9-njy bölüm. 1-nji küpeniň syry.
“Hemme zat görünişi ýaly bolsady, eliňe alan deňiz suwuň gök reňkde bolardy”AnonimKüpede hiç kim ýokdy. Aslynda küpeniň içi ap-arassady. Bu küpede hiç kimiň ýatmandygy Myrada-da aýandy. Ol küpe girenden, stoluň üstündäki gara guta gözi düşdi. “Ýogsa, bu guty... howwa, bu Merdan aganyň gutusy. Ölçegleri we reňki Merdan agaň aýdyşy ýaly. Ýöne bu guty bu ýerde näme işleýär. Muny bu ýere kim getirdi, Serdarmy?”. Soňra ol bir hatar küpeniň içine göz gezdirdi. Küpeniň aşakdan 1-nji krowadynda eplengi duran mata-marlyklar bardy. 2-nji gatyň 2-nji krowadynda ýassyklar ýa-da ýükli sumkalar üsti ak mata bilen ýapylgy ýagdaýda durdy. Stoluň üstünde bolsa, gutudan başga hiç zat ýokdy. Galan ýerler bolsa arassajady.
Myrat gutyny alyp, Merdan aga eltip bermekçi boldy. Soňra pikrini üýtgetdi, “Bu guty sebäpli, başyma gelmedik bela galmady, hatda ogry ýerinde hem goýuldym. Näme sebäpden bu guty hemmä gerek bolduka?” we Myrat gutyny açyp gördi. Gutyň içinde rezin bilen saralan pullar bardy. Pullar az-owlak hem däldi, ýöne gutuda puldan başga zat ýokdy. “Merdan aga “Gutuda pulum we amanat bar” diýipdi. Hany onda, amanat diýen zady niredekä?”. Ol indi Serdardan has köp şüphelenip başlady. Soňra, duran ýerinden gözüne bir zat ildi, sary bir zatdy, sary bir "el". Ol gutyny şol ýerde goýdy-da, 2-nji etaždaky üsti örtülgi matany aýyrdy we şol wagt näme oýlajagynam bilmedi. Sebäbi 2-nji etaždaky zat ýükli sumka däl-de adamdy, ol Serdardy. Myrat okuwda wagty, ilkinji kömekden sapaklary öwrenipdi. Ol şol wagt derrew özüne geldi-de, Serdaryň dem alşyny, ýürek urgusyny we endamynyň ýylylygyny barlady. Hemme zat ýerli-ýerindedi. Ol Serdary yralap oýarjak boldy.
“Ol intäk oýanmaz!”
Arkansyndan gelen sesi eşidip, derrew yzyna öwrüldi we gapydaky tanyş ýüzi gördi, “Sen...”.
10-njy bölüm. Gizlin syrlar açylýar!
Gapynyň öňünde Myradyň hiç oýlamadyk adamy durdy.
“Ol intäk oýanmaz. Şu wagt ukuly iňňäniň täsirinde. Ertire çenli ýatar, belki birigünem ýatar. Iňňe gaty güýçli. Ýöne sen şansly oglansyň. Mundan soň näçe köp isleseň ýatyp bilersiň, turman!”
Gapydaky Prowodnik duýgusyz ýagdaýda ýylgyrýardy. Elindäki uzyn pyçagyny Myrada tarap bakdyryp durdy. Myrat nämeleriň bolanyna az kem düşündi, ýöne ol şol wagt öljegine hem düşündi. Şonuň üçin iň gowy çykalga, Prowodnigi gepledip, güýmemelidi. Prowodnik gapyny ýapyp, Myrada tarap ýöräp başlady. Myrat sowukganly ýagdaýda özüne erk etdi we soraglaryny sorap başlady.
“Serdar gutyny aldy gerek, şeýle dälmi. Ýöne bu iş bilen seniň näme dahylyň bar, men şoňa düşünmedim?”
“Köp sorag soraýaň, Myrat. Başda ogurlygy boýun alyp, jerimäni tölän bolanda, belki indiden soň ýaşardyň!”
“Men etmedik hiç bir işimi boýun almaýan. Serdary bu poýuza sen saldyň, şeýle dälmi. We ikiňiziňem isleýän zadyňyz gutudaky amanat. Ýöne näme üçin size bu gutudaky zat gerek?”
“Gutudaky zat bize gerekdäl, Başlyga gerek. Aslynda bu işi Serdar çözmelidi, ýöne oňaryp bilmedi. Sumkany gowy edip ýerleşdirmändir, akmak (Şol wagt Serdara seretdi). Başlyk meni Serdaryň yzyndan ugradypdy. Eger ol bu işi oňaryp bilmese, men kömek etmelidim,kömek hem etdim. Seni ogry edip görkezdim, hemme muňa ynandy we hiç kim Serdardan şüphelenmedi. Esasanam ýarymkelle Merdan muňa ynandy (Ýüzünde şol wagt ýylgyryş peýda boldy). Serdara senden dynmalydygyňy aýtdym. Ol ýöne bir ýetginjegi, doganyna meňzeş oglany öldürip bilmejekdigini aýtdy. Soňra saňa hemme bolan wakany aýtjak diýip ýerinden turan wagty, ony bu küpede iňňe (ukol) bilen uklatdym. Indi bolsa senden dynaryn”
“Ýagny hemme zat, Serdaryň garry ejesi, Aşgabada işlemäge gideni we ş.m. ýalandy. We hemme bu ýalanlar, diňe gutudaky amanady almak üçindimi?”
“Indi düşünip başladyň. Ýöne hemme zada giç düşündiň”, Prowodnik birden Myradyň üstüne okduryldy. Myrat şol wagt, çalt refleks bilen gyra çekildi we Prowodnigiň pyçakly sag goluna tirsegi bilen bat bilen urdy we Prowodnigiň elindäki pyçak ýere gaçdy. Myrat pursatdan peýdalanyp, pyçagy aljak boldy, ýöne Prowodnik ondan öňürtledi we bar güýji bilen Myradyň bokurdagyna ýapyşdy. Ol Myrady aşaky 1-nji krowada tarap ýykdy we Myrady bogmaga başlady. Myrat çabalanýardy, ýöne Prowodnik hem ondan haýaldäldi (bar güýji bilen Myrady bogýardy). Myradyň demi ýetmän, ysgyndan gaçyp başlady. Ol töweregine seretdi (Prowodnigiň kellesine bir zat bilen urmak üçin) we şol wagt guta gözi düşdi. Gutudaky bir zat, Myradyň ünsüni özüne çekdi, “Bu mümkin bolup bilermi? Elbetde mümkin!”. Ol gutynyň üýgeşik tarapyny indi görüpdi, ýöne muny inddiden soň, belki, hiç kime aýdyp bilmezdi. Myrat halys özünden gider derejä ýetdi, gulagy eşidenak, gözi görenakdy. Şol wagt bir zat boldy, bir ses, we biri gygyrdy we soňra güýçli (TARP!) ses.
Myrat bulary ýarym oýaly ýagdaýda duýýardy. We biriniň elini hem duýdy we sesini...
“Hemme zat geçdi, saňa hiç zat bolanak Myrat!”
Dowamy bar...👉
Bellik: Indiki postda jemleýji bölümi goýaryn.