5-nji bölüm. Plan.
"Üstünligiň syry bir işe gowy başlamakdyr. Gowy başlamagyň syry, dogry plany düzmekdir."Andre Gaýd“Guty nirede?”, Myradyň esasy jogap bermeli soragy şudy. Ol küpeniň daşyndaky oturgyçlaryň birinde otyrdy. Onuň oturan tarapyndan seretseň öz küpesindäki oturan adamlar görünýärdi. Myrat gutyny gözlemäge başlamylydy, ýöne ilki nämeden başlamaly? Ilki bilen plan düzmelidi, bolup geçen hadysa barada pikir ýöretme etmelidi. Esasy soraglary düzmelidi. Myrat eline kagyz we galam aldy we soraglary ýazmaga başlady:
1. Gutyny kim aldy (ýa-da çyndan alyndymy) ?
2. Gutyny haýsy wagt aralygynda aldylar?
3. Gutuda pul we amanat bardy, alan adama pul gerekdimi, ýa-da amanat, ýa-da ikisi hem gerekdimi?
4. Esasy sorag: Guty şu wagt nirede?
“Aslynda gutynyň ýitenem nämälim, belki Merdan aga ony bilip ýitirdi. Belki maňa töhmet ýapmak üçin gutyny aldy we bu menden pul aljakdyr. Ýöne şu wagta çenli ol “pul almak” barada hiç zat aýtmady. Ýöne şonda-da bu ähtimallygy göz öňünde tutmaly. Osonam gutyny kim alyp biler? Hajathana gitmegimi, Geldi bilen gepleşip durmagymy hasaba alsak, çen-çak ýarym sagat küpede däldim. Guty ýarym sagadyň içinde alyndy. Hajathana tarapdan hiç kim geçmedi, diýmek ony şu wagondan biri aldy ”. Soňra Myradyň ýene bir zat ýadyna düşdi: “Merdan aganyň 3 sumkasy bardy. Ýöne diňe 1 sumkasyny ýanynda saklap otyrdy we ol sumkada-da guty bardy. Diýmek gutyny alan adam onuň haýsy sumkadadygyny bilýärdi. Onda 2 netije gelip çykýar, ýa gutyny alan adam, Merdan agany poýuzdan öňem tanaýardy we yzarlady, ýa-da (gorkuly ses tony bilen!) gutyny biziň küpeden biri aldy!”. Ýöne kim, esasy şony tapmalydy. Myrat ilki Durdydan şüphelendi. “Poýuza münenimizden bäri rahat däldi we aljyraňly ýagdaýdady. Bir zat gizläp oturan ýalydy. Belki gutyny şol aldy. Ýöne ilki ýarym sagadyň içinde kimiň nirede bolanayny anyklamaly, ilki delilleri tapyp, soň pikir ýöretme etmeli. Bolmasa ýalňyşmagym mümkin. Öňem biri aýdypdyr “delil tapman öňünden pikir ýöreden adam iň uly kördür”. Onda küpedäkiler bilen ýeke-ýekeden gepleşmeli. We hökman bu gutyny tapmaly!”
6-njy bölüm.
Myrat ilki Merdan aga bilen gepleşdi. “Merdan aga, men seniň gutyňy tapyp berjek, ýöne senem maňa azyrak kömek et. Men çykandan soň küpe başga biri geldimi?”, “Sen meniň bilen oýun edýäňmi, sumka eliňdedi, içinde gutam ýokdy we sen kimiň alanyny tapjak diýýäňmi?”. Myradyň sabyr käsesi dolup başlapdy. Şonda kakasynyň aýdan bir sözi ýadyna düşdi: “Oglum, gaharly bir adamy gahar-gazap bilen däl-de, hoş söz bilen ýeňip bilersiň. Sebäbi adam gatnaşyklary edil aýna mysalydyr, eger sen näçe gaharly bolsaň, garşyňdaky adamam şonça gaharly bolar. Eger sen mylakatly bolsaň, garşyňdaky adamyňam gahary köşeşer. Şu sözümi ýatdan çykarmagyn!”. Myrat uludan dem alyp, az-kem köşeşdi. Soňra has gowy ses tony bilen gepläp başlady, “Gutyňyzy men almadym we size gutyňyzy alan adamy tapyp berjek. Ýöne sizem maňa kömek ediň.”. bu sözlerden soň Merdan aga az-kem köşeşdi we razylaşdy, soňra-da gürrüň bermäge başlady: “Sen gidensoň ilki Serdar çykdy küpeden, “Garry enemden habar alyp geleýin” diýip gitdi. Ondan soň hem men çykyp gitdim.”, “Küpede diňe Durdy galdymy?”, “Howwa, olam ýöne “kursdaşlarym bilen oturjak”
diýipdi, menden soň olam çykyp giden bolmaly”, “Düşnükli, bolýar, sag boluň Merdan aga. Size söz berýän, hökman gutyňyzy tapyp bererin!”
Myrat soňundan Serdar bilen gürleşdi. Ol Myradyň küpesinde oturan eken. Ol salamlaşandan soň, soraglaryny sorap başlady:
“Küpeden ilki sen çykyp gidipsiň dogrumy?”
“Howwa, garry enemden habar alaýyn diýdim.”
“Şol ýarym sagadyň içinde hiç üýtgeşik, geň bir zat gördüňmi?”
“Aslynda, geň bir zat boldy. Daşardan ses gelip durdy. Menem näme bolduka diýidim we gapydan boýnumy uzadyp seretdim. Şonda Durdyny gördüm. Elinde goňur reňk sumka bilen, çalt ädimläp gapdal küpe ýöräp barýardy. Dogrymy aýtsam, näme üçin eýdip ýöreýänine kän bir düşünmedim.”
“Ýene bir soragym bar, näme üçin gutyny men almadym diýenimde, meniň tarapymy çaldyň? Maňa näme üçin ynanýaň?”Serdar birden dymdy, bir zady aýtjak bolup, aýdyp bilmän duran ýalydy we geplemäne başlady: “Sebäbi, sen maňa jigimi ýatladýaň. Eger häzir ýaşan bolanda, olam seň ýaşyňda bolardy”
Myrat näme diýip jogap berjegini bilmedi, bokurdagy doldy. Ol hoşlaşyp çykyp gitjek bolanda Serdar ony saklady, “Myrat, men saňa ynanýan.Ýöne habardar bol. Sen hökmän gutyny taparsyň!”. Serdar Myrada içden ýylgyrýardy. Myradam oňa şeýle garşylyk bilen ýylgyrdy. Soňra Durdy bilen gepleşeýin diýip talyplaryň küpesine gitdi. Gapy ýapykdy.Talyplaryň küpesinden sesler eşidilýärdi. Myrat durup gapyny diňledi.
Bir talybyň sesi, Durdy bilen gepleşýärdi, ýanyndakylaram şadyýandy, gülýärdi.
“Muny oňardyň Durdy, amanady bäri getirip dogry etdiň. Prowodnik sumkany tapan bolanda barymyz şu wagt gözenegiň aňyrsyndadyk.”
Durdy “Howwa, bilýärin. Prowodnik geler diýip oýlapdym özi, şonuň üçin sumkany bäri getirdim. Senem ýygna şuny, ortada goýma.”, diýip jogap berdi we sesi gaty rahatdy.
Myrat “Ine, indi ogryny tapdym, gutyny çyndan Durdy alypdyr” diýdi-de, sen-men ýok, birbada gapyny açyp, içeri girdi. We ortadaky sumkany açdy. Içindäki zady görensoň, geň galyp näme diýjegini bilmedi. “Durdynyň aljyramagynyň sebäbi indi belli boldy!”
Dowamy bar...