýdyp bererin. Men saňa tahýa-da tikip berjek.
— Tahýa näm bolýa?
— Tahýamy? Tahýany, ine, men tikip bolaýyn. Onsoň
görkezäýerin. Bolýamy?
— Haçan tikjek ony?
— Ine, häzir. Men tahýa tikmäge ýaman ökdedirin.
Gaýma gaýamakda, keşde çekmekde, nagyş salmakda öňüme bir heleý düşmez.
Nurgylyç başyny enesiniň dyzyna goýup ýatdy.
Derrewem uklady. Garry pessaýdan sandyrawuk ses
bilen aýdym aýtdy:

Gam-gussany syndyrar,
Müň gaýgydan dyndyrar.
Yşk-ataşdan gandyrar,
Ýanyňda äriň bolsa.
Garry Nurgylyjyň üstüne donuny çekdi.

Üşese don ýaparsyň,
Gözlerinden öpersiň,
Şatlygňy kim aparsyn,
Ýanyňda äriň bolsa!

Onuň ýadyna tahýaly gürrüň düşdi.
— Akgyz, aýu, Akgyz!
Akgyz bilen Suhan ylgaşyp, garrynyň ýanyna
geldiler.
— Siziň tapyp beren äriňiz derkaryma däl. Ine, gül
ýaljak ärim bar. Özüm tapdym… Hälki diýenlerimem
yzyna gaýdyp alýan — diýip, garry gujagynda derläp
ýatan Nurgylyjy görkezdi.
Suhanam birmahallar, ho-ol tirsek boýly oglanjykka
şeýdip, enesini emýän guzujyk ýaly, ejesi bilen
gyslyşypjyk ýatardy…
— Hä-ä, bolubilýä — diýip, Akgyz yzyna döndi.
— Nirä barýaň, gyýw? — diýip, garry Akgyzy saklady.
— Dur entek.
— Hä, näme?
— Sen maňa tahýalyk keteni bilen keşde çekilýän
iňňe tapyp ber. Iňňäňem sapyp getir. Eýesiz galmyş,
gözlem halys çöňňeläýipdir. Elimem sandyrajak bolýa.
6
110
awadan
17.12.2024 01:05
Derdeser hekaýa7-nji bölüm
Seň öýüňde adamlar şatlyk-şowhun edip otursalar, heý-de, olardan zat gysganyp bolarmy? Ýa meni garasöýmeziräk, gysygrak, syrnyhyrak göryälermikä?” Niçezar kelle dowse-de, Suhan munuň sebäbini bilim bilmezdi. Häzir welin öýüniň sowuklygyna, gelim-gidimli ýer däldigine oturyp, şükür etdi. Eger-de öýi gelim-gidimli ýer bolan bolsa, onda ol häzir beýdip arkaýyn ýatmazdy. Il içinde biabraý bolardy.
Ähtimal, adamlar Suhany kemis hasaplardylar. Ejesi
ýeldirgän-de bolsa, oglunyň aklynyň üýtgemänligine
aňsat ynanmazlar. Suhana şübheli bakarlar.
— Eý! — diýip, ol birdenkä aýalyna ýüzlendi. — Ejemiň
başyna janly aýdan dälsiň?
— Ýok.
— Aýt. Derdini dep et diý-de, aýt! Beladan-beterden,
howpdan-hatardan gora diý! Ýoluňa bir janly diý! Gara
janly aýt, gara! Eşidýäňmi?
— Bor. Eşidýän.
Suhan ynjaldy.
Akgyz gaýnenesiniň ýeldirgänini gaty geň gördi.
Onuň pikiriçe, akyly üýtgejek adamyň ilki bilen gepi-sözi üýtgemeli. Soň ýuwaş-ýuwaşdan akyl-huşy dagap başlamalydy. Emma Suhanyň ejesiniň akyly welin birden üýtgedi. Akgyz, ine, şuny geň gördi. Dek düýn günortanlaram garrynyň akyl-huşy ýerindedi ahyry. Toba, Toba! Ýeri, äre çykmak nireden kellesine
geldikä? Ogulkeýik bilen Ogulbolla-da “Men äre
çykjak. Maňa är tapyp beriň” diýipdir! Bu ýaşdan soň
äri nätjekkä? Şony özi ýaly segsenden geçen bir garry
adama äre berip goýberseň, näderkä? Ömrüni sallah
ötüren, sakgally-sarmykly adama berseň? Özüni
boýnuna zyňaýarmyka?… Akgyz gaýnenesiniň nätanyş bir gojanyň boýnundan aslyşyp duran görnüşini göz öňüne getirdi-de:
“Toba etdim, toba etdim!” diýip, ýakasyna tüýkürdi.
Suhanyň:
— Hä, näme boldy? — diýen soragyna-da:
— Hiç zat — diýip jogap berdi.
Ýatyljak bolnanda Hatyja Atagylyja şeý diýdi:
— Gyýw, häli bar-a, eneňe nahar eltdim-ä?
— Hawa?
— Şonda maňa näme diýenini bilýäňmi?
— Ýok. Näme diýdi?
— Aýdaýynmy?
— Hany, aýt!
— Neme diýdi, senden bir zat sorajak welin, dogryňy
aýt diýdi. Menem bor diýdim. Onsoň aýtdy, dünýäde
diýdi, menden başga-da ärsiz heleý barmyka diýdi.
Menem bilemok diýdim. Onsoň neme diýdi, meň
ýerimde sen bolsaň näderdiň diýdi, ärsiz galan bolsaň
diýdi…
— Sen näme diýdiň?
— Sesimem çykarmadym. Turdum-da, gaýdyberdim.
— Onsoň?
— Bolany şo.
— Näme geň gördüňmi?
— Ýo-ok-la.
— Ýeldirgän adamdyr-da. Ýataly…
Hatyjanyň: “Gyýw, ýogsa-da, birden sen ölüp, men
dul galaýsam nätmeli bolaryn?” diýip sorasy geldi.
Ýöne çekindi. Atagylyç bolsa ol hakynda eýýäm pikir
edip ýatyrdy. Dogrundan-da, Atagylyç ölüp, Hatyja dul galsa, nätmeli bolar?
* * *

Giçden soň Suhan ejesinden habar tutdy. Garry
ýatmandyr.
— Eje, henizem ýataňokmy? Çyrany öçüräýeýin?
— Çyra bilen işiň bolmasyn. Hany, gel, meň ýanymda
otur entek.
— Oturdym, eje, aýdyber.
— Aýtsam, köşek, häli Ogulbolly bilen Ogulkeýigede
aýtdym. Olaň-a etmejegini bilipjik durun. Ýöne sen
edersiň. Ederiňe tutsaň, edäýmeli sen.
— Näme ol, eje?
— Men bir ömrüni ärsiz ötüren heleý. Ölüm pilläm
tutmanka, är ysyndan ganar ýaly birini tapyp ber maňa,
ogul!
— Utanaňok-maý, eje! Ýa indi bar bolubulşiňmi şü?
— Tapyp ber, ogul! Häli Ogulbolly bilen Ogulkeýigede
aýtdym. Olardan maňa nowa ýok, ogul. Sen gaýrat
et!
— Il görse, eşitse, näme diýer, eje? Seň gürrüňiň
nähili? Sen utanman, şeý diýip otursaň, men ile nädip
çykaýyn? Maňa nä abraý gerek dälmi? Men ýene iki
ogul öýermeli. Iki gyz göçürmeli. Sen bu zatlary
bileňokmy?
Garrynyň äheňi üýtgedi.
— Hä-ä, gyzlaryňa är tapmaly-da, maňa tapmaly däl?
Şeýlemi?
— Saňa gep düşündirip bolmaýa, eje! — diýip, Suhan
uludan dem aldy.
Haýbat atany bilenem bolmajagyny bilip, garry
ýalbarmaga başlady:

Dowamy bar ☘️
9
90
awadan
16.12.2024 16:53
Derdeserhekaýa 6-nji bölüm
Öňem bir gezek
şuňňaly bolupdy. Ho-o, biz ýumruk ýaly gyzkak. Sen-ä ony bilýän dälsiň. Ogulkeýik bilse, bilýändir. Aý, ýok, olam bilýän däldir. Meňem çalaja ýadyma düsýär-ä. Kakam ölende ýeldirgedi-dä. Ilk-ä esli wagtlap geplemän gezdi. Soňam birden akyly üýtgäýdi.
— Soň nädip açyldy? — diýip Akgyz sorady.
— O zatlar ýadyma düşenog-a. Ýne, ine edil şu oturan
ýerimizde çagşanja oraçamyz bardy. Senem şo wagt —
Ogulbolly Suhana barmagyny çomaltdy — näçe
aýlykdygyňy bilemok, özüň-ä emýädiň. Şonda sen-ä
oraçamyzyň içinde aglap ýatyrdyň, ejemem işikde
aýdym aýdyp otyrdy. Onsoň o Bibinabat gelnejem
geldi. Bi nemäň ejesi…
— Jepbaryň ejesi — diýip Suhan ýatlatdy.
— Hawa, şo Jepbaryň ejesi gelip, ejeme bar, gyýw, aç
öldürmejek bolsaň, çagaňy emdir diýipdi. Ana, şo
zatlar-a bilýän. Şo, çaky, ýeldirgäp ýören uçurlary
bolmaly.
— Onsoň emdirmi? — diýip Akgyz gyzyklandy.
— Kim bilýä? Emdirendir-le. O zatlar yadyma
düşenok… Ýo-o, gorkup oturasy zat ýok-la. Derrew
ýöne nemedip, açylar ötäýder. Zäk ýakyp görüň.
Ýüzärlik tütediň. Göz degen bolmagy mümkin.
— Men-ä ýaman gorkdum gyz. Dogtora-zada bir
görkezeliň diýdim — diýip Akgyz aýtdy.
— Ýo-o, dogtor nämä gerek?! Wagtlaýynça bir neme
ol. Ine, nädip açylanyny bilmänjik galarsyňyz.
“Gözem düzelermikä?” diýip, Suhan içinden sorady.
“Akly düzelse, gözem hökman düzeler” diýibem
içinden özüne jogap berdi. Daşyndan bolsa:— Belki, agzyňdan Hudaý eşitsin! — diýdi.
— Töwerek-daşyňyz bilenok dämi entek? Bildirmejek
boluň. Äý, gowy däl-dä. Pylanyň ejesi däliräpdir
diýseler abraýmy? Ýanyna del adam eltmäň.
Çagalaram goýbermaň — diýip, Ogulbolly sargyt etdi.
Ikindinler ol gaýdarman boldy. Atagylyç motoryna
mündürip, ony öýlerine eltip gaýtdy.
* * *
Şamlyk nahary garra Hatyja eltip berdi.
— Otur, gyzym, şujagaz yerde — diýip, garry ony
saklady. Hatyja oturdy.
— Sen, gyzym, menden zat gizleme, dogryňy aýtr.
Ynha, men telim ýyl bäri är tamamkinçiligi bilen
otyryn welin, bi sawçylyga gelýän ýok-la? Men ýaly
ärsiz heleý dünýede başga-da barmyka?
Hatyja bilemok diýen terzde eginlerini gysdy. Ol
garrydan ýaşynýardy.
— Hm, bilemok diýsene… Gyzym, meň ýerimde sen
bolan bolsaň näme ederdiň? Ärsiz galan bolsaň?
Hatyja ýakasyny tutup, çykyp gitdi.
Garry kime gönükdirilenligi näbelli äheňde sowal
yzyna sowa ýagdyryp ugrady.
— Bu dünýäň erkekleriniň içinde ýekeje artykmajy
ýokmy indi? Bütin erkek ähliniň içinde indi maňa är
boljagy ýokmy? Ýa meň bir ýerim kemmi? Niräm
kem? Owadanlygymmy? Haýsy heleý menden
owadan? Nämüçin heleýleň hemmesiniň äri bar-da,
meňki ýok? Nämüçin?
Garryny hiç kim eşitmeýärdi. Hatyja gapyny ýapyp
gidipdi.
“Ejemiň aklynyn üýtgänine, ynha, indi ikinji günüň
içi — diýip, Suhan pikir edýärdi. — Düýn bize kim geldi?
Düýn-ä hiç kim gelmedi öýdýän. Bu gün kim geldi?
Irden Ogulkeýik geldi. Ol hasap däl. Soň kim geldi?
Soň… Soň Ogulbolly geldi. Olam hasap däl. Başga
kim? Bi gaýraky goňşyň gyzy. O-da öýe girmän,
habaryny daşardan aýdyp gitdi. Diýmek, olam hasap
däl. Soň? Soň bi goňsulaň kiçi gelni süýt alyp gitdi. O-da hasap däl. Ondan soňam hiç kim gelmedi. Hä-ä, aý, bolýa-da…”
Öňler Suhan öýüniň gelim-gidimli ýer bolmagyny
islärdi. Dost-ýarlar bilen öýünde meýlis gurap,
oturmagy, şagalaň etmegi küýseýärdi. Ýöne ol diýeni
hiç bolmazdy. Ýaman ýeri, munuň sebäbini Suhanyň
özi-de bilmeýärdi. Mahal-mahal kellesini tutup, gaýga
giderdi. “Nämüçin meň öýüm sowuk? — diýip ol
oýlanardy. — Nämüçin meň öýümde meýlisler
gurlanok? Arak içmeýänligim üçinmi? Meň özüm arak
içmesem-de, öýümde meýlis gurlup, degşilip-gülşülse
arak berjeg-ä.

Dowamy bar ☘️
9
70
awadan
16.12.2024 12:38
Derdeserhekaýa 5-nji bölüm
Äý, onda-da bilmän geçsinler. Ýa bulaň ýüregi daşdanmyka?”
Ogulkeýik näme diýsin! Onsuzam onuň öz derdi
özüne ýetik ahyryn. Kiçi ogly dört aý bäri ysmaz
keseline duçar bolup, galybilmän ýatyr. Ýetişen gyzy
ýüzüne gara çekip, gaçyp gitdi. Üstesine, arakkeş äri-de egninden basmasa, goltugyndan göterenok. Onsoň Ogulkeýik näme diýsin!
Ol Suhanyň ýanynda-da oturyp, kän aglady. “Men
näme diýeyin, jan dogan! Aýagyny gore salyp otyrka
men ony öýüme äkideýinmi? Onsuz meň derdim
azmy? Siz indi herzeýilli bir neme… Gaýrat ediň.
Ýazgytdyr bi. Owalynda maňlaýyna ýazylandyr.
Nätjek?!” diýdi. Ejesiniň “Är tapyp ber” diýen
gürrüňini ol Suhana aýtmady.
Günortanlar Atagylyç Ogulkeýigi öýlerine eltip
gaýtdy. Garrynyň uly gyzy Ogulbolly öýlänler geldi.
— Daň bilen gidişime ýaňy geldim bazardan. Gelsem,
habar geldi, ýaranok diýýä diýdiler. Onsoň çaýam
içmän göni gaýtdym pyýadalap. Çaý bir beriň, gyz!
Şehit öldüm — diýip, ol ejesiniň bolýan otagyna girdi.
— Gurgun otyrmyň, eje? Tanadyňmy?
— Kim, gyz bi? Ogulbolly? Senmi?
— Hawa, eje, men. Tanadyň.
— Waý, Ogulbollym gelipdir-ä, guzym gelipdir-ä. Hä,
ejemi göreýin diýip gaýdyberdiňmi? Halyndan habar
tutaýyn diýdiňmi?
— Ýaranok diýdiler…
— Häli Ogulkeýik gelip gitdi. Oňa-ha aýtdym. Indem
saňa aýtjak.
— Näme aýtjak, eje?
Garry diňe Ogulbolly eşidäýer ýaly pyşyrdap
gepledi.
— Maňa bir är tapyp beriň.
— Hä?
— Maňa bir är tapyp beriň. – Ogulbollynyň birdenka
ýüzüni sallanyny gören garry ýalbaryjy äheňe geçdi. –
Görýäň-ä, bütin ömrümi dul geçirdim. Meňem
göwnüm bar-a. Maňa-da är hözirini görkeziň-ä. Men-ä
şu wagta çenli şol umyt bilen ýaşadym.
Ejesiniň çynydygyna, gara çynydygyna, asla henek
etmeýändigine gözi ýetensoň, Ogulbolly: “Ýaranok
diýýärler welin, bi işigaýdan ýeldirgäpdir-ä” diýip içini
gepletdi.— Häli Ogulkeýige-de aýtdym. Siziň göwnüňiz bir
ýaly diýdim. Men bärde ärsizlikden ýanyp otyryn
diýdim, ýaman horlanýan diýdim. Gaýrat et-de, maňa
bir är tapyp ber diýdim. Ýaş-garry diýip, är dannaman
diýdim.
— O näme diýdi onsoň? — diýip, Ogulbolly gara çyny
bilen gyzyklandy.
— Näme diýer, Ogulkeýikdir-dä. Hiç zadam diýenok.
Göwni bir ýaly otyr. Gaýtam aglaýa. Menem aglama
diýdim. Ejeň ärsizligine gynanyp aglamaýanyňy bilýän
diýdim. Aglajak bolsaň, hol ölen wagtym aglaber
diýdim. Häzir şumjarma-da, maňa är tapyp ber diýdim.
Oturdy-oturdy-da, sesini çykarman gitdi. Ah,
Ogulkeýikden maňa är tapyp beren bolasy ýok-la.
Özüň nemedäýmeseň, direnere gaýry adam galan
däldir. Hä, Ogulbollym?
Ogulbolly näme diýse oňat boljagyny bilip bilmedi.
Ýaýdandy.
— Wah, men pylan diýsem, ýalançy-da, eje.
— Beý diýme, guzym. Başy boş är kändir. Taparsyň.
Tapyp beräýerin diý.
— Näbileýin-dä…
— Sora, ide. Soraşyp Käbanem tapypmyşlar. Senem
taparsyň. Heleýsiz erkekleň ählisine gyran degäýen
däldir. Häli görseň, men ýalyny gözläp ýörenem
kändir… Ogulkeýigiň-ä ýüzüne köz degsin. Suhanam
ondan idili doňuz däl. Ýaman kejeňek.
Ogulbolly mazaly derçigýänçä ejesiniň ýanynda çaý
içip oturdy. Diňe şondan soň Suhan bilen Akgyzyň
oturan tamyna bardy.
— Gyýw, ýeldirgäpdir-ä ol.
— Şeýle ýaly öz-ä — diýip Suhan agras dillendi.
— Äre çykjak diýip masgara etdi.
Suhan ýalandan geňirgendi:
— Aý, goý-a!… Beh!
— Hawa, maňa är tapyp beriň diýýä. Ömrümi ärsiz
öturdim diýip otyr.
— Toba, toba! Daş edewersin! Hudaý saklawersin!
Tüf, tüf — edip, Akgyz ýakasyna tüýkürdi.
Suhan aýalyna alarylyp bakdy-da:
— Baý, seňem ýaman pis häsiýetiň bar-ow. Edil ýöne
ýöne bolşundanam beter edäýýäň — diýdi.
— Aý, jany sagat-la — diýip, Ogulbolly aýtdy. — Ine,
hä diýmän birki günden açylar.

Dowamy bar ☘️
6
74
awadan
15.12.2024 19:41
Derdeserhekaýa 4-nji bölüm
Ilki ukudan oýanan Suhan boldy. Ol turşuna ylgap,
ejesiniň bolýan otagyna bardy. Ejesini görüp, ölendir
öýtdi. Ölen bolsa, haýal etmän “Waý, ejem-le” diýip
ses etmelidigi ýadyna düşdi. Diwara ýaplanyp oturan
ejesine seredip, aljyrady. Bir sekuntdan ol garrynyň
dem alýandygyny eşitdi. Ynjaldy. Onsoň öýdäkileriň
hemmesine degişli edip:
— Turuň-haw, Gün dogdy — diýip gygyrdy-da, daş
çykdy.
Atagylyç birki käse çaý içdi-de, motoryny otlap,
gitdi. Birsalymdanam garrynyň kiçi gyzy Ogulkeýigi
alyp geldi.
— Ogulbboly ejem ýok eken. Daň bilen bazara
gidipdir. Öýlerine aýdyp gaytdym. Öýlän gelmegi
mümkin — diýip, ol motordan düşüp-düşmän habar
berdi.
Suhan Ogulkeýigi çete çekip, ejesiniň ýagdaýyny
aýtdy.
— Beterinden saklawersin-eý! — diýip, Ogulkeýik içini
çekdi. — Haçandan bäri?
— Dek düýnem oňatdy — diýip Suhan aýtdy.
Öýden Akgyz bilen Hatyja çykdy. Olar myhman
bilen gysgajyk saglyk-amanlyk soraşdylar. Akgyz
Ogulkeýigi öňüne düşürip, öýe girdi. Hatyja çaý-nahar aladasy bilen aşhana ýumlukdy.
— Eje, ine, gyzyň-a geldi — diýip, Suhan ejesiniň
bolýan otagynyň işiginden ätledi.
Ogulkeýik içeri girip:
— Gurgunmyň, eje? — diýdi.
— Ogulkeýik gyzym gelipdir-ä, Ogulkeýik janym
gelipdir-ä — diýip, garry ileri-ileri omzady.
Ogulkeýik hal-ahwal soraşdy.
— Oňat otyrmyň, eje?
— Äý, gyzym, ärsiz heleýiň gününe näbeletmiň?
— Şeý diýä.
Ogulkeýik dagy näme diýerini bilmedi.
— Ärsiz bolsaň ýarpy göwräň ýok ýaly bolýar,
gyzym. Siz ony bilýän dälsiňiz. Siziň äriňiz bar. Meň
ärim ýok welin, hemmesini bilip otyryn.
— Gaýrat et, eje!
— Gaýrat-a edilendir, gyzym. Gaty edilendir. Hm…
Gaýrat edilme kemi-hä galmady. Gaýratyň bizden
göwni synyk däldir, hm, onam aýdaýyn.
Hatyja çaý getirdi.
— Siz, hany, gümür-ýamyryň gapdaly bilen birki käse
çaý içiň. Menem mallara seredişdereýin — diýip, Suhan
turup gitdi.
— Men arkaýyn otyryn welin, bi Hatyja näme name
nahar atarýarka? — diýip, onuň yzýany bilen Akgyzam
çykdy.
Ogulkeýik ejesi bilen ikiçäk galdy.
— Al, bir käse çaý owurtla.
— Ärsiz heleýiň içen çaýam suwsan ýerine barmaz
eken. Hiç barmaz eken. Guýyň düýbünden alnan ýaly — diýip, garry çaýly gürrüňi-de öz heniňe baglap goýdy.
— Janyň sag bolsa bor, eje.
— Sen, gyzym, gürrüňi alyp gaçma. Maňa hä diý.
Suhan-a aýdamok. Aýtjagam däl. Etmez. Kejirdir. Seň
delalatyň degäýmese, bilýänsiň, Suhandan maňa bir
apbasylyk nowa ýok. Şoň üçin saňa aýdýan. Sen maňa hä diý!.. Görýäň-ä ine, meň bütin ömrüm ärsiz geçip barýa. Menem özüň ýaly heleý. Maňa-da är gerek. Ärsiz ýaşan ömrüň gury nan iýen ýaly…
Ogulkeýigiň gözünden boýur-boýur ýaş döküldi. Ol
keçäniň gülüni dyrmalap oturyşyna burnuny çekdi. Bir zatlar diýjek boldy. Diýibilmedi.
— Sen nämä aglaýaň? Aglasam, ine, men aglamaly.
Sen meni diňle. — Garry pyşyrdy bilen gürledi. — Gaýrat
edip, maňa bir är tapyp ber. Ölmänkäm är hözirini
göreýin diýýän. Oň munsy beýle, muň onsy eýle, bi
ejeme ýaramaz-ow diýip dagyn göwnüňe getirme. Är
dannaman. Äri bol tapýan dannaýandyr. Hm… Erkegiň asyl dannar ýaly zady ýokdyr. Hemmesem birdir. Eşidýäňmi?
Ogulkeýik eşidýärdi. Ol sesini çykarman başyny
ýaýkap otyrdy. Garry köne heňine tutdyrdy.

Bir äre göwün berseň,
Är bilen döwran sürseň,
Dünýäň hözirini görseň,
Ýanyňda äriň bolsa.

Ogulkeýik käsesindäki çaýyny içdi-de, çykyp gitdi.
Garry ýene ýeke galdy.”Erkeg-ä erkek bolýar. Ol
seň derdiňi bilmez. Heý, aýal dagyn aýala düşünäýmeli dälmidir” diýip, garry pikir edýärdi. “Akgyz-a, näme, kim bolanda-da keseki bolýar. Ýeri, bi Ogulkeýige näme diýjek. Bir garysyna galyp, gaýrat etse, meň ýumşumy bitirjeg-ä. Men oň ejesi bolup otyryn-a. Ölen günüm-ä bilerler.

Dowamy bar ☘️
7
78
awadan
15.12.2024 14:10
Derdeserhekaýa 3-nji bölüm
Asyl bolmaz. Suhan jan ýanyňdaka sen ony bilýänem
dälsiň.
Akgyz sesini çykarmady. Unaşly tabagy alyp, çykyp
gitdi.
Suhan irgözinden ýatyş düşegine geçdi. Uklamady.
Böwrüne diň saldy. Onuň pikiriçe, ejesi basym
ölmelidi. Ýaşaýan zatlaryň ählisine ölmek üçin bahana gerek. Garry segsen bir ýaşady. Henize çenli onuň saglygyndan nalan ýeri ýok. Akylynyň üýtgemegi, ähtimal, onuň ölümine bahana bolar. Suhan Hudaýdan gaty nägile boldy. “Öňi-soňy ýygnajak bolsa dümew-sümew
diýen ýaly bir keseljik bilen ýygnaýmaly
dälmidir? Alýanyň şol amanat zadyň. Onam ile
masgara edip aljak. Ýa bi ýumruk ýaly görgüsiýamyň
çöderräk günäsi-dagy barmyka?… Toba etdim” diýip
içini gepletdi.
Akgyzyň mahaly bilen gözüne uky inmedi.
— Gyýw — diýip, ol ýatan ýerinden Suhana habar
gatdy. – Nememikä bi, wagtlaýynça bir zatmyka ýa
nemedýänçä…
Suhan janyýangynly gepledi:
— Men näbileýin-aý, men näbileýin? Men nä
palçymy, gurrandazmy, öňümi görüp geldimmi?
Akgyz göwni bir ýaly başga sowal berdi:
— Otörgünem-ä geçdi. Nämedenkä onda?
Suhandan jogap bolmady. Onuň diňe haşşyldap,
uludan demini alýan sesi eşidildi.
— Gyýw, nemedäýsek nädýä, ertir dogtora-zada
görkezäýsek, ä? — diýip, Akgyz dowam etdi.
— Hä-ä, indi şyhypanylyga ýetip barýaкka keselhana
salybam görgi baryny görkez oňa.
— Dogtorlar nä diňe keselhana diýer durar öýdýäňmi?
— Dogtora galsa, dälihana-da dykar.
— Toba etdim-eý, daş edewersin!.. Be-e, onda
nätsekkäk?
“Aý, başa gelenini görmeli bor-da” diýip, Suhan
içinden jogap berdi. Ýorgany serpip, aňyrsyna öwrüldi.
Akgyz gaýdyp geplemedi.
* * *
Goňşy otagda ýatan Hatyja gelin kän salymlap
dymansoň:
— Atagylyç! — diýip, äriniň böwrüne dürtdi.
— How.
— Ukladyňmy?
— Ýok.
— Atagylyç! Eneň öňem şeýle bolýamydy?
— Ýok.
— Nämedenkä ol?
— Bilmedim men-ä.
Sesini çykarman ýene biraz ýatansoň, Hatyja
gaýtadan:
— Atagylyç! — diýdi.
— Näme?
— Men-ä gorkýan.
— Kimden? Nämeden?
— Eneňden. Şu gije düýşüme-de girer şo.
— Gorkma, ýaňynda, ine, men bar-a — diýip, Atagylyç
Hatyjany gujagyny gysdy.
Eýsem, Hatyja düýşýnde näme görer? Atagylyjyň
pikiriçe, ol düýşünde garryny görmeli. Hatyjanyň
düýşünde garry märekäniň öňüne çykyp: “Gyýw,
oýnatgylar! Siz meni dälirändir öýdýäňizmi? Siz onda
barypýatan oýnatgy. Ha-ha-ha! Men-ä dälirämogam.
Men-ä ýöne oýun etdim. Siz nädýäkäňiz diýdim.
Bilgeşleinden dälirän boldum” diýer. Adamlar muňa
birhili bolarlar. Hiç kimiň ynanasy gelmez. Ýöne
garrynyň däliremändigini gepinden-sözünden aňyp, her kim onuň dälirese oňat boljakdygyny öz ýanyndan tassyklar. Atagylyjyň enesem adamlaryň pikirini, islegini bilen ýaly çyndan dälirär. Onsoň saçlaryny penjeläp, böker, gygyrar, adamlary kowalar. Adamlar, elbetde, öz islegleriniň bitenine begenişerler, hezil edinerler. Garrynyň halyna hiç kim gyýylmaz. Adamlar Atagylyjyň enesiniň betbagtlygyna heşelle kakarlar. Şol adamlaryň içinde, elbetde, Hatyja-da bolar… Onsoň bu düýşi nädip ýormaly? Atagylyç muny Hatyjadan sorady. Hatyja:
-Samsyk — diýdi. – Muň ýadyna düşüp ýören zatlary.
Köne dert garryny ukudanam kesdi. Suhan giçden
soň iki gezek gelip, habar tutdy. Ikisinde-de garry oňa:
— Özüni bilýän heleý ärsiz wagty ne gije, ne gündiz,
ýatybilmez. Ýatsa, ukusy haram bor — diýip, jogap
berdi. Suhan ýüzüni sallap, çykyp gitdi. Soň gelmedi.
Garra hiç kim düşünenok. Onuň adamlardan ullakan
zat hantamaçylygy ýok. Bitmez ýaly isleg däl. Bir
ärjagaz bolaýsa… Boýuna-syratyna guwanyp,
barmaklary bilen saçlaryny daraklar ýaly. Boýnundan
aslyşyp, jemalyna aşyk bolar ýaly. Gözlerine bakyp,
doýmaz ýaly. Garaz, söýer ýaly bir ärjagaz bolaýsa.
Ine, onuň bar islegi şü. Ol, ine, şu arzuwyň aýdymyny
aýdýar.
Gijäniň birmahallary garry ýadap, oturan ýerinde
uka gitdi.

Dowamy bar ☘️
8
88
awadan
13.12.2024 23:00
Derdeserhekaýa 2-nji bölüm
— Näm bolýa, eje? Ýaramajak bolýaňmy?
Garry terse bakdy. Sandyrawuk ses bilen:
— Ejeň ärsiz ötüp barýa, jan ogul, ärsiz! — diýip eňredi.
Suhan ejesine düşündi. Ol ärsiz ötürilen elli ýedi ýyllyk ömrüň ýasyny tutýardy.
Garry gaýtadan eňräp başlady:

Etseň, hyzmatyn etseň,
Tapyp, göwnüne ýetseň,
Uzak ýollara gitseň,
Äriň ölmedik bolsa.

“Ine,saňa gerek bolsa! Indi nätmeli? Il-gün näme
diýer? Näme etmeli?” diýen sowallar Suhana
eýýämden ejir çekdirip ugrady.
-Eý, Hudaý, eý, Alla, eý, toba! Biabraýçylyk.
Masgaraçylyk. Barypýatan masgaraçylyk. Özem ahyr
ýaşynda. Eý, Hudaý!.. — diýip, ol ýarym pyşyrdy bilen
samyrdady. Soň:
-Eje, eje! — diýip çykyp gitdi.

* * *
Suhan ejesi barada aýaly Akgyza hiç zat aýtmady.
Entek hiç kim bilmänkä nähilidir bir gudrat bilen
ejesiniň akylynyň, esasan-da gözleriniň öňki durkuna
dolanmagyny isledi. Umyt etdi. Açylar diýdi.
Onuň öýde-de oturasy gelmedi. Başyny alyp, nirädir
gaçyp gidesi geldi. Gaçyp baran ýerem mellegiň
aýagujy boldy. Mallara seredişdirdi. Oturyp çilim
çekdi. Oýa batdy.
Birmahallar, heniz oglan döwürleri Seýitli bilen
eden sene-menesi ýadyna düşdi. Dawanyň nämäniň
üstünde turanlygy belli däl, ýöne Seýitliniň diýen
sözleri hakydasynda galypdyr:
— Eý, seň bar-a, kakaň ölende bar-a, ejeň däliräpdirä.
Äre çykjak diýip, masgara bolupdyr-a.
Elbetde, şol gezek Suhan Seýitli bilen gyzyl
ýumruga girişendir. Soňam çola ýerde tenha özi
aglandyr. Ýöne bular ýadynda däl. Aldajy gyşlarda
enesini emýän guzujyk ýaly, oraçalarynyň ojagynyň
başynda ejesi bilen emişip ýatýandyklary huşunda…
Suhan bozuljak boldy.
— Gyýw! — diýip, aňyrdan alakjap gelýän aýalynyň
sesine ol ziňk edip gitdi.
— Gyýw, tur, gel bärik. Ejeň…
— Ýuwaş, how! Häk, seniň sesiň… — diýip, Suhan
hemleli gygyrdy. – Gohuň näme?
Suhanyň göwnüne bolmasa, ejesiniň akylynyň
üýtgänine Akgyz birhili begenýän ýaly bolup dur.
Äheňinde ýakymsyz dabara bar. Bi heleý tohumy şolar ýaly zada heşelle kakýa, hezil edinýä. Bulara tomaşa gerek. Betbagtlygy abraýdan ýeg görýärler.
— Näme, etek alty, ýeň ýedi, öň etegiňi dişläp, ylgap
ýörsüň… Begenýäňmi? — diýip, Suhan aýalynyň
mazaly badyny aldy.
— Begenerinmi, gyz?! Gürrüňiň nähili seň? Toba
etdim! – diýip, Akgyz ýakasyny tutdy.
Suhan aýalyny dem salym synlap:
— Bar, ondan-a köýnegiň goltugyny çat. Ebtiňi düzet
— diýdi.
Suhanyň, tüweleme, dört gyzy, üç ogly bar. Uly
ogluny öýerip, iki gyzyny durmuşa çykardy. Oglundan agtyk gördi. Ikinjisine-de garaşyp ýörler. Ortanjy ogly bir ýyl bäri gullukda. Beýleki çagalarynyň üçüsem mekdep okuwçysy.
Agşama çenli Suhanyň öýünden örýänleriň ählisi
garrynyň ýolugan derdi barada eşitdiler. Ýöne hiç kim
onuň gürrüňini etmedi. Öýe sustluk aralaşdy.
Çagalaryň şagalaňy peseldi.
Nahardan soň Suhan:
— Ertir ir bilen motoryňy mün-de, Ogulkeýik ejeňlere
dep. Ogulkeýik ejeňi alyp gaýt, enem ýaranok diý.
Gaýdyşynyňam ýüzugra Ogulbolly ejeňlere sowlup
geç. Onam alyp gaýt — diýip, uly ogly Atagylyja
tabşyryk berdi
Garrynyň işdäsi görnetin peseldi. Akgyzyň getirip
giden unaşyndan göwünli-göwünsiz içdi.
Akgyz:
— Enesi, bi nä zat iýmänsiň-le? — diýip sorady.
— Ha-aý, jan gelin! — diýip, ol sesini endiredip aýtdy.
– Ärsiz heleýiň nahar bilen kän bir mazasy bolmaz.
Asyl bolmaz. Suhan jan ýanyňdaka sen ony bilýänem
dälsiň.
Akgyz sesini çykarmady. Unaşly tabagy alyp, çykyp
gitdi.
Suhan irgözinden ýatyş düşegine geçdi. Uklamady.
Böwrüne diň saldy. Onuň pikiriçe, ejesi basym
ölmelidi. Ýaşaýan zatlaryň ählisine ölmek üçin bahana gerek. Garry segsen bir ýaşady.
7
139