awadan
16.12.2024 16:53
Derdeserhekaýa 6-nji bölüm
Öňem bir gezek
şuňňaly bolupdy. Ho-o, biz ýumruk ýaly gyzkak. Sen-ä ony bilýän dälsiň. Ogulkeýik bilse, bilýändir. Aý, ýok, olam bilýän däldir. Meňem çalaja ýadyma düsýär-ä. Kakam ölende ýeldirgedi-dä. Ilk-ä esli wagtlap geplemän gezdi. Soňam birden akyly üýtgäýdi.
— Soň nädip açyldy? — diýip Akgyz sorady.
— O zatlar ýadyma düşenog-a. Ýne, ine edil şu oturan
ýerimizde çagşanja oraçamyz bardy. Senem şo wagt —
Ogulbolly Suhana barmagyny çomaltdy — näçe
aýlykdygyňy bilemok, özüň-ä emýädiň. Şonda sen-ä
oraçamyzyň içinde aglap ýatyrdyň, ejemem işikde
aýdym aýdyp otyrdy. Onsoň o Bibinabat gelnejem
geldi. Bi nemäň ejesi…
— Jepbaryň ejesi — diýip Suhan ýatlatdy.
— Hawa, şo Jepbaryň ejesi gelip, ejeme bar, gyýw, aç
öldürmejek bolsaň, çagaňy emdir diýipdi. Ana, şo
zatlar-a bilýän. Şo, çaky, ýeldirgäp ýören uçurlary
bolmaly.
— Onsoň emdirmi? — diýip Akgyz gyzyklandy.
— Kim bilýä? Emdirendir-le. O zatlar yadyma
düşenok… Ýo-o, gorkup oturasy zat ýok-la. Derrew
ýöne nemedip, açylar ötäýder. Zäk ýakyp görüň.
Ýüzärlik tütediň. Göz degen bolmagy mümkin.
— Men-ä ýaman gorkdum gyz. Dogtora-zada bir
görkezeliň diýdim — diýip Akgyz aýtdy.
— Ýo-o, dogtor nämä gerek?! Wagtlaýynça bir neme
ol. Ine, nädip açylanyny bilmänjik galarsyňyz.
“Gözem düzelermikä?” diýip, Suhan içinden sorady.
“Akly düzelse, gözem hökman düzeler” diýibem
içinden özüne jogap berdi. Daşyndan bolsa:— Belki, agzyňdan Hudaý eşitsin! — diýdi.
— Töwerek-daşyňyz bilenok dämi entek? Bildirmejek
boluň. Äý, gowy däl-dä. Pylanyň ejesi däliräpdir
diýseler abraýmy? Ýanyna del adam eltmäň.
Çagalaram goýbermaň — diýip, Ogulbolly sargyt etdi.
Ikindinler ol gaýdarman boldy. Atagylyç motoryna
mündürip, ony öýlerine eltip gaýtdy.
* * *
Şamlyk nahary garra Hatyja eltip berdi.
— Otur, gyzym, şujagaz yerde — diýip, garry ony
saklady. Hatyja oturdy.
— Sen, gyzym, menden zat gizleme, dogryňy aýtr.
Ynha, men telim ýyl bäri är tamamkinçiligi bilen
otyryn welin, bi sawçylyga gelýän ýok-la? Men ýaly
ärsiz heleý dünýede başga-da barmyka?
Hatyja bilemok diýen terzde eginlerini gysdy. Ol
garrydan ýaşynýardy.
— Hm, bilemok diýsene… Gyzym, meň ýerimde sen
bolan bolsaň näme ederdiň? Ärsiz galan bolsaň?
Hatyja ýakasyny tutup, çykyp gitdi.
Garry kime gönükdirilenligi näbelli äheňde sowal
yzyna sowa ýagdyryp ugrady.
— Bu dünýäň erkekleriniň içinde ýekeje artykmajy
ýokmy indi? Bütin erkek ähliniň içinde indi maňa är
boljagy ýokmy? Ýa meň bir ýerim kemmi? Niräm
kem? Owadanlygymmy? Haýsy heleý menden
owadan? Nämüçin heleýleň hemmesiniň äri bar-da,
meňki ýok? Nämüçin?
Garryny hiç kim eşitmeýärdi. Hatyja gapyny ýapyp
gidipdi.
“Ejemiň aklynyn üýtgänine, ynha, indi ikinji günüň
içi — diýip, Suhan pikir edýärdi. — Düýn bize kim geldi?
Düýn-ä hiç kim gelmedi öýdýän. Bu gün kim geldi?
Irden Ogulkeýik geldi. Ol hasap däl. Soň kim geldi?
Soň… Soň Ogulbolly geldi. Olam hasap däl. Başga
kim? Bi gaýraky goňşyň gyzy. O-da öýe girmän,
habaryny daşardan aýdyp gitdi. Diýmek, olam hasap
däl. Soň? Soň bi goňsulaň kiçi gelni süýt alyp gitdi. O-da hasap däl. Ondan soňam hiç kim gelmedi. Hä-ä, aý, bolýa-da…”
Öňler Suhan öýüniň gelim-gidimli ýer bolmagyny
islärdi. Dost-ýarlar bilen öýünde meýlis gurap,
oturmagy, şagalaň etmegi küýseýärdi. Ýöne ol diýeni
hiç bolmazdy. Ýaman ýeri, munuň sebäbini Suhanyň
özi-de bilmeýärdi. Mahal-mahal kellesini tutup, gaýga
giderdi. “Nämüçin meň öýüm sowuk? — diýip ol
oýlanardy. — Nämüçin meň öýümde meýlisler
gurlanok? Arak içmeýänligim üçinmi? Meň özüm arak
içmesem-de, öýümde meýlis gurlup, degşilip-gülşülse
arak berjeg-ä.

Dowamy bar ☘️
8
60
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.