awadan
19.12.2024 09:30
Owadan gyzyñ mañlaýyhekaýa 3-nji bölüm
Humaý: “Meň adymy nirden bilip ýörkä bi ýerçeken. Masgara janym, biriniň dulunda otyrkam bir haýasyza sataşaýdym-da. Kyýas bilse öldir meni” diýdi.
Ol oglanyň yhlasyny zor gördi. Mergen Humaýy gürletmäge ilgezik boldy. Pylan ugurdan okaýan, heniz öýlenemok, özüňiz ýaly meniklije maşgala bolsa öýlenäýmek hyýalymam ýok däl diýen ýaly Humaýyň teý gyzyklanmaýan zatlaryny aýdyşdyrdy. Ol welin sesini çykarmady, ne ýagşydan, ne ýamandan.
Ol Mergeni halamady. Ertesi olar üçünji gezek duşuşdylar. Mergen olaryň göni öýlerine geldi. Günortanlar. Gelşine-de gapyny kakdy. Humaý gapyny sesini çykarman açdy. Kyýas gelendir öýtdi. Mergeni görübem içini çekdi.
— Ertirden bäri daş çykmadyň-la bir gezegem. Häliden bäri saňa garaşdym men. Içiň gysanokmy öýde?
Humaý ýakasyny tutup, oňa git diýdi.
— Kowmasana, seni görmesem ýüregim gysyp, ölüp barýan.
Humaý pyşyrdap gepledi:
— Utanaňokmy biriniň heleýiniň üstüne atalap durmaga… Bar, git, şu ýerden abraýyň barka. Ärim ýatyr öýde.
— Aldama! Ol-a işe gitdi häli. Öýlän bäşden bärde gelmeýä. Bilýän-ä men.
Mergen gapyny iç ýüzünden ýapdy. Arkasyny diwara ýaplady-da, Humaýa çiňerilip seretdi. Humaý dagy nätjegini bilmedi. Ýüzüni kese sowdy. Şunuň ýaly ýagdaý ýüze çykanda näme etmelidigi barada öňünden pikir edip goýmandygyna ökündi. Iki sekuntlyk dymyşlykdan soňam:
— Bar, çyk, gyýw, meni biabraý etmejek bolsaň. Ilgün näme diýer – diýdi. Kesä bakyp durşuna Mergeniň birjik-de sarsmandygynam edil gözi bilen gören ýaly duýdy.
— Ärim biläýse öldir seni.
Şeý diýibem göni oglanyň gözlerine seretdi. Ol onçakly görmeksiz hem däl ekeni. Gözleri ýanyp dur. Humaý onuň garaklarynda yşkyň açlykdan surnugan keşbini gördi. Onuň didelerinden özüniň naýynjar keşbini hem tapdy.
— Gitjek, häzir gitjek.
Mergen hatda gözlerini-de gyrpmady. Örän parahat gepledi. Onuň ýüreginiň gürsüldisi Humaýyň alkymynyň aşagyndan eşdilip ugrady. Häzir Humaýyň bir-ä gözi gördi, birem gulagy
eşitdi. Galan zatlar togtady. Şu pursat ýüregi-de urmasyny kesäýdi öýdýän. Burun-a öz wezipesini unutdy. Aşhanadan gelýän köýen etiň ysyny alybilmese öz wezipesini unutdygy bolýa-da. Başga näm bolsun?! Soňky wakalara-da düşüner ýaly bolmady. Ýa-ha Mergen ony gujagyna gysdy, ýa-da ol Mergeniň gujagyna gysyldy. Bir zad-a belli, Humaýyň huşy başyndan uçdy. Huşy bar bolsa, Mergeniň boýnundan aslyşmazdy.
Humaý soňuny saýmady. Soňuny saýmaga wagtam bolmady. Wagt bolaýanda-da ol akylly-başly pikir edip biljek däldi. Beýnisi işlemeýän adam nädip pikir etsin?! Onuň huşy beýnisini terk etdi.
Humaý öldi. Ýaňyja-da Mergene: “Bar, git, oglan, iliň heleýi bilen näme işiň ba” diýip duran Humaý onuň gujagyna özüni oklady-da, öläýdi. Sojap-sojap dem alyp ýatyşyna hakyt öldi oturyberdi. Gutardy…
…Humaý ýedi minutdan soň direldi. Gözüni açmady. Ýöne direldi. Direlen badyna-da iňledi. Nämeleriň näderejede nähili bolup geçendigini bilesi geldi. Bilip bilmedi. “Nepesimi bir durlaýyn-la” diýdi. Süýndi. Barybir anyk aňşyryp bilen zady bolmady. Kösendi.
Çak urdy. Humaý göwresinde galan çaganyň Mergendendigine
şübhe etmedi.Göwrede çaga galany çyn. Humaý muny Kyýasa ýorganyň aşagynda aýtdy. Gorka aýtdy:
— Kyýas!
— Hm?
— Çaga galypdyr…
— Ä? Näme diýdiň?
Gara-gara, ümmülmez pikirler Kyýasyň ynjalyksyz beýnisinden bada-bat sypyrylaýyp bilmediler. Bilniksiz terk etdiler. Onuň ini jümşüldedi. Begenjinden. Görmese-de Humaý şuny duýdy.
Kyýas:
— Goýsan-aý, çynyňmy? – diýdi. – Çaga galypmy hakyt? Bildirýämi? Hany menem göreýin… Bir gatyja zat ba welin, şumy? Şudur. Bilýädim-ä men. Oglanjykmyka?
— Bilmedim men-ä.
— Oglandyr, men-ä oglan bolsa gowy görjek. Sen?
— Menem.

Dowamy bar ☘️
7
102
alma___
19 Dekabr 2024
Dowamyna garaşýan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.