Derdeserhekaýa 2-nji bölüm— Näm bolýa, eje? Ýaramajak bolýaňmy?
Garry terse bakdy. Sandyrawuk ses bilen:
— Ejeň ärsiz ötüp barýa, jan ogul, ärsiz! — diýip eňredi.
Suhan ejesine düşündi. Ol ärsiz ötürilen elli ýedi ýyllyk ömrüň ýasyny tutýardy.
Garry gaýtadan eňräp başlady:
Etseň, hyzmatyn etseň,
Tapyp, göwnüne ýetseň,
Uzak ýollara gitseň,
Äriň ölmedik bolsa.
“Ine,saňa gerek bolsa! Indi nätmeli? Il-gün näme
diýer? Näme etmeli?” diýen sowallar Suhana
eýýämden ejir çekdirip ugrady.
-Eý, Hudaý, eý, Alla, eý, toba! Biabraýçylyk.
Masgaraçylyk. Barypýatan masgaraçylyk. Özem ahyr
ýaşynda. Eý, Hudaý!.. — diýip, ol ýarym pyşyrdy bilen
samyrdady. Soň:
-Eje, eje! — diýip çykyp gitdi.
* * *
Suhan ejesi barada aýaly Akgyza hiç zat aýtmady.
Entek hiç kim bilmänkä nähilidir bir gudrat bilen
ejesiniň akylynyň, esasan-da gözleriniň öňki durkuna
dolanmagyny isledi. Umyt etdi. Açylar diýdi.
Onuň öýde-de oturasy gelmedi. Başyny alyp, nirädir
gaçyp gidesi geldi. Gaçyp baran ýerem mellegiň
aýagujy boldy. Mallara seredişdirdi. Oturyp çilim
çekdi. Oýa batdy.
Birmahallar, heniz oglan döwürleri Seýitli bilen
eden sene-menesi ýadyna düşdi. Dawanyň nämäniň
üstünde turanlygy belli däl, ýöne Seýitliniň diýen
sözleri hakydasynda galypdyr:
— Eý, seň bar-a, kakaň ölende bar-a, ejeň däliräpdirä.
Äre çykjak diýip, masgara bolupdyr-a.
Elbetde, şol gezek Suhan Seýitli bilen gyzyl
ýumruga girişendir. Soňam çola ýerde tenha özi
aglandyr. Ýöne bular ýadynda däl. Aldajy gyşlarda
enesini emýän guzujyk ýaly, oraçalarynyň ojagynyň
başynda ejesi bilen emişip ýatýandyklary huşunda…
Suhan bozuljak boldy.
— Gyýw! — diýip, aňyrdan alakjap gelýän aýalynyň
sesine ol ziňk edip gitdi.
— Gyýw, tur, gel bärik. Ejeň…
— Ýuwaş, how! Häk, seniň sesiň… — diýip, Suhan
hemleli gygyrdy. – Gohuň näme?
Suhanyň göwnüne bolmasa, ejesiniň akylynyň
üýtgänine Akgyz birhili begenýän ýaly bolup dur.
Äheňinde ýakymsyz dabara bar. Bi heleý tohumy şolar ýaly zada heşelle kakýa, hezil edinýä. Bulara tomaşa gerek. Betbagtlygy abraýdan ýeg görýärler.
— Näme, etek alty, ýeň ýedi, öň etegiňi dişläp, ylgap
ýörsüň… Begenýäňmi? — diýip, Suhan aýalynyň
mazaly badyny aldy.
— Begenerinmi, gyz?! Gürrüňiň nähili seň? Toba
etdim! – diýip, Akgyz ýakasyny tutdy.
Suhan aýalyny dem salym synlap:
— Bar, ondan-a köýnegiň goltugyny çat. Ebtiňi düzet
— diýdi.
Suhanyň, tüweleme, dört gyzy, üç ogly bar. Uly
ogluny öýerip, iki gyzyny durmuşa çykardy. Oglundan agtyk gördi. Ikinjisine-de garaşyp ýörler. Ortanjy ogly bir ýyl bäri gullukda. Beýleki çagalarynyň üçüsem mekdep okuwçysy.
Agşama çenli Suhanyň öýünden örýänleriň ählisi
garrynyň ýolugan derdi barada eşitdiler. Ýöne hiç kim
onuň gürrüňini etmedi. Öýe sustluk aralaşdy.
Çagalaryň şagalaňy peseldi.
Nahardan soň Suhan:
— Ertir ir bilen motoryňy mün-de, Ogulkeýik ejeňlere
dep. Ogulkeýik ejeňi alyp gaýt, enem ýaranok diý.
Gaýdyşynyňam ýüzugra Ogulbolly ejeňlere sowlup
geç. Onam alyp gaýt — diýip, uly ogly Atagylyja
tabşyryk berdi
Garrynyň işdäsi görnetin peseldi. Akgyzyň getirip
giden unaşyndan göwünli-göwünsiz içdi.
Akgyz:
— Enesi, bi nä zat iýmänsiň-le? — diýip sorady.
— Ha-aý, jan gelin! — diýip, ol sesini endiredip aýtdy.
– Ärsiz heleýiň nahar bilen kän bir mazasy bolmaz.
Asyl bolmaz. Suhan jan ýanyňdaka sen ony bilýänem
dälsiň.
Akgyz sesini çykarmady. Unaşly tabagy alyp, çykyp
gitdi.
Suhan irgözinden ýatyş düşegine geçdi. Uklamady.
Böwrüne diň saldy. Onuň pikiriçe, ejesi basym
ölmelidi. Ýaşaýan zatlaryň ählisine ölmek üçin bahana gerek. Garry segsen bir ýaşady.