7-nji bölüm. Ýygnak.
Gijäniň bir wagtynda näbelli bir ýerden eşidilýän gozgalaň-sesler hemmäni birahat edýärdi. Emma hemme diýenimem, bu uly, penjireleri gara perdeler bilen ýapylan zaldaky adamlardy. Ýygnak gyzgalaňldy, adamlar biri-birini diňlemän gürleýärdiler. Otagda 5 adam bardy, emma sesleri 5 adamyňky däl-de, 10-15 adamyň sesi ýalydy.
“Indi nähili bolar?”, “Polisiýa üstümüzde, bizi gözenege tykmak üçin sebäp gözleýär.”, “Bu işi çözüp bolar diýipdiňiz! Hany çözülen iş, gaýta hemme zat beter boldy”
“Goýuň sesiňizi!”, Başlygyň gür sesini eşidensoň, hemme sesini goýdy. Soňundan kelte boýly, garaýagyz, daýaw adam dymyp oturyp bilmän, gepläp başlady:
“Sen “Bu işi çözerin!” diýipdiň, Başlyk. Hany çözülen iş, hemmämiz inçe gylyň üstünde şu wagt. Eger Dawudyň elindäki maglumatlar polisiýanyň eline düşse, barymyzyň soňy garaňky”
“Dawudyň şu wagt, nirededigi belli däl. Soňky gezek gorkuzandan soň bir ýere gürüm-jürüm boldy. Öýüni otlansoň, bizden öňküden hem beter gorkdy. 1 hepdeden bäri polisiýa hem biz hem ony tapyp bilemzok. Gör, belki bizden gorkup, özüni öldürendir.” diýip, başlyk keýpli ýagdaýda gürledi.
“Eger Dawut özüni öldüren bolsady, mundan habarly bolardyk. Bul adam gaty akylly. Onuň ýok bolup gitmeginden gorkmaly diýsem hem ýalňyş bolmaz”
“Sen bu Dawudy gaty köp gözüňde ulaltdyň. Olam bir hökümetiň adwokaty. Bize garşy durup biljek adam däl ol. Yzyndan 2 içaly goýberdim. Şu wagta çenli ölmedik bolsa-da, hökman indidensoň öler. Elindäki maglumatlardan hem gorkup oturmaň. Ol meseläni hem çözdüm men!”. Şeýlelikde, ýygnak tamam boldy. Hemme gidensoň Başlyk ýeke galdy we öz-özi pikirlendi:
“Dawut meselesi ertir doly tamam bolar!”
8-nji bölüm. Durdynyň hekaýasy.
“Gowy tanaman, hiç bir adam hakynda netije çykarma.”Paul AusterMyrat sumkaň içindäkileri görüp haýran galdy. Sumkaň içinde birtopar gadagan edilen derman serişdeleri, spirtli içgiler, çilimiň, nasyň dürli görnüşleri, gysgaça poýuzda gadagan edilen näçe zat bar bolsa, hemmesi şu sumkaň içindedi. Myrat gözüniň gytagy bilen Durda seretdi. Durdyny şakga der basypdy we dilini ýuwdan ýalydy. Myrat küpedäki hemmä seredip çykdy, ýöne hiç kimden ses çykanokdy. Ahyry sessizligi ýokarda oturan daýaw oglan bozdy. Ol aşak düşdi-de, gele-gelmäne Myradyň ýakasyna ýapyşdy, “Biziň işimize burnuňy sokma, ýogsa seniň ýigrenji burnuňy keserin, eşitdiňmi”, diýip Myrada haýbat atdy. Myrat 5 sekunt ýaly durdy-durdy, birdenem ýaňky oglanyň içine urdy-da, bir elinden ýapyşyp gaňyrdy we oglany ýere ýykdy. Bu gaty çalt bolup geçipdi, hiç kim näme bolanyna düşünip ýetişmedi. Görseler, ýaňky oglan ters ýagdaýda ýerde çabalanyp ýatyrdy, Myradam oglanyň üstünde otyrdy. “Indi kim gelýär!” diýip, Myrat gaharly gepledi. Hiç kim onuň ýanyna barmaga milt edip bilmedi. Soňunda Myrat Durda seretdi-de, geplemäge başlady.
“Indi maňa näme bolanyny aýdyp berjekmi ýa-da Prowodnik bilen bile geleýinmi!”. Durdy azyrak köşeşen ýaly boldy-da, geplemäge başlady. “Men bu işleri etmek niýetim ýokdy. Ýöne muňa mejbur boldum. Biz 5 dogandyk, 3 gyz 2 oglan. Men 2-nji çagadym. Menden uly 1 ejekem bardy. Men 16 ýaşymdakam kakam nähak ýere türmä gitdi. Ol türmä gidensoň, diňe ejem we doganlarym bolup galdyk. Biziň durmuşymyz gaty agyrdy, kakam ýok bolansoň ejem bäşimize hem seretmeli bolýardy. Öýde iýere çörek hem ýokdy. Men şol wagtlar işleýärdim, näme iş bolsa edýärdim. Ejekem jigilerimi gözleýärdi, öýdäki ähli işi ol edýärdi. Wagt geçdi. Iň kiçi jigim agyr bir kesel tapyp, ýogaldy. Ol ýogalanda men 18 ýaşymdadym, ol wagtlar häli orta mekdebi okaýardym. Soňra okuwy gutaryp, gulluga gidip geldim. Gelsem hiç zat öňküligine galmandyr. Kiçi erkek doganymy, biriniň maşynyny ogurlap satany üçin türma basypdyrlar. Gyz jigim bolsa obadaky bir oglandan göwreli bolup, äre gaçyp gidipdir. Ejem hem bu bolan zatlara çydap bilmändir. Ol hem soňundan başga birine durmuşa çykyp, ejekemiň ýeke özüni goýup gidipdir. Şol zatlary görensoň, men ejekeme söz berdim, ony we özümi hiç zada zar etjek däldim. Ikimize-de özüm seretjekdim. Şondan soň TDLU okuwyna egzamin tabşyryp gördüm we egzminlerden geçdim. Indi talypdym. Ýöne pul meselesi bardy, hem okuwyň tölegleri, hem iýmit, egin-eşik we ş.m. zatlar üçinem pul gerekdi. Üstesine-de ejekem agyr keselläpdi. Indi onuň derman-serişdelerine-de pul gerekdi. Ilki başda dükanlarda işläp gördüm, ýöne ol ýerden tapan pulum hiç zadyma ýetenokdy. Soň şu küpedäki oglanlar bilen tanyşdym. Şu sumkadaky zatlary Daşoguza eltip, bermeli adama berseň pul alýardyň. Iş howpludy, ýöne pulam gowudy. Küpede wagtyk, siz gidensoň sumkany ol ýerde saklamagyň dogry däldigine düşündim we talyplaryň küpesine eltdim. Sumka agyrrakdy, sag-bolsun, Serdar göterişip, kömek etdi. Soňundanam garry ejesiniň ýanyna gitdi. Indi hemme zady bilýäň Myrat. Aýdyp, aýtmazlyk indi seniň kararyň. Ýöne bilip goý, men bu işleri etmäge höwesli däl, ýöne ýaşamak üçin muňa mejbur bolýaň.”
Myrat ony diňläp bolansoň, sumkaň agzyny ýapdy we hiç zat diýmän daşary çykdy. Küpeň gapysyny ýapansoň öz-özi pikirlenýärdi, elbetde Durdyny Prowodnige aýtmak niýeti ýokdy. Myradam kakasyz ulalmagyň nähilidigini gowy bilýärdi. Öň edebiýat mugallymynyň aýdan bir sözi onuň ýadyna düşdi: “Her bir adam kitap ýalydyr. Kitabyň esasy aýratynlygy onuň daşy däl-de içindäki ýazgylarydyr. Edil şonuň ýaly adamyň hem esasy daşky sypaty däl-de häsiýeti, başdan geçiren durmuşydyr. We kitaby okaman netije çykaryp bolmaýşy ýaly, adamy hem tanaman netije çykaryp bolmaýar” Mugallym bu sözi gaty dogry aýdypdyr.”
Soňra birden Durdyň aýdanlary ýadyna düşdi: “Serdar göterişip, kömek etdi? Serdar eýse maňa beýle diýip aýtmady. Näme üçin?”. Soňra başga bir zat ýadyna düşdi: “Serdaryň garry ejesi bilen gepleşip görmedim. Belki ol maňa Serdar ýanyna geldimi-gelmedimi dogrusyny aýdar.” We 1-nji küpe tarap ýöredi. Küpeň gapysy ýapykdy. Myrat ilki durup gapyny diňledi. Gapydan ses-seda eşidilmeýärdi. Soňra gapyny açjak boldy, emma gapy ilteşip galypdy we açylanokdy. Myrat bar güýjüni jemläp, gapyny bat bilen çekdi we gapy açyldy. Myrat içeri girip gördi we geň galdy. Indi kellesinde has başga soraglar peýda bolup başlaýardy. Ol ýöne şu wagt ýekeje soraga jogap tapmalydy:
“Näme bolýar bu poýuzda?”
Dowamy bar...