amanmyrat
28.08.2023 20:54

11-nji bölüm. Amanat.


Garaňky çölüň imisalalygyny poýuzyň batly sesi bozýardy. Poýuz çölüň içi bilen kä çalt, käte haýal gidip barýarka, sagat eýýäm 2:38 bolupdy. Bu wagt poýuzda hemmeler diýen ýaly süýji ukudady, käbirleri bolsa poýuzyň sesine ýatyp bilenokdy. Emma 2-nji wagonda ýagdaý azyrak başgaçarakdy, has dogrusyny aýtsam, 2-nji wagonyň 1-nji küpesinde.

Myrat gözlerini açan wagty, birbada näme bolanyna düşünmedi. Bokurdagy we elleri agyrýardy, ýöne geň zat bu däldi, garşysynda eli-aýagy we agzy daňylgy Prowodnik otyrdy. Prowodnik Myrada, Myrat Prowodnige seredýärdi.


“Oýandyňmy Myrat?”

Ol derrew gapa tarapa seretdi. Gapyda Merdan aga durdy. Ol Myradyň ýüzüne ýylgyryp seredýärdi. Elinde-de gara guty bardy. Ol guty, Myradyň, tas ölmegine sebäp boljak gutusydy. Nämeleriň bolup geçeni Myradyň indi ýadyna düşüp başlady. “Prowodnik meni öldürjek boldy, soň bir urgy we bir ses...”, soňra hemme zat Myrada aýan boldy, “Ol ses, siziň sesiňizdi. Ýagny meni Prowodnigiň elinden siz halas etdiňiz”.

Merdan aga gutyny stoluň üstünde goýdy-da, gelip Myradyň gapdalynda otyrdy.

“Saňa hemme zady aýdyp berjek Myrat, ýöne ilki bilen, meni bagyşla. Gutudaky amanat sebäpli, tas seni öldürjekdiler. Eger saňa bir zat bolsady, özümi hiç wagt bagyşlamazdym.”

Merdan aganyň gynanyp oturmagy Myrada täsir etdi we bu bolan zatlaryň onuň günasi däldigini aýdyp, Merdan aga göwünlik berdi. Soňra “Maňa hemme bolan wakany aýdyp beriň indi” diýip, Merdan aga soragly nazar bilen seretdi.

“Bolýar saňa hemme zady gürrüň berjek!” diýip, Merdan aga ylalaşdy.

“Ilki bilen,saňa kimdigimi aýdaýyn. Men bir hökümet adwokaty. Hakyky adymam Merdan däl, Dawut.”

“Dawut?!”

“Howwa, Dawut. Wakany gysgaça gürrüň bereýin. Geçen ýyl uly bir işiň üstünden bardym. Birtopar daşary ýurtly we ýurt içinden adamlar jemlenişip, garaňky işlere baş goşupdyrlar!”

“Meselem, nähili garaňky işler?”

“Gadagan edilen derman serişdelerini, çilim, nas önümlerini ýurduň içine sokmak, ogrylara, jenaýatkärlere kömek etmek, garaz, nähili garaňky işler bar bolsa hemmesini edýärdiler.”

“Prowodnik “amanat Başlyga gerek” diýip aýdypdy. Başlyk diýenleri kim?”

“Başlyk, bu işiň başyndaky adam. Hiç kim onuň adyny bilmeýär. Şonuň üçin hemme oňa Başlyk diýýär. Aslynda bular, bu aýdan işlerimiň hiç haýsysyny özleri etmeýärler. Olar perdäniň aňyrsyndaky adamlar ýaly, hemme jenaýatkärlere, ogrulara buýruk berýär, buýrugy alanlar bolsa, olaryň işini edýär. Şu sebäpden hiç kim olary tanamaýar, menden başga hiç kim!”

“Hiç kim olary tanamýan bolsa, siz nädip olary tapdyňyz?”

“Dogrymy aýtsam, bu uzyn bir hekaýa. Gysgaça, biri kömek etdi diýeli!”

“Düşnükli. Ýene bir soragym bar. Eger adyňyz Dawut bolsa, onda näme üçin Merdan ady bilen poýuza mündüňiz?”

“Sebäbi, men olar hakynda köp maglumat tapdym. Olaram meni ýok etjek bolup, her zat etdiler. Onam oňaryp bilmediler. Iň soňunda-da öýümi otladylar. Menem olara garşy hereket etmesem, has beterini ederler diýip oýladym we derrew hereket etmäge başladym. Ilki bilen, tanyşlarym bilen habarlaşdym. Olaram maňa maglumatlary Daşoguza getirmelidigimi aýtdy. Menem Merdan diýen dostumyň adyndan özüme bilet aldym. Näme üçin başga biriniň adyndan aldym? Sebäbi meni hemme ýerde gözleýärdiler we tapan badyna meni öldürerdiler. Köp kişi diňe adymy bilýärdi. Şonuň üçin adymy üýtgedip, Daşoguza gaýtdym. Ýöne amanady bu poýuzdan ugratjagymy bilipdirler we maňa duzak gurupdyrlar. Şansym bar eken, meni tanamdylar. Ýöne amanadyň nirededigini bildiler we aldylar.”

“We sizem, men alandyr diýip oýladyňyz, şeýlemi?”

“Ilki başda sen alandyr diýdim, ýöne gutyny gözläp ýörendigiňi görensoň, ýalňyşandygymy bildim. Soňra menem seni yzarlap başladym. Gutyny tapjagyňa bir sebäpden ynanýardym. Bu küpe girip, çykmandygyňy görensoň, bir zadyň tersdigine düşündim. Girip görsem, Prowodnik seni öldürjek bolup dur eken, menem seni halas etdim. Ine hemme bolan waka. Prowodnik gutudaky amanady, ýagny fleşkany alypdyr. Jübüsinde ýok eken, uly ähtimallyk bilen,poýuz gidip barýarka, penjireden zyňyp goýberdi. Maglumatlary şeýdip ýok ederin diýip oýlady.”

“Ýöne ýok edip bilmedi, sebäbi ol fleşkadaky zatlar maglumatlar däldi. Hakyky maglumatlar hälem gutuda!”

“Sen... nireden, nädip bilýäň?!”

Myrat ýylgyrdy we ýerinden turdy. Ol gutyny eline aldy we hemme tarapyna seredip başlady. Soň gözlän zadyny tapdy, gutynyň daşky tarapynda bir çukurjyk bardy. Myrat ol çukurjyga süýem barmagyny sokdy we iteledi we gutynyň içindäki esas bölegini ýerinden gozgatdy.

“Prowodnik meni bogup, krowada ýykydanda,bir zada üns berdim. Gutynyň içki esasy daşyndakydan beýikde durdy, ýagny gutynyň içinde ýene bir boşluk ýer bolmalydy. Bu boşluk ýer kiçidi. Eger meniň sereden tarapymdan seretmese, hiç kim muňa üns bermezdi. We dogry bilipdirin”, boşlugyň içinde gutynyň esasyna ýelmenen başga bir fleşka bardy.

“Sen hakyndaky pikirlerim dogry ekeni. Sen çyndan akylly we ugurtapyjy oglan ekeniň!”


Jemleýji bölüm.


Poýuz sagat sekiz töweregi Daşoguza bardy. Hemmeler poýuzdan düşüp, wokzala tarap ýöräp barýardy we köpçüligiň içinde Dawut aga bilen Myrat hem bardy. Poýuzdan düşensoň Prowodnigi we Serdary polisiýa tabşyrdylar.

Durdynyň ýagdaýyny bilensoň, Dawut aga oňa kömek etmekçi boldy we oňa gowy aýlykly iş teklip etdi we ejekesiniň keseline hem ökde lukman bilen gepleşip, bejergi töleglerine hem kömek etjekdigini aýtdy. Durdy bu teklibi kabul etdi we Dawut aga alkyş baryny aýtdy, indi bu işleri etmejegine-de söz berdi.

Wokzalyň çykalgasyna gelenlerinde Dawut aga Myrat bilen hoşlaşdy we oňa nesihat berdi: “Özüňe gowy seret Myrat we beladan hem daşda dur! Nesip bolsa, ölmesem, ýene bir gün hökman duşuşarys!”. We Myrat bilen gujaklaşyp, hoşlaşdy.

Dawut aga gidip barýarka Myrat yzyndan seredýärdi, “Nähili täsin bir gün boldy, ilki ogry diýip töhmet ýapdylar, soňra öldürjek bolduar. Syrlardan doly poýuzda, başdan geçirme. Esasy syr, poýuzyň syry däl-de, poýuzdaky adamlaryň syrlary eken!”.

Howa salkyndy, şonuň üçin Myrat kurtkasyny geýdi. Daşarda Myradyň ejesi we dogany garaşyp durdy. Olary görüp, Myradyň ýüzünde ýylgyryş peýda boldy.

“Näme bolsa-da, bu başdan geçirme täsin we gyzyklydy, ýöne tamam boldy. Syr çözüldi we hemme zat gutardy!”

Ol üşäp, elini jübüsine sokdy. Onuň jübüsinde bir zat bardy, bir kagyz. We bu kagyza seredip, Myradyň soňky pikirleri düýpgöter üýtgedi:

“Belki-de hemme zat, indi başlaýar!”


Soňy. 🔚


👉Bellik: Hekaýa göwnüňize ýarandyr diýip, umyt edýärin. Eger içiňizde hekaýany doly okanyňyz bar bolsa, teswirlere öz düşünjeleriňizi we pikirleriňzi ýazyň!



🤔 Bu hekaýanyň dowamyny başga bir hekaýada ýazjak bolýan. Şunuň ýaly ýene bir hekaýa goýaýynmy, pikirleriňizi ýazyň!

33
325
amanmyrat
27.08.2023 21:42
9-njy bölüm. 1-nji küpeniň syry.

“Hemme zat görünişi ýaly bolsady, eliňe alan deňiz suwuň gök reňkde bolardy”
Anonim

Küpede hiç kim ýokdy. Aslynda küpeniň içi ap-arassady. Bu küpede hiç kimiň ýatmandygy Myrada-da aýandy. Ol küpe girenden, stoluň üstündäki gara guta gözi düşdi. “Ýogsa, bu guty... howwa, bu Merdan aganyň gutusy. Ölçegleri we reňki Merdan agaň aýdyşy ýaly. Ýöne bu guty bu ýerde näme işleýär. Muny bu ýere kim getirdi, Serdarmy?”. Soňra ol bir hatar küpeniň içine göz gezdirdi. Küpeniň aşakdan 1-nji krowadynda eplengi duran mata-marlyklar bardy. 2-nji gatyň 2-nji krowadynda ýassyklar ýa-da ýükli sumkalar üsti ak mata bilen ýapylgy ýagdaýda durdy. Stoluň üstünde bolsa, gutudan başga hiç zat ýokdy. Galan ýerler bolsa arassajady.
Myrat gutyny alyp, Merdan aga eltip bermekçi boldy. Soňra pikrini üýtgetdi, “Bu guty sebäpli, başyma gelmedik bela galmady, hatda ogry ýerinde hem goýuldym. Näme sebäpden bu guty hemmä gerek bolduka?” we Myrat gutyny açyp gördi. Gutyň içinde rezin bilen saralan pullar bardy. Pullar az-owlak hem däldi, ýöne gutuda puldan başga zat ýokdy. “Merdan aga “Gutuda pulum we amanat bar” diýipdi. Hany onda, amanat diýen zady niredekä?”. Ol indi Serdardan has köp şüphelenip başlady. Soňra, duran ýerinden gözüne bir zat ildi, sary bir zatdy, sary bir "el". Ol gutyny şol ýerde goýdy-da, 2-nji etaždaky üsti örtülgi matany aýyrdy we şol wagt näme oýlajagynam bilmedi. Sebäbi 2-nji etaždaky zat ýükli sumka däl-de adamdy, ol Serdardy. Myrat okuwda wagty, ilkinji kömekden sapaklary öwrenipdi. Ol şol wagt derrew özüne geldi-de, Serdaryň dem alşyny, ýürek urgusyny we endamynyň ýylylygyny barlady. Hemme zat ýerli-ýerindedi. Ol Serdary yralap oýarjak boldy.
“Ol intäk oýanmaz!”
Arkansyndan gelen sesi eşidip, derrew yzyna öwrüldi we gapydaky tanyş ýüzi gördi, “Sen...”.

10-njy bölüm. Gizlin syrlar açylýar!

Gapynyň öňünde Myradyň hiç oýlamadyk adamy durdy.
“Ol intäk oýanmaz. Şu wagt ukuly iňňäniň täsirinde. Ertire çenli ýatar, belki birigünem ýatar. Iňňe gaty güýçli. Ýöne sen şansly oglansyň. Mundan soň näçe köp isleseň ýatyp bilersiň, turman!”
Gapydaky Prowodnik duýgusyz ýagdaýda ýylgyrýardy. Elindäki uzyn pyçagyny Myrada tarap bakdyryp durdy. Myrat nämeleriň bolanyna az kem düşündi, ýöne ol şol wagt öljegine hem düşündi. Şonuň üçin iň gowy çykalga, Prowodnigi gepledip, güýmemelidi. Prowodnik gapyny ýapyp, Myrada tarap ýöräp başlady. Myrat sowukganly ýagdaýda özüne erk etdi we soraglaryny sorap başlady.
“Serdar gutyny aldy gerek, şeýle dälmi. Ýöne bu iş bilen seniň näme dahylyň bar, men şoňa düşünmedim?”
“Köp sorag soraýaň, Myrat. Başda ogurlygy boýun alyp, jerimäni tölän bolanda, belki indiden soň ýaşardyň!”
“Men etmedik hiç bir işimi boýun almaýan. Serdary bu poýuza sen saldyň, şeýle dälmi. We ikiňiziňem isleýän zadyňyz gutudaky amanat. Ýöne näme üçin size bu gutudaky zat gerek?”
“Gutudaky zat bize gerekdäl, Başlyga gerek. Aslynda bu işi Serdar çözmelidi, ýöne oňaryp bilmedi. Sumkany gowy edip ýerleşdirmändir, akmak (Şol wagt Serdara seretdi). Başlyk meni Serdaryň yzyndan ugradypdy. Eger ol bu işi oňaryp bilmese, men kömek etmelidim,kömek hem etdim. Seni ogry edip görkezdim, hemme muňa ynandy we hiç kim Serdardan şüphelenmedi. Esasanam ýarymkelle Merdan muňa ynandy (Ýüzünde şol wagt ýylgyryş peýda boldy). Serdara senden dynmalydygyňy aýtdym. Ol ýöne bir ýetginjegi, doganyna meňzeş oglany öldürip bilmejekdigini aýtdy. Soňra saňa hemme bolan wakany aýtjak diýip ýerinden turan wagty, ony bu küpede iňňe (ukol) bilen uklatdym. Indi bolsa senden dynaryn”
“Ýagny hemme zat, Serdaryň garry ejesi, Aşgabada işlemäge gideni we ş.m. ýalandy. We hemme bu ýalanlar, diňe gutudaky amanady almak üçindimi?”
“Indi düşünip başladyň. Ýöne hemme zada giç düşündiň”, Prowodnik birden Myradyň üstüne okduryldy. Myrat şol wagt, çalt refleks bilen gyra çekildi we Prowodnigiň pyçakly sag goluna tirsegi bilen bat bilen urdy we Prowodnigiň elindäki pyçak ýere gaçdy. Myrat pursatdan peýdalanyp, pyçagy aljak boldy, ýöne Prowodnik ondan öňürtledi we bar güýji bilen Myradyň bokurdagyna ýapyşdy. Ol Myrady aşaky 1-nji krowada tarap ýykdy we Myrady bogmaga başlady. Myrat çabalanýardy, ýöne Prowodnik hem ondan haýaldäldi (bar güýji bilen Myrady bogýardy). Myradyň demi ýetmän, ysgyndan gaçyp başlady. Ol töweregine seretdi (Prowodnigiň kellesine bir zat bilen urmak üçin) we şol wagt guta gözi düşdi. Gutudaky bir zat, Myradyň ünsüni özüne çekdi, “Bu mümkin bolup bilermi? Elbetde mümkin!”. Ol gutynyň üýgeşik tarapyny indi görüpdi, ýöne muny inddiden soň, belki, hiç kime aýdyp bilmezdi. Myrat halys özünden gider derejä ýetdi, gulagy eşidenak, gözi görenakdy. Şol wagt bir zat boldy, bir ses, we biri gygyrdy we soňra güýçli (TARP!) ses.
Myrat bulary ýarym oýaly ýagdaýda duýýardy. We biriniň elini hem duýdy we sesini...
“Hemme zat geçdi, saňa hiç zat bolanak Myrat!”

Dowamy bar...


👉Bellik: Indiki postda jemleýji bölümi goýaryn.
39
302
amanmyrat
23.08.2023 23:43
7-nji bölüm. Ýygnak.

Gijäniň bir wagtynda näbelli bir ýerden eşidilýän gozgalaň-sesler hemmäni birahat edýärdi. Emma hemme diýenimem, bu uly, penjireleri gara perdeler bilen ýapylan zaldaky adamlardy. Ýygnak gyzgalaňldy, adamlar biri-birini diňlemän gürleýärdiler. Otagda 5 adam bardy, emma sesleri 5 adamyňky däl-de, 10-15 adamyň sesi ýalydy.
“Indi nähili bolar?”, “Polisiýa üstümüzde, bizi gözenege tykmak üçin sebäp gözleýär.”, “Bu işi çözüp bolar diýipdiňiz! Hany çözülen iş, gaýta hemme zat beter boldy”
“Goýuň sesiňizi!”, Başlygyň gür sesini eşidensoň, hemme sesini goýdy. Soňundan kelte boýly, garaýagyz, daýaw adam dymyp oturyp bilmän, gepläp başlady:
“Sen “Bu işi çözerin!” diýipdiň, Başlyk. Hany çözülen iş, hemmämiz inçe gylyň üstünde şu wagt. Eger Dawudyň elindäki maglumatlar polisiýanyň eline düşse, barymyzyň soňy garaňky”
“Dawudyň şu wagt, nirededigi belli däl. Soňky gezek gorkuzandan soň bir ýere gürüm-jürüm boldy. Öýüni otlansoň, bizden öňküden hem beter gorkdy. 1 hepdeden bäri polisiýa hem biz hem ony tapyp bilemzok. Gör, belki bizden gorkup, özüni öldürendir.” diýip, başlyk keýpli ýagdaýda gürledi.
“Eger Dawut özüni öldüren bolsady, mundan habarly bolardyk. Bul adam gaty akylly. Onuň ýok bolup gitmeginden gorkmaly diýsem hem ýalňyş bolmaz”
“Sen bu Dawudy gaty köp gözüňde ulaltdyň. Olam bir hökümetiň adwokaty. Bize garşy durup biljek adam däl ol. Yzyndan 2 içaly goýberdim. Şu wagta çenli ölmedik bolsa-da, hökman indidensoň öler. Elindäki maglumatlardan hem gorkup oturmaň. Ol meseläni hem çözdüm men!”. Şeýlelikde, ýygnak tamam boldy. Hemme gidensoň Başlyk ýeke galdy we öz-özi pikirlendi:
“Dawut meselesi ertir doly tamam bolar!”

8-nji bölüm. Durdynyň hekaýasy.

“Gowy tanaman, hiç bir adam hakynda netije çykarma.”
Paul Auster

Myrat sumkaň içindäkileri görüp haýran galdy. Sumkaň içinde birtopar gadagan edilen derman serişdeleri, spirtli içgiler, çilimiň, nasyň dürli görnüşleri, gysgaça poýuzda gadagan edilen näçe zat bar bolsa, hemmesi şu sumkaň içindedi. Myrat gözüniň gytagy bilen Durda seretdi. Durdyny şakga der basypdy we dilini ýuwdan ýalydy. Myrat küpedäki hemmä seredip çykdy, ýöne hiç kimden ses çykanokdy. Ahyry sessizligi ýokarda oturan daýaw oglan bozdy. Ol aşak düşdi-de, gele-gelmäne Myradyň ýakasyna ýapyşdy, “Biziň işimize burnuňy sokma, ýogsa seniň ýigrenji burnuňy keserin, eşitdiňmi”, diýip Myrada haýbat atdy. Myrat 5 sekunt ýaly durdy-durdy, birdenem ýaňky oglanyň içine urdy-da, bir elinden ýapyşyp gaňyrdy we oglany ýere ýykdy. Bu gaty çalt bolup geçipdi, hiç kim näme bolanyna düşünip ýetişmedi. Görseler, ýaňky oglan ters ýagdaýda ýerde çabalanyp ýatyrdy, Myradam oglanyň üstünde otyrdy. “Indi kim gelýär!” diýip, Myrat gaharly gepledi. Hiç kim onuň ýanyna barmaga milt edip bilmedi. Soňunda Myrat Durda seretdi-de, geplemäge başlady.
“Indi maňa näme bolanyny aýdyp berjekmi ýa-da Prowodnik bilen bile geleýinmi!”. Durdy azyrak köşeşen ýaly boldy-da, geplemäge başlady. “Men bu işleri etmek niýetim ýokdy. Ýöne muňa mejbur boldum. Biz 5 dogandyk, 3 gyz 2 oglan. Men 2-nji çagadym. Menden uly 1 ejekem bardy. Men 16 ýaşymdakam kakam nähak ýere türmä gitdi. Ol türmä gidensoň, diňe ejem we doganlarym bolup galdyk. Biziň durmuşymyz gaty agyrdy, kakam ýok bolansoň ejem bäşimize hem seretmeli bolýardy. Öýde iýere çörek hem ýokdy. Men şol wagtlar işleýärdim, näme iş bolsa edýärdim. Ejekem jigilerimi gözleýärdi, öýdäki ähli işi ol edýärdi. Wagt geçdi. Iň kiçi jigim agyr bir kesel tapyp, ýogaldy. Ol ýogalanda men 18 ýaşymdadym, ol wagtlar häli orta mekdebi okaýardym. Soňra okuwy gutaryp, gulluga gidip geldim. Gelsem hiç zat öňküligine galmandyr. Kiçi erkek doganymy, biriniň maşynyny ogurlap satany üçin türma basypdyrlar. Gyz jigim bolsa obadaky bir oglandan göwreli bolup, äre gaçyp gidipdir. Ejem hem bu bolan zatlara çydap bilmändir. Ol hem soňundan başga birine durmuşa çykyp, ejekemiň ýeke özüni goýup gidipdir. Şol zatlary görensoň, men ejekeme söz berdim, ony we özümi hiç zada zar etjek däldim. Ikimize-de özüm seretjekdim. Şondan soň TDLU okuwyna egzamin tabşyryp gördüm we egzminlerden geçdim. Indi talypdym. Ýöne pul meselesi bardy, hem okuwyň tölegleri, hem iýmit, egin-eşik we ş.m. zatlar üçinem pul gerekdi. Üstesine-de ejekem agyr keselläpdi. Indi onuň derman-serişdelerine-de pul gerekdi. Ilki başda dükanlarda işläp gördüm, ýöne ol ýerden tapan pulum hiç zadyma ýetenokdy. Soň şu küpedäki oglanlar bilen tanyşdym. Şu sumkadaky zatlary Daşoguza eltip, bermeli adama berseň pul alýardyň. Iş howpludy, ýöne pulam gowudy. Küpede wagtyk, siz gidensoň sumkany ol ýerde saklamagyň dogry däldigine düşündim we talyplaryň küpesine eltdim. Sumka agyrrakdy, sag-bolsun, Serdar göterişip, kömek etdi. Soňundanam garry ejesiniň ýanyna gitdi. Indi hemme zady bilýäň Myrat. Aýdyp, aýtmazlyk indi seniň kararyň. Ýöne bilip goý, men bu işleri etmäge höwesli däl, ýöne ýaşamak üçin muňa mejbur bolýaň.”
Myrat ony diňläp bolansoň, sumkaň agzyny ýapdy we hiç zat diýmän daşary çykdy. Küpeň gapysyny ýapansoň öz-özi pikirlenýärdi, elbetde Durdyny Prowodnige aýtmak niýeti ýokdy. Myradam kakasyz ulalmagyň nähilidigini gowy bilýärdi. Öň edebiýat mugallymynyň aýdan bir sözi onuň ýadyna düşdi: “Her bir adam kitap ýalydyr. Kitabyň esasy aýratynlygy onuň daşy däl-de içindäki ýazgylarydyr. Edil şonuň ýaly adamyň hem esasy daşky sypaty däl-de häsiýeti, başdan geçiren durmuşydyr. We kitaby okaman netije çykaryp bolmaýşy ýaly, adamy hem tanaman netije çykaryp bolmaýar” Mugallym bu sözi gaty dogry aýdypdyr.”
Soňra birden Durdyň aýdanlary ýadyna düşdi: “Serdar göterişip, kömek etdi? Serdar eýse maňa beýle diýip aýtmady. Näme üçin?”. Soňra başga bir zat ýadyna düşdi: “Serdaryň garry ejesi bilen gepleşip görmedim. Belki ol maňa Serdar ýanyna geldimi-gelmedimi dogrusyny aýdar.” We 1-nji küpe tarap ýöredi. Küpeň gapysy ýapykdy. Myrat ilki durup gapyny diňledi. Gapydan ses-seda eşidilmeýärdi. Soňra gapyny açjak boldy, emma gapy ilteşip galypdy we açylanokdy. Myrat bar güýjüni jemläp, gapyny bat bilen çekdi we gapy açyldy. Myrat içeri girip gördi we geň galdy. Indi kellesinde has başga soraglar peýda bolup başlaýardy. Ol ýöne şu wagt ýekeje soraga jogap tapmalydy:
“Näme bolýar bu poýuzda?”

Dowamy bar...
33
250
amanmyrat
20.08.2023 19:39
5-nji bölüm. Plan.

"Üstünligiň syry bir işe gowy başlamakdyr. Gowy başlamagyň syry, dogry plany düzmekdir."
Andre Gaýd

“Guty nirede?”, Myradyň esasy jogap bermeli soragy şudy. Ol küpeniň daşyndaky oturgyçlaryň birinde otyrdy. Onuň oturan tarapyndan seretseň öz küpesindäki oturan adamlar görünýärdi. Myrat gutyny gözlemäge başlamylydy, ýöne ilki nämeden başlamaly? Ilki bilen plan düzmelidi, bolup geçen hadysa barada pikir ýöretme etmelidi. Esasy soraglary düzmelidi. Myrat eline kagyz we galam aldy we soraglary ýazmaga başlady:
1. Gutyny kim aldy (ýa-da çyndan alyndymy) ?
2. Gutyny haýsy wagt aralygynda aldylar?
3. Gutuda pul we amanat bardy, alan adama pul gerekdimi, ýa-da amanat, ýa-da ikisi hem gerekdimi?
4. Esasy sorag: Guty şu wagt nirede?
“Aslynda gutynyň ýitenem nämälim, belki Merdan aga ony bilip ýitirdi. Belki maňa töhmet ýapmak üçin gutyny aldy we bu menden pul aljakdyr. Ýöne şu wagta çenli ol “pul almak” barada hiç zat aýtmady. Ýöne şonda-da bu ähtimallygy göz öňünde tutmaly. Osonam gutyny kim alyp biler? Hajathana gitmegimi, Geldi bilen gepleşip durmagymy hasaba alsak, çen-çak ýarym sagat küpede däldim. Guty ýarym sagadyň içinde alyndy. Hajathana tarapdan hiç kim geçmedi, diýmek ony şu wagondan biri aldy ”. Soňra Myradyň ýene bir zat ýadyna düşdi: “Merdan aganyň 3 sumkasy bardy. Ýöne diňe 1 sumkasyny ýanynda saklap otyrdy we ol sumkada-da guty bardy. Diýmek gutyny alan adam onuň haýsy sumkadadygyny bilýärdi. Onda 2 netije gelip çykýar, ýa gutyny alan adam, Merdan agany poýuzdan öňem tanaýardy we yzarlady, ýa-da (gorkuly ses tony bilen!) gutyny biziň küpeden biri aldy!”. Ýöne kim, esasy şony tapmalydy. Myrat ilki Durdydan şüphelendi. “Poýuza münenimizden bäri rahat däldi we aljyraňly ýagdaýdady. Bir zat gizläp oturan ýalydy. Belki gutyny şol aldy. Ýöne ilki ýarym sagadyň içinde kimiň nirede bolanayny anyklamaly, ilki delilleri tapyp, soň pikir ýöretme etmeli. Bolmasa ýalňyşmagym mümkin. Öňem biri aýdypdyr “delil tapman öňünden pikir ýöreden adam iň uly kördür”. Onda küpedäkiler bilen ýeke-ýekeden gepleşmeli. We hökman bu gutyny tapmaly!”


6-njy bölüm.

Myrat ilki Merdan aga bilen gepleşdi. “Merdan aga, men seniň gutyňy tapyp berjek, ýöne senem maňa azyrak kömek et. Men çykandan soň küpe başga biri geldimi?”, “Sen meniň bilen oýun edýäňmi, sumka eliňdedi, içinde gutam ýokdy we sen kimiň alanyny tapjak diýýäňmi?”. Myradyň sabyr käsesi dolup başlapdy. Şonda kakasynyň aýdan bir sözi ýadyna düşdi: “Oglum, gaharly bir adamy gahar-gazap bilen däl-de, hoş söz bilen ýeňip bilersiň. Sebäbi adam gatnaşyklary edil aýna mysalydyr, eger sen näçe gaharly bolsaň, garşyňdaky adamam şonça gaharly bolar. Eger sen mylakatly bolsaň, garşyňdaky adamyňam gahary köşeşer. Şu sözümi ýatdan çykarmagyn!”. Myrat uludan dem alyp, az-kem köşeşdi. Soňra has gowy ses tony bilen gepläp başlady, “Gutyňyzy men almadym we size gutyňyzy alan adamy tapyp berjek. Ýöne sizem maňa kömek ediň.”. bu sözlerden soň Merdan aga az-kem köşeşdi we razylaşdy, soňra-da gürrüň bermäge başlady: “Sen gidensoň ilki Serdar çykdy küpeden, “Garry enemden habar alyp geleýin” diýip gitdi. Ondan soň hem men çykyp gitdim.”, “Küpede diňe Durdy galdymy?”, “Howwa, olam ýöne “kursdaşlarym bilen oturjak”
diýipdi, menden soň olam çykyp giden bolmaly”, “Düşnükli, bolýar, sag boluň Merdan aga. Size söz berýän, hökman gutyňyzy tapyp bererin!”
Myrat soňundan Serdar bilen gürleşdi. Ol Myradyň küpesinde oturan eken. Ol salamlaşandan soň, soraglaryny sorap başlady:
“Küpeden ilki sen çykyp gidipsiň dogrumy?”
“Howwa, garry enemden habar alaýyn diýdim.”
“Şol ýarym sagadyň içinde hiç üýtgeşik, geň bir zat gördüňmi?”
“Aslynda, geň bir zat boldy. Daşardan ses gelip durdy. Menem näme bolduka diýidim we gapydan boýnumy uzadyp seretdim. Şonda Durdyny gördüm. Elinde goňur reňk sumka bilen, çalt ädimläp gapdal küpe ýöräp barýardy. Dogrymy aýtsam, näme üçin eýdip ýöreýänine kän bir düşünmedim.”
“Ýene bir soragym bar, näme üçin gutyny men almadym diýenimde, meniň tarapymy çaldyň? Maňa näme üçin ynanýaň?”Serdar birden dymdy, bir zady aýtjak bolup, aýdyp bilmän duran ýalydy we geplemäne başlady: “Sebäbi, sen maňa jigimi ýatladýaň. Eger häzir ýaşan bolanda, olam seň ýaşyňda bolardy”
Myrat näme diýip jogap berjegini bilmedi, bokurdagy doldy. Ol hoşlaşyp çykyp gitjek bolanda Serdar ony saklady, “Myrat, men saňa ynanýan.Ýöne habardar bol. Sen hökmän gutyny taparsyň!”. Serdar Myrada içden ýylgyrýardy. Myradam oňa şeýle garşylyk bilen ýylgyrdy. Soňra Durdy bilen gepleşeýin diýip talyplaryň küpesine gitdi. Gapy ýapykdy.Talyplaryň küpesinden sesler eşidilýärdi. Myrat durup gapyny diňledi.
Bir talybyň sesi, Durdy bilen gepleşýärdi, ýanyndakylaram şadyýandy, gülýärdi.
“Muny oňardyň Durdy, amanady bäri getirip dogry etdiň. Prowodnik sumkany tapan bolanda barymyz şu wagt gözenegiň aňyrsyndadyk.”
Durdy “Howwa, bilýärin. Prowodnik geler diýip oýlapdym özi, şonuň üçin sumkany bäri getirdim. Senem ýygna şuny, ortada goýma.”, diýip jogap berdi we sesi gaty rahatdy.
Myrat “Ine, indi ogryny tapdym, gutyny çyndan Durdy alypdyr” diýdi-de, sen-men ýok, birbada gapyny açyp, içeri girdi. We ortadaky sumkany açdy. Içindäki zady görensoň, geň galyp näme diýjegini bilmedi. “Durdynyň aljyramagynyň sebäbi indi belli boldy!”

Dowamy bar...
29
291
amanmyrat
18.08.2023 00:16
3-nji bölüm. Ýokardan gaçan sumka.

Gapyda uzyn boýly, ak ýüzli, giň maňlaýly, takmynan 20-25 ýaşlarynda daýaw bir adam durdy. Arkasyndaky prowodnik oňa ýerini görkezdi we adam ýerleşmäge başlady. Ol ýerleşip bolandan soň özini tanyşdyrmaga başlady. Ol adynyň Serdardygyny, Daşoguzda ýaşaýandygyny, Aşgabada garry ejesi bilen gelendigini, Aşgabatda firmada işleýändigini we ýene-ýene birnäçe zat gürrüň berýärdi. Serdar diýseň dilewar we geplemäni gowy görýän adama meňzeýärdi. Bul adam Myrada kakasyny ýatladýardy. Howwa, kakasam geplemäni gowy görerdi. Ol çaý başynda gullukdaky ýatlamalaryny, işde bolup geçen hadysalary diýseň gyzykly edip gürrüň bererdi. Myrat üçin kakasy onuň gahrymanydy. Onuň birden poýuzda oturany ýadyna düşdi. Görse eýýäm hemme gürleşip, çaý içip otyrdy. “Garry enem 1-nji küpede. Ol ýerde adam köp bolasoň menem bu küpeni aldym. Sen kim bolarsyň yaş ýigit?” diýip, ol Myrada ýüzlendi. Ol ukudan oýanan ýaly boldy-da, özi hakynda bir-iki söz aýtdy. “adym Myrat. Gyşky dynç alyşa Aşgabada daýzamlara gaýdypdym. Indem öýe barýan”. Ol özi hakynda geplemäni kän bir halanokdy. Şonuň üçin ýolboýy beýlekileriň aýdan zatlaryny diňläp gitdi. Agşam düşensoň, küpedäkiler ýatmaga taýýarlanyp başlady. “Hajathana baryp geleýin” diýip, Myrat küpeden çykdy. Ol hajathanada işini bitirip, çykyp barýarka ýakyn dosty Geldi bilen pete-pet gabat geldi. Olar bir-birini görenine gaty begendiler, köp wagtlap şol ýerde durup gepleşdiler, öteni geçeni ýatladylar. Soňra Myrat Geldi bilen hoşlaşyp, öz küpesine tarap ýöredi. Gelip görse, küpede hiç kim ýok eken. Ol oturdy-da penjireden daşaryny synlap başlady. Şol wagt poýuzam hereketlenip başlady we birden (TARP!!! diýen ses bilen) bir sumka ýokardan Myradyň öňüne gaçdy. Sumka gök reňkdedi, orta ululykdady we agzy bir sebäbe görä açykdy. Ol eňilip sumkany eline aldy, şol wagtam Merdan aga gapydan girdi-de, hiç zat diýip geplemän, derrew Myradyň elinden sumkany alyp içini barlap başlady. We birden gür, çirkin ses bilen gygyrdy “Guty ýok!”.

4-nji bölüm. Töhmet.

"Töhmet gylyçdanam beter, zalym bir ýaragdyr. Sebäbi açan ýaralaryny hiç wagt ýapyp bolmaz".
Genri Filding


Myrat birbada näme bolup geçenine düşünmedi. Merdan aga sumkasyny gyra zyňdy we Myradyň üstüne sorag baryny ýagdyryp başlady. Iň soňunda-da “gutyny sen aldyň” diýip, üstüne töhmet ýapdy. Bularyň sesine küpedäki beýleki adamlar bilen prowodnik hem geldi. “Bärde näme boldy?” diýip ilki bilen Serdar sorady. Merdan aga sumkada gutusynyň bardygyny, Myradyň sumkasyny dörüp oturandygyny we indem gutusynyň ýokdugyny aýtdy. “Gutyňy Myrat alan däldir. Men bu ýigide ynanýaryn. Ýöne ynjaljak bolsaň, hemmämiz sumkalarymyzy boşadaly” diýip, Serdar dogumly gürledi. Küpedäkileriň hemmesi bu pikir bilen ylalaşdy. Ýöne Durdy bir sebäpden aljyraňly ýagaýdady (öňkülerinden has aljyraňly). Küpedäki adamlar sumkasyny boşatdy. Guty Myradyň sumkasyndan çykmady, ýöne geň tarapy, hiç kimiň sumkasyndanam çykmady. Prowodnik Merdan agadan: “ Gutyňy bize sypatlandyr” diýip, sorady. “Gara, kiçiräk, sada guty. Içinde pul we maňa berlen bir amanat bardy” diýip, Merdan aga Myrada seredip jogap berdi. Ol gapdal wagona dostuny görmäge gidendigini, gutyny bukup, ýygnap goýandygyny, gelse Myradyň sumkasyny dörüp oturandygyny hem aýtdy. “Eger Merdan aganyň gutusyny bermeseň, seni polisiýa bererin” diýip, Prowodnik azmly gürledi. Myrat öz içinden pikirlendi: "Men näme edeýin. Gutyny men almadym we ýalan töhmetden meni polisiýa bererler. Ejem, doganym bu ýagdaýy bilse nähili gynanarlar. Bu meseleden bir ýol bilen sypmaly?”. We şol bada kellesine bir pikir geldi: “Howwa, ýekeje çykalga ýoly bar we hökman men bu ýoly saýlamaly. Bolmasa adym müdimilik "Ogry" bolup galar. Ertirden öň hökman gutyny tapmaly. Başga alajy ýok!”...

Dowamy bar...
26
267
amanmyrat
17.08.2023 01:08

1-nji bölüm. Garaňkylykdaky ses.


Daşoguzuň näbelli bir ýerinde garaňky otagda Onuň aýdan sözlerini özünden we ýanyndaky adamdan başga hiç kim eşidenokdy. “poýuza bu gün münýär, Başlyk”. “Oňa habardar bol diýip aýdyň. Eger bu işi oňaryp bilmese, Daşoguza geljek diýip azara galyp oturmasyn. Göni şol poýuzda özüni asybersin. Ertire bu iş tamam bolmaly”. Ýanyndaky adam gidensoň penjireden daşary seredip pikirlendi we güldi, “Oýun başlaýar”.


2-nji bölüm. Adaty bir gün.


Myradyň ilkinji gezek poýuza münşüdi. Ol öňler syýahata çykanda uçara ýa-da maşyna münýärdi. Aslynda köp wagtdan bäri syýahata çykanokdy, çykmak islänokdy. Sebabi kakasyny soňky gezek görende “oglum men uzak bir ýere iş bilen gidýärin, çaltjak gelerin” diýen sözi hälem gulagynda ýaňlanýardy. Kakasy şondan soň hiç wagt gelmedi.

Sagat 18:00-y görkezende poýuzyň sesi eşidilip başlapdy. Hemme adamlar yraň-dyraň bolşup,poýuza münjek bolýardylar. Myradam ol adamlaryň arasyndady. Ol ikinji wagonyň ortaky küpelerinden birine ýerleşipdi. Küpedäki adamlar eýýäm ýerleşip başlapdy. Myrat häli 17 ýaşyndadygyna garamazdan, ugurtapyjy we akylly oglandy. Ol bu häsiýetlerini kakasyndan alypdy. Poýuzda adamlar ýerleşip bolansoň birneme arkaýynlaşypdy. Ýöräp ugrandan soň bolsa oturanlar tanyşmaga başladylar. Myradyň küpesinde orta ýaşly adam bilen bir sany ýaş talyp oglan bardy. Orta ýaşly adam ilki söze başlady, “adym Merdan, Daşoguza garyndaşlarymyň toýuna barýan. Sen kim bolarsyň?” diýip, ol talypdan sorady. Talyp çekinibräk ýagdaýda jogap berdi, “ adym Durdy, TDLU-nyň 3nji ýyl talyby. Tomus dynç alşynda öýüme gaýtdym. Kursdaşlarym biziňkiden 2 küpe aňyrda. Men bu ýerden orun almaly boldum.”

Myrada bularyň bolşy birhili geňdi. Talyp ýöne aljyraňly ýagdaýdady. Poýuzda rahat däldigi ýüzünden belli bolýardy. Merdan aga bolsa agras, hiç kim bilen gürleşesi gelenokdy we ýöne sumkasyna seredip otyrdy. Poýuz birsalymdan ýöremäge başlady.Hemme zat adaty günlerdäki ýalydy. Poýuz ýöremäge başlandan ýarym sagat geçensoň birden saklandy. Myradyň oturan küpesiniň gapysy açylmagy bilen hemme gapa seretdi. We küpeniň 4-nji adamy hem prowodnik bilen bile geldi...


Dowamy bar...

34
321
amanmyrat
26.06.2023 08:54
Maña bir ryçag beriñ, Dünýäni ýerinden gozgadaýyn. (Arhimed)
Eger siz ylmy içgysgynç hasaplaýan bolsañyz, diýmek siz ony ýalňyş mugallymdan öwrenýärsiňiz. (Riçard Feýnmen)
Eger bir zady sada dilde düşündirip bilmeýän bolsañyz, diýmek sizem ol zada düşünmänsiñiz. (Albert Eýnşteýn)
Gören zatlaryñyzyñ manysyna düşünjek boluñ. Kosmosyñ näme üçin bardygy hakynda pikirleniñ. Iň möhüm zat, bilesigeliji boluñ! (Stephen Hawking)
Iň uly açyşlarymyñ ýekeje syry bar: Diñe we diñe zähmet çekmek! (Issak Nýuton)
Daş-töweregiñize azrak, içki pikirleriñize köpräk üns beriň! (Nikola Tesla)
30
210
amanmyrat
25.06.2023 14:37
Hemişe şeýle bolýar. Ukyňy bölýär öňüňde goýan magsadyň. Hem gündiz, hem-de gije zähmet çekýärsiñ. Aýa baryp, aýak yzyñy goýýarsyñ. Soñra saña "Aýa çykan ilkinji adam" diýýärler. Nil Armstrong bolýarsyñ, Buzz Aldrin bolýarsyñ, Maýkl Kollins bolýarsyñ. Adyñ taryha ýazylýar, "Ilkinji" bolýarsyñ. Hemmeler haýran galýar. Bulary nädip ýerine ýetireniňe düşünmeýärler. Adamlar üstünligiň syryny soraýarlar. Sen diñeje gülýärsiñ we näme üçin haýran galýanlaryna düşünmeýärsiñ. Sebäbi üstünligiñ syrynyñ hemişe zähmet çekmekdigini, işlemekdigini hiç kim oýlap bilmeýär.
26
158