Derdeserhekaýa soñySuhan jan, gyzlaryňa är gözläňde maňa-da gözläý
birini. Iki gyrnaga är tapan, üçünjinem aril eder-ä. Seň
üçin men keseki däl-ä. Ejeň-ä men…
Ogullaryň garran ene-atasyny arkasyna alyp, dagyň
aňyrsyndaky gowaga taşlap gaýdýandyklary
hakyndaky erteki Suhanyň ýadyna düşdi. Ol
ýumrugyny düňküldedip, taýly gezek ýere urdy-da,
atylyp çykyp gitdi.
Garry sesini endiredip, öňki heňine başlady:
Ärsiz günüň ötmez hiç,
Sabry-kararyň ýetmez hiç,
Dünýe seni utmaz hiç,
Ýanyňda äriň bolsa.
Tylla günüň batarmy,
Ýürekde gam ýatarmy,
Ajal ýakaňdan tutarmy,
Ýanyňda äriň bolsa?
“Çyndanam ärsiräpdir” diýip, Akgyz oýlanýardy.
Suhan bolsa ejesiniň sesini eşitmezlik uçin başyna
ýorgany büräp ýatyrdy.
Tüweleme, garry dokuzynjy onlugyň içinde.
Töwerekde onuň deň-duşy gaty seýrek. Umuman-a, bi çaklarda o ýaşlara ýetýänem ýok. Garaz, garry bir çene baryberipdir. Indi Hudaýyň beren amanadyny abraý bilenjik yzyna tabşyraýsa-da kem boljak däl. Dünýäniň azap-eşretinden bir ömre ýeterlik gördi. Başga näme gerek?
Suhan başga zat gerek däl diýdi. Ýüreginiň
garşysyna gitmäge onda erk ýokdy. Adamyň özüni
dünýä getiren ejesiniň ölümini isleýän halaty-da bar
eken.
* * *
Suhanyň kiçi ogly Nurgylyç ýaňy ymyzganan ejesini
oýaryp, şeý diýdi:
— Eje, meýdan etjek!..
Ol ejesi bilen daşaryk çykdy. Daşarda esli eglenip,
öýe girenlerinde Nurgylyç enesiniň ýanynda ýatarman
boldy.
— Öňki ýatýan ýeriňe nä suw çykdymy? — diýip,
Akgyz onuň al-petinden aldy.
— Enemiň jaýynyň çyrasy ýanyp dur. Ýagty.
— A çyrasy ýanyp duran bolsa nädip ýatjak? Çyra
gözüňe düşüp, ýatybilmersiň-dä.
— Ýataryn.— Ýatyber şu taýda.
— Çyrany ýak onda.
— Haý, keçje ýerýuwdan!
— Goýber, enesiniň ýanynda ýatsyn — diýip, Suhan
aýtdy.
Nurgylyç enesiniň otagyna düňk ýasady. Ol ýerde
eneli-ogul şeýleräk gürrüň etdiler:
— Nurgylyç jan, sen maňa är bolaý!
— Hä?
— Sen maňa är bolaý!
— O nähili?
— Men-ä seň gelniň bolaýyn, senem meň ärim!
— Aý, sen garrapsyň-a, ene.
— Hm, garramda näme?! Men saňa hyzmat ederin.
Aýdym aýdyp bererin. Men saňa tahýa-da tikip berjek.
— Tahýa näm bolýa?
— Tahýamy? Tahýany, ine, men tikip bolaýyn. Onsoň
görkezäýerin. Bolýamy?
— Haçan tikjek ony?
— Ine, häzir. Men tahýa tikmäge ýaman ökdedirin.
Gaýma gaýamakda, keşde çekmekde, nagyş salmakda öňüme bir heleý düşmez.
Nurgylyç başyny enesiniň dyzyna goýup ýatdy.
Derrewem uklady. Garry pessaýdan sandyrawuk ses
bilen aýdym aýtdy:
Gam-gussany syndyrar,
Müň gaýgydan dyndyrar.
Yşk-ataşdan gandyrar,
Ýanyňda äriň bolsa.
Garry Nurgylyjyň üstüne donuny çekdi.
Üşese don ýaparsyň,
Gözlerinden öpersiň,
Şatlygňy kim aparsyn,
Ýanyňda äriň bolsa!
Onuň ýadyna tahýaly gürrüň düşdi.
— Akgyz, aýu, Akgyz!
Akgyz bilen Suhan ylgaşyp, garrynyň ýanyna
geldiler.
— Siziň tapyp beren äriňiz derkaryma däl. Ine, gül
ýaljak ärim bar. Özüm tapdym… Hälki diýenlerimem
yzyna gaýdyp alýan — diýip, garry gujagynda derläp
ýatan Nurgylyjy görkezdi.
Suhanam birmahallar, ho-ol tirsek boýly oglanjykka
şeýdip, enesini emýän guzujyk ýaly, ejesi bilen
gyslyşypjyk ýatardy…
— Hä-ä, bolubilýä — diýip, Akgyz yzyna döndi.
— Nirä barýaň, gyýw? — diýip, garry Akgyzy saklady.
— Dur entek.
— Hä, näme?
— Sen maňa tahýalyk keteni bilen keşde çekilýän
iňňe tapyp ber. Iňňäňem sapyp getir. Eýesiz galmyş,
gözlem halys çöňňeläýipdir. Elimem sandyrajak bolýa.