Derdeser hekaýa7-nji bölüm Seň öýüňde adamlar şatlyk-şowhun edip otursalar, heý-de, olardan zat gysganyp bolarmy? Ýa meni garasöýmeziräk, gysygrak, syrnyhyrak göryälermikä?” Niçezar kelle dowse-de, Suhan munuň sebäbini bilim bilmezdi. Häzir welin öýüniň sowuklygyna, gelim-gidimli ýer däldigine oturyp, şükür etdi. Eger-de öýi gelim-gidimli ýer bolan bolsa, onda ol häzir beýdip arkaýyn ýatmazdy. Il içinde biabraý bolardy.
Ähtimal, adamlar Suhany kemis hasaplardylar. Ejesi
ýeldirgän-de bolsa, oglunyň aklynyň üýtgemänligine
aňsat ynanmazlar. Suhana şübheli bakarlar.
— Eý! — diýip, ol birdenkä aýalyna ýüzlendi. — Ejemiň
başyna janly aýdan dälsiň?
— Ýok.
— Aýt. Derdini dep et diý-de, aýt! Beladan-beterden,
howpdan-hatardan gora diý! Ýoluňa bir janly diý! Gara
janly aýt, gara! Eşidýäňmi?
— Bor. Eşidýän.
Suhan ynjaldy.
Akgyz gaýnenesiniň ýeldirgänini gaty geň gördi.
Onuň pikiriçe, akyly üýtgejek adamyň ilki bilen gepi-sözi üýtgemeli. Soň ýuwaş-ýuwaşdan akyl-huşy dagap başlamalydy. Emma Suhanyň ejesiniň akyly welin birden üýtgedi. Akgyz, ine, şuny geň gördi. Dek düýn günortanlaram garrynyň akyl-huşy ýerindedi ahyry. Toba, Toba! Ýeri, äre çykmak nireden kellesine
geldikä? Ogulkeýik bilen Ogulbolla-da “Men äre
çykjak. Maňa är tapyp beriň” diýipdir! Bu ýaşdan soň
äri nätjekkä? Şony özi ýaly segsenden geçen bir garry
adama äre berip goýberseň, näderkä? Ömrüni sallah
ötüren, sakgally-sarmykly adama berseň? Özüni
boýnuna zyňaýarmyka?… Akgyz gaýnenesiniň nätanyş bir gojanyň boýnundan aslyşyp duran görnüşini göz öňüne getirdi-de:
“Toba etdim, toba etdim!” diýip, ýakasyna tüýkürdi.
Suhanyň:
— Hä, näme boldy? — diýen soragyna-da:
— Hiç zat — diýip jogap berdi.
Ýatyljak bolnanda Hatyja Atagylyja şeý diýdi:
— Gyýw, häli bar-a, eneňe nahar eltdim-ä?
— Hawa?
— Şonda maňa näme diýenini bilýäňmi?
— Ýok. Näme diýdi?
— Aýdaýynmy?
— Hany, aýt!
— Neme diýdi, senden bir zat sorajak welin, dogryňy
aýt diýdi. Menem bor diýdim. Onsoň aýtdy, dünýäde
diýdi, menden başga-da ärsiz heleý barmyka diýdi.
Menem bilemok diýdim. Onsoň neme diýdi, meň
ýerimde sen bolsaň näderdiň diýdi, ärsiz galan bolsaň
diýdi…
— Sen näme diýdiň?
— Sesimem çykarmadym. Turdum-da, gaýdyberdim.
— Onsoň?
— Bolany şo.
— Näme geň gördüňmi?
— Ýo-ok-la.
— Ýeldirgän adamdyr-da. Ýataly…
Hatyjanyň: “Gyýw, ýogsa-da, birden sen ölüp, men
dul galaýsam nätmeli bolaryn?” diýip sorasy geldi.
Ýöne çekindi. Atagylyç bolsa ol hakynda eýýäm pikir
edip ýatyrdy. Dogrundan-da, Atagylyç ölüp, Hatyja dul galsa, nätmeli bolar?
* * *
Giçden soň Suhan ejesinden habar tutdy. Garry
ýatmandyr.
— Eje, henizem ýataňokmy? Çyrany öçüräýeýin?
— Çyra bilen işiň bolmasyn. Hany, gel, meň ýanymda
otur entek.
— Oturdym, eje, aýdyber.
— Aýtsam, köşek, häli Ogulbolly bilen Ogulkeýigede
aýtdym. Olaň-a etmejegini bilipjik durun. Ýöne sen
edersiň. Ederiňe tutsaň, edäýmeli sen.
— Näme ol, eje?
— Men bir ömrüni ärsiz ötüren heleý. Ölüm pilläm
tutmanka, är ysyndan ganar ýaly birini tapyp ber maňa,
ogul!
— Utanaňok-maý, eje! Ýa indi bar bolubulşiňmi şü?
— Tapyp ber, ogul! Häli Ogulbolly bilen Ogulkeýigede
aýtdym. Olardan maňa nowa ýok, ogul. Sen gaýrat
et!
— Il görse, eşitse, näme diýer, eje? Seň gürrüňiň
nähili? Sen utanman, şeý diýip otursaň, men ile nädip
çykaýyn? Maňa nä abraý gerek dälmi? Men ýene iki
ogul öýermeli. Iki gyz göçürmeli. Sen bu zatlary
bileňokmy?
Garrynyň äheňi üýtgedi.
— Hä-ä, gyzlaryňa är tapmaly-da, maňa tapmaly däl?
Şeýlemi?
— Saňa gep düşündirip bolmaýa, eje! — diýip, Suhan
uludan dem aldy.
Haýbat atany bilenem bolmajagyny bilip, garry
ýalbarmaga başlady:
Dowamy bar ☘️