awadan
15.12.2024 14:10
Derdeserhekaýa 3-nji bölüm
Asyl bolmaz. Suhan jan ýanyňdaka sen ony bilýänem
dälsiň.
Akgyz sesini çykarmady. Unaşly tabagy alyp, çykyp
gitdi.
Suhan irgözinden ýatyş düşegine geçdi. Uklamady.
Böwrüne diň saldy. Onuň pikiriçe, ejesi basym
ölmelidi. Ýaşaýan zatlaryň ählisine ölmek üçin bahana gerek. Garry segsen bir ýaşady. Henize çenli onuň saglygyndan nalan ýeri ýok. Akylynyň üýtgemegi, ähtimal, onuň ölümine bahana bolar. Suhan Hudaýdan gaty nägile boldy. “Öňi-soňy ýygnajak bolsa dümew-sümew
diýen ýaly bir keseljik bilen ýygnaýmaly
dälmidir? Alýanyň şol amanat zadyň. Onam ile
masgara edip aljak. Ýa bi ýumruk ýaly görgüsiýamyň
çöderräk günäsi-dagy barmyka?… Toba etdim” diýip
içini gepletdi.
Akgyzyň mahaly bilen gözüne uky inmedi.
— Gyýw — diýip, ol ýatan ýerinden Suhana habar
gatdy. – Nememikä bi, wagtlaýynça bir zatmyka ýa
nemedýänçä…
Suhan janyýangynly gepledi:
— Men näbileýin-aý, men näbileýin? Men nä
palçymy, gurrandazmy, öňümi görüp geldimmi?
Akgyz göwni bir ýaly başga sowal berdi:
— Otörgünem-ä geçdi. Nämedenkä onda?
Suhandan jogap bolmady. Onuň diňe haşşyldap,
uludan demini alýan sesi eşidildi.
— Gyýw, nemedäýsek nädýä, ertir dogtora-zada
görkezäýsek, ä? — diýip, Akgyz dowam etdi.
— Hä-ä, indi şyhypanylyga ýetip barýaкka keselhana
salybam görgi baryny görkez oňa.
— Dogtorlar nä diňe keselhana diýer durar öýdýäňmi?
— Dogtora galsa, dälihana-da dykar.
— Toba etdim-eý, daş edewersin!.. Be-e, onda
nätsekkäk?
“Aý, başa gelenini görmeli bor-da” diýip, Suhan
içinden jogap berdi. Ýorgany serpip, aňyrsyna öwrüldi.
Akgyz gaýdyp geplemedi.
* * *
Goňşy otagda ýatan Hatyja gelin kän salymlap
dymansoň:
— Atagylyç! — diýip, äriniň böwrüne dürtdi.
— How.
— Ukladyňmy?
— Ýok.
— Atagylyç! Eneň öňem şeýle bolýamydy?
— Ýok.
— Nämedenkä ol?
— Bilmedim men-ä.
Sesini çykarman ýene biraz ýatansoň, Hatyja
gaýtadan:
— Atagylyç! — diýdi.
— Näme?
— Men-ä gorkýan.
— Kimden? Nämeden?
— Eneňden. Şu gije düýşüme-de girer şo.
— Gorkma, ýaňynda, ine, men bar-a — diýip, Atagylyç
Hatyjany gujagyny gysdy.
Eýsem, Hatyja düýşýnde näme görer? Atagylyjyň
pikiriçe, ol düýşünde garryny görmeli. Hatyjanyň
düýşünde garry märekäniň öňüne çykyp: “Gyýw,
oýnatgylar! Siz meni dälirändir öýdýäňizmi? Siz onda
barypýatan oýnatgy. Ha-ha-ha! Men-ä dälirämogam.
Men-ä ýöne oýun etdim. Siz nädýäkäňiz diýdim.
Bilgeşleinden dälirän boldum” diýer. Adamlar muňa
birhili bolarlar. Hiç kimiň ynanasy gelmez. Ýöne
garrynyň däliremändigini gepinden-sözünden aňyp, her kim onuň dälirese oňat boljakdygyny öz ýanyndan tassyklar. Atagylyjyň enesem adamlaryň pikirini, islegini bilen ýaly çyndan dälirär. Onsoň saçlaryny penjeläp, böker, gygyrar, adamlary kowalar. Adamlar, elbetde, öz islegleriniň bitenine begenişerler, hezil edinerler. Garrynyň halyna hiç kim gyýylmaz. Adamlar Atagylyjyň enesiniň betbagtlygyna heşelle kakarlar. Şol adamlaryň içinde, elbetde, Hatyja-da bolar… Onsoň bu düýşi nädip ýormaly? Atagylyç muny Hatyjadan sorady. Hatyja:
-Samsyk — diýdi. – Muň ýadyna düşüp ýören zatlary.
Köne dert garryny ukudanam kesdi. Suhan giçden
soň iki gezek gelip, habar tutdy. Ikisinde-de garry oňa:
— Özüni bilýän heleý ärsiz wagty ne gije, ne gündiz,
ýatybilmez. Ýatsa, ukusy haram bor — diýip, jogap
berdi. Suhan ýüzüni sallap, çykyp gitdi. Soň gelmedi.
Garra hiç kim düşünenok. Onuň adamlardan ullakan
zat hantamaçylygy ýok. Bitmez ýaly isleg däl. Bir
ärjagaz bolaýsa… Boýuna-syratyna guwanyp,
barmaklary bilen saçlaryny daraklar ýaly. Boýnundan
aslyşyp, jemalyna aşyk bolar ýaly. Gözlerine bakyp,
doýmaz ýaly. Garaz, söýer ýaly bir ärjagaz bolaýsa.
Ine, onuň bar islegi şü. Ol, ine, şu arzuwyň aýdymyny
aýdýar.
Gijäniň birmahallary garry ýadap, oturan ýerinde
uka gitdi.

Dowamy bar ☘️
8
88
alma___
15 Dekabr 2024
Dowamyna garaşýan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.