amanmyrat
18.08.2023 00:16
3-nji bölüm. Ýokardan gaçan sumka.

Gapyda uzyn boýly, ak ýüzli, giň maňlaýly, takmynan 20-25 ýaşlarynda daýaw bir adam durdy. Arkasyndaky prowodnik oňa ýerini görkezdi we adam ýerleşmäge başlady. Ol ýerleşip bolandan soň özini tanyşdyrmaga başlady. Ol adynyň Serdardygyny, Daşoguzda ýaşaýandygyny, Aşgabada garry ejesi bilen gelendigini, Aşgabatda firmada işleýändigini we ýene-ýene birnäçe zat gürrüň berýärdi. Serdar diýseň dilewar we geplemäni gowy görýän adama meňzeýärdi. Bul adam Myrada kakasyny ýatladýardy. Howwa, kakasam geplemäni gowy görerdi. Ol çaý başynda gullukdaky ýatlamalaryny, işde bolup geçen hadysalary diýseň gyzykly edip gürrüň bererdi. Myrat üçin kakasy onuň gahrymanydy. Onuň birden poýuzda oturany ýadyna düşdi. Görse eýýäm hemme gürleşip, çaý içip otyrdy. “Garry enem 1-nji küpede. Ol ýerde adam köp bolasoň menem bu küpeni aldym. Sen kim bolarsyň yaş ýigit?” diýip, ol Myrada ýüzlendi. Ol ukudan oýanan ýaly boldy-da, özi hakynda bir-iki söz aýtdy. “adym Myrat. Gyşky dynç alyşa Aşgabada daýzamlara gaýdypdym. Indem öýe barýan”. Ol özi hakynda geplemäni kän bir halanokdy. Şonuň üçin ýolboýy beýlekileriň aýdan zatlaryny diňläp gitdi. Agşam düşensoň, küpedäkiler ýatmaga taýýarlanyp başlady. “Hajathana baryp geleýin” diýip, Myrat küpeden çykdy. Ol hajathanada işini bitirip, çykyp barýarka ýakyn dosty Geldi bilen pete-pet gabat geldi. Olar bir-birini görenine gaty begendiler, köp wagtlap şol ýerde durup gepleşdiler, öteni geçeni ýatladylar. Soňra Myrat Geldi bilen hoşlaşyp, öz küpesine tarap ýöredi. Gelip görse, küpede hiç kim ýok eken. Ol oturdy-da penjireden daşaryny synlap başlady. Şol wagt poýuzam hereketlenip başlady we birden (TARP!!! diýen ses bilen) bir sumka ýokardan Myradyň öňüne gaçdy. Sumka gök reňkdedi, orta ululykdady we agzy bir sebäbe görä açykdy. Ol eňilip sumkany eline aldy, şol wagtam Merdan aga gapydan girdi-de, hiç zat diýip geplemän, derrew Myradyň elinden sumkany alyp içini barlap başlady. We birden gür, çirkin ses bilen gygyrdy “Guty ýok!”.

4-nji bölüm. Töhmet.

"Töhmet gylyçdanam beter, zalym bir ýaragdyr. Sebäbi açan ýaralaryny hiç wagt ýapyp bolmaz".
Genri Filding


Myrat birbada näme bolup geçenine düşünmedi. Merdan aga sumkasyny gyra zyňdy we Myradyň üstüne sorag baryny ýagdyryp başlady. Iň soňunda-da “gutyny sen aldyň” diýip, üstüne töhmet ýapdy. Bularyň sesine küpedäki beýleki adamlar bilen prowodnik hem geldi. “Bärde näme boldy?” diýip ilki bilen Serdar sorady. Merdan aga sumkada gutusynyň bardygyny, Myradyň sumkasyny dörüp oturandygyny we indem gutusynyň ýokdugyny aýtdy. “Gutyňy Myrat alan däldir. Men bu ýigide ynanýaryn. Ýöne ynjaljak bolsaň, hemmämiz sumkalarymyzy boşadaly” diýip, Serdar dogumly gürledi. Küpedäkileriň hemmesi bu pikir bilen ylalaşdy. Ýöne Durdy bir sebäpden aljyraňly ýagaýdady (öňkülerinden has aljyraňly). Küpedäki adamlar sumkasyny boşatdy. Guty Myradyň sumkasyndan çykmady, ýöne geň tarapy, hiç kimiň sumkasyndanam çykmady. Prowodnik Merdan agadan: “ Gutyňy bize sypatlandyr” diýip, sorady. “Gara, kiçiräk, sada guty. Içinde pul we maňa berlen bir amanat bardy” diýip, Merdan aga Myrada seredip jogap berdi. Ol gapdal wagona dostuny görmäge gidendigini, gutyny bukup, ýygnap goýandygyny, gelse Myradyň sumkasyny dörüp oturandygyny hem aýtdy. “Eger Merdan aganyň gutusyny bermeseň, seni polisiýa bererin” diýip, Prowodnik azmly gürledi. Myrat öz içinden pikirlendi: "Men näme edeýin. Gutyny men almadym we ýalan töhmetden meni polisiýa bererler. Ejem, doganym bu ýagdaýy bilse nähili gynanarlar. Bu meseleden bir ýol bilen sypmaly?”. We şol bada kellesine bir pikir geldi: “Howwa, ýekeje çykalga ýoly bar we hökman men bu ýoly saýlamaly. Bolmasa adym müdimilik "Ogry" bolup galar. Ertirden öň hökman gutyny tapmaly. Başga alajy ýok!”...

Dowamy bar...
26
267
nurana_aim
20 Awgust 2023
@amanmyrat, ha bolia uns bermandirin.Okap başlamadım wln
amanmyrat
20 Awgust 2023
@nurana_aim, 3-nji we 4-nji bölümi 2-nji postda bar.
amanmyrat
20 Awgust 2023
@nurana_aim, bar. Her posta 2 bölümden goýýan. 1-nji we 2-nji bölümi 1-nji posta bar.
nurana_aim
20 Awgust 2023
Sun 2we4 bölümleri yok oyudyan🤔
amanmyrat
18 Awgust 2023
@grafinya, bu soragyň jogabyny, indiki bölümlerinde has anyk bilersiňiz.
grafinya
18 Awgust 2023
@amanmyrat, bilgeşleýin edilen
amanmyrat
18 Awgust 2023
@bamy, Belki
bamy
18 Awgust 2023
Ykbalyň bir oýny
amanmyrat
18 Awgust 2023
Myradyň bu poýuzda bolmagy bilgeşleýin edilen zatmy ýa-da ykbalyň bir oýnumy? 🤔 Pikriňizi ýazyň!
amanmyrat
18 Awgust 2023
Indiki bölümlerde Myradyň gutyny tapmak üçin eden hereketlerini we pikir ýöretmelerini okarsyňyz we Myradyň akyllylygyna we ugurtapyjylygyna has aýdyň göz ýetirersiňiz.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.