amanmyrat
28.08.2023 20:54

11-nji bölüm. Amanat.


Garaňky çölüň imisalalygyny poýuzyň batly sesi bozýardy. Poýuz çölüň içi bilen kä çalt, käte haýal gidip barýarka, sagat eýýäm 2:38 bolupdy. Bu wagt poýuzda hemmeler diýen ýaly süýji ukudady, käbirleri bolsa poýuzyň sesine ýatyp bilenokdy. Emma 2-nji wagonda ýagdaý azyrak başgaçarakdy, has dogrusyny aýtsam, 2-nji wagonyň 1-nji küpesinde.

Myrat gözlerini açan wagty, birbada näme bolanyna düşünmedi. Bokurdagy we elleri agyrýardy, ýöne geň zat bu däldi, garşysynda eli-aýagy we agzy daňylgy Prowodnik otyrdy. Prowodnik Myrada, Myrat Prowodnige seredýärdi.


“Oýandyňmy Myrat?”

Ol derrew gapa tarapa seretdi. Gapyda Merdan aga durdy. Ol Myradyň ýüzüne ýylgyryp seredýärdi. Elinde-de gara guty bardy. Ol guty, Myradyň, tas ölmegine sebäp boljak gutusydy. Nämeleriň bolup geçeni Myradyň indi ýadyna düşüp başlady. “Prowodnik meni öldürjek boldy, soň bir urgy we bir ses...”, soňra hemme zat Myrada aýan boldy, “Ol ses, siziň sesiňizdi. Ýagny meni Prowodnigiň elinden siz halas etdiňiz”.

Merdan aga gutyny stoluň üstünde goýdy-da, gelip Myradyň gapdalynda otyrdy.

“Saňa hemme zady aýdyp berjek Myrat, ýöne ilki bilen, meni bagyşla. Gutudaky amanat sebäpli, tas seni öldürjekdiler. Eger saňa bir zat bolsady, özümi hiç wagt bagyşlamazdym.”

Merdan aganyň gynanyp oturmagy Myrada täsir etdi we bu bolan zatlaryň onuň günasi däldigini aýdyp, Merdan aga göwünlik berdi. Soňra “Maňa hemme bolan wakany aýdyp beriň indi” diýip, Merdan aga soragly nazar bilen seretdi.

“Bolýar saňa hemme zady gürrüň berjek!” diýip, Merdan aga ylalaşdy.

“Ilki bilen,saňa kimdigimi aýdaýyn. Men bir hökümet adwokaty. Hakyky adymam Merdan däl, Dawut.”

“Dawut?!”

“Howwa, Dawut. Wakany gysgaça gürrüň bereýin. Geçen ýyl uly bir işiň üstünden bardym. Birtopar daşary ýurtly we ýurt içinden adamlar jemlenişip, garaňky işlere baş goşupdyrlar!”

“Meselem, nähili garaňky işler?”

“Gadagan edilen derman serişdelerini, çilim, nas önümlerini ýurduň içine sokmak, ogrylara, jenaýatkärlere kömek etmek, garaz, nähili garaňky işler bar bolsa hemmesini edýärdiler.”

“Prowodnik “amanat Başlyga gerek” diýip aýdypdy. Başlyk diýenleri kim?”

“Başlyk, bu işiň başyndaky adam. Hiç kim onuň adyny bilmeýär. Şonuň üçin hemme oňa Başlyk diýýär. Aslynda bular, bu aýdan işlerimiň hiç haýsysyny özleri etmeýärler. Olar perdäniň aňyrsyndaky adamlar ýaly, hemme jenaýatkärlere, ogrulara buýruk berýär, buýrugy alanlar bolsa, olaryň işini edýär. Şu sebäpden hiç kim olary tanamaýar, menden başga hiç kim!”

“Hiç kim olary tanamýan bolsa, siz nädip olary tapdyňyz?”

“Dogrymy aýtsam, bu uzyn bir hekaýa. Gysgaça, biri kömek etdi diýeli!”

“Düşnükli. Ýene bir soragym bar. Eger adyňyz Dawut bolsa, onda näme üçin Merdan ady bilen poýuza mündüňiz?”

“Sebäbi, men olar hakynda köp maglumat tapdym. Olaram meni ýok etjek bolup, her zat etdiler. Onam oňaryp bilmediler. Iň soňunda-da öýümi otladylar. Menem olara garşy hereket etmesem, has beterini ederler diýip oýladym we derrew hereket etmäge başladym. Ilki bilen, tanyşlarym bilen habarlaşdym. Olaram maňa maglumatlary Daşoguza getirmelidigimi aýtdy. Menem Merdan diýen dostumyň adyndan özüme bilet aldym. Näme üçin başga biriniň adyndan aldym? Sebäbi meni hemme ýerde gözleýärdiler we tapan badyna meni öldürerdiler. Köp kişi diňe adymy bilýärdi. Şonuň üçin adymy üýtgedip, Daşoguza gaýtdym. Ýöne amanady bu poýuzdan ugratjagymy bilipdirler we maňa duzak gurupdyrlar. Şansym bar eken, meni tanamdylar. Ýöne amanadyň nirededigini bildiler we aldylar.”

“We sizem, men alandyr diýip oýladyňyz, şeýlemi?”

“Ilki başda sen alandyr diýdim, ýöne gutyny gözläp ýörendigiňi görensoň, ýalňyşandygymy bildim. Soňra menem seni yzarlap başladym. Gutyny tapjagyňa bir sebäpden ynanýardym. Bu küpe girip, çykmandygyňy görensoň, bir zadyň tersdigine düşündim. Girip görsem, Prowodnik seni öldürjek bolup dur eken, menem seni halas etdim. Ine hemme bolan waka. Prowodnik gutudaky amanady, ýagny fleşkany alypdyr. Jübüsinde ýok eken, uly ähtimallyk bilen,poýuz gidip barýarka, penjireden zyňyp goýberdi. Maglumatlary şeýdip ýok ederin diýip oýlady.”

“Ýöne ýok edip bilmedi, sebäbi ol fleşkadaky zatlar maglumatlar däldi. Hakyky maglumatlar hälem gutuda!”

“Sen... nireden, nädip bilýäň?!”

Myrat ýylgyrdy we ýerinden turdy. Ol gutyny eline aldy we hemme tarapyna seredip başlady. Soň gözlän zadyny tapdy, gutynyň daşky tarapynda bir çukurjyk bardy. Myrat ol çukurjyga süýem barmagyny sokdy we iteledi we gutynyň içindäki esas bölegini ýerinden gozgatdy.

“Prowodnik meni bogup, krowada ýykydanda,bir zada üns berdim. Gutynyň içki esasy daşyndakydan beýikde durdy, ýagny gutynyň içinde ýene bir boşluk ýer bolmalydy. Bu boşluk ýer kiçidi. Eger meniň sereden tarapymdan seretmese, hiç kim muňa üns bermezdi. We dogry bilipdirin”, boşlugyň içinde gutynyň esasyna ýelmenen başga bir fleşka bardy.

“Sen hakyndaky pikirlerim dogry ekeni. Sen çyndan akylly we ugurtapyjy oglan ekeniň!”


Jemleýji bölüm.


Poýuz sagat sekiz töweregi Daşoguza bardy. Hemmeler poýuzdan düşüp, wokzala tarap ýöräp barýardy we köpçüligiň içinde Dawut aga bilen Myrat hem bardy. Poýuzdan düşensoň Prowodnigi we Serdary polisiýa tabşyrdylar.

Durdynyň ýagdaýyny bilensoň, Dawut aga oňa kömek etmekçi boldy we oňa gowy aýlykly iş teklip etdi we ejekesiniň keseline hem ökde lukman bilen gepleşip, bejergi töleglerine hem kömek etjekdigini aýtdy. Durdy bu teklibi kabul etdi we Dawut aga alkyş baryny aýtdy, indi bu işleri etmejegine-de söz berdi.

Wokzalyň çykalgasyna gelenlerinde Dawut aga Myrat bilen hoşlaşdy we oňa nesihat berdi: “Özüňe gowy seret Myrat we beladan hem daşda dur! Nesip bolsa, ölmesem, ýene bir gün hökman duşuşarys!”. We Myrat bilen gujaklaşyp, hoşlaşdy.

Dawut aga gidip barýarka Myrat yzyndan seredýärdi, “Nähili täsin bir gün boldy, ilki ogry diýip töhmet ýapdylar, soňra öldürjek bolduar. Syrlardan doly poýuzda, başdan geçirme. Esasy syr, poýuzyň syry däl-de, poýuzdaky adamlaryň syrlary eken!”.

Howa salkyndy, şonuň üçin Myrat kurtkasyny geýdi. Daşarda Myradyň ejesi we dogany garaşyp durdy. Olary görüp, Myradyň ýüzünde ýylgyryş peýda boldy.

“Näme bolsa-da, bu başdan geçirme täsin we gyzyklydy, ýöne tamam boldy. Syr çözüldi we hemme zat gutardy!”

Ol üşäp, elini jübüsine sokdy. Onuň jübüsinde bir zat bardy, bir kagyz. We bu kagyza seredip, Myradyň soňky pikirleri düýpgöter üýtgedi:

“Belki-de hemme zat, indi başlaýar!”


Soňy. 🔚


👉Bellik: Hekaýa göwnüňize ýarandyr diýip, umyt edýärin. Eger içiňizde hekaýany doly okanyňyz bar bolsa, teswirlere öz düşünjeleriňizi we pikirleriňzi ýazyň!



🤔 Bu hekaýanyň dowamyny başga bir hekaýada ýazjak bolýan. Şunuň ýaly ýene bir hekaýa goýaýynmy, pikirleriňizi ýazyň!

33
325
amanmyrat
24 Sentýabr 2023
@awgust, Hekaýany doly okap görüp, oson pikriňizi ýazyberiň.
amanmyrat
24 Sentýabr 2023
@awgust, howwa. Hekaýa meniňki. Ýagny, özüm ýazdym.
lavinya_
29 Awgust 2023
@amanmyrat, bolýa👍
amanmyrat
29 Awgust 2023
@lavanya, Indiki hekaýada bu soragyñyza jogap taparsyñyz. Indiki hekaýada Myrat tasin syrlary çözýär we durmuşyndaky köp zatlary öwrenýar. We name ücin kakasynyñ yitip gidenini hem anyklajak bolýar. Indiki hekaýa has syrly, has gynançly we has täsin bolar. We sizem bu soragyňyza jogap taparsyňyz.
lavinya_
29 Awgust 2023
@amanmyrat, Bir zat sorasam bolarmy kakasy oldumi ýa-da yasayamy
amanmyrat
29 Awgust 2023
@lavanya, sag boluñ!
lavinya_
29 Awgust 2023
Gowy hekaya .Dowamyna garaşyas
amanmyrat
29 Awgust 2023
@message, bu soragyň jogabyny, indiki goýjak hekaýalarymda taparsyñyz.
message
29 Awgust 2023
Gyzykly hekaýa.. 👏 Ýöne meni bir zat gyzyklandyrdy. Myradyň kakasy kim we ol näme iş edýärdi..??? 🤔
amanmyrat
29 Awgust 2023
@Sunshine lady, hiç zatdan başyň çykmaýandygyňy nireden bilýäň. Gizlin syrlary çözmek zehin we ukyp meselesi. Gaty köp bileniň bilenem, öwrenmeseň peýdasy ýok. Yagny esasy zat ukyp däl-de, öwrenmek we ukybyňy has-da kämilleşdirmekdir.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.