alma___
16.04.2024 11:17
Ìş bitirsem juda ýakyn, adam siz.
Gepletseña ýanyp duran odam siz.
,,Bizden hòkman gaýdar" "diýen dostlarym.
Gerek wagty,nàme uçindir ýadow siz.

Ş. Hydyrow.

Ýalan sòzleseler ynanan boldym.
Hiç kimiñ gownine degmezlik ùçin.
Ýykylaysam,ýere daýanyp galdym.
Minnetli ýùzleri gòrmezlik ùçin.

Ş . Taganow.

Hiç kimiñ kòñlinde arman galmasyn.
Aýraltk derdini hiç kim bilmesin.
Òtegçi dùnýade hemmàmiz myhman.
Ynsandan ynsanyñ gòwni galmasyn.
27
40
alma___
15.04.2024 12:07
Rowayat

Hezreti Musa Tur
dagynda
Haktagaladan umyt etdi,
Dileg kyldy:
Ýa, Rebbim, jennetde
ýoldaşym, dostum, goňşym
kim bolar?
Haktagala Musaga:
- Eý, Musa! Pylan ýerde
gassaplar icinde ýaşajyk bir gassap
bar, ol seniň jennetdäki ýoldaşyňdyr
- diýip, wahy iberdi.
Musa pygamber ýola cykdy. Ol şol
ýurda baryp, gassaby gòzlàp tapdy. Birsalym onuň dükanynda oturdy. Gas-
sap ýigit Hezreti Musany öýüne
çagyrdy, myhman aldy. Gassap nurana, ýüzi ýagty, mähirli myhmanyndan hoşal boldy. Saçak başynda
oturdylar. Gassap ýigit özi naharlanmazdan öň ýokarda, diwarda asylyp
goýlan ullakan sandygy emaý bilen aldyda, ýerde goýdy. Onuň içinden bili
bükük, kellesi dyzyna degip duran
bir garry kempiri çykardy. 0ny çagany naharlan ýaly naharlady, çaý
içirdi, sypalap, endamyny owkalady,
soňra kempiri sandyga salyp, ýene asyp goýdy.
Kempir nahar iýip bolup, bir zatlar pysyrdady. Emma oňa düşünip bolmady.
Hezreti Musa:
- Oglum, bu kempir seniň kimiň bor? - diýip sorady.
Gassap:
Bu aýal meniň mähriban enemdir. Oturyp-turmaga, nahar iýip-içmäge mejaly ýok. Gije-gündiz men
ona seretýàrin. Naharlanmak we
beýleki zerurlyklarynyň hemmesini
elimden geldigiçe hoş mylakatda
berjaý edyärin - diýdi.
Hezreti Musa:
Oglum, eneňe edýän hyzmatlaryňdan hoşal boldum, emma ony
sandykda asyp goýmagyň sebābine düşünmedim - diýdi.
Gassap:
- Hezretim, ozallar enem ýerde,
düşekde ýatýardy. Bir gün men öýde
yok mahalym, togalanyp, gapynyň agzyna barypdyr. Indi oňa bir zelel
ýetäýmesin diyip, diwardan asyp goýýaryn - diyip, jogap berýär.
Hezreti Musa:
Oglum, eneňe nahar bereniňden soň, onuň agzy, dodagy gybyrdap,
müňküldäp, bir zatlar diýýärdi. Ol seniň hyzmatyňdan hoşal bolup, doga-dileg edýärmi? - diýip sorady.
Gassap:
- Ol: «Ya, Rebbim! Men oglumdan
- hoşal we razydyryn, sen hem razy bol. Ya, Rebbim, men enelik hakymy
berjaý etdim, hususan-da, emdiren süýdümi perzendime halal etdim,
beren süýdüme razy men. Ya, rebbim, ahyrýetde sen meniň oglumy
- Jenneti Aglada Pygamberimiz Hezreti Musa aleýhyssalama dost eýle,
- ýoldaş kyl» diýip doga etdi - diýdi.
Hezreti Musa:
-Eý, ýigit, men Musa KelimmuIlah, häzir Tur dagyndan geldim. Meni seniň ýanyňa Haktagala iberdi. Çünki men oňa: Ya, Rebbim, jennetde meniň ýoldaşym kim bolar»
diýip sowal berenimde,
Haktagala
-maña: Pylan ýurtda bir gassap ýigitdir, şonuň ýanyna bar diýip buýurdy. Saňa guwançly, hoş habar
getirdim. Eneñe
eden hyzmatyň üçin
Haktagala senden razy
boldy.We eneň dogasy
sebäpli seni jennetde-
maňa
ýoldaş we goñşy etdi.
-diýdi.
27
84
alma___
14.04.2024 18:19
Mazarystana baryp salamym berip.
Goz ýaşymy saklap bilmedim duryp.
Dòzùlmejek ençe ýùzi gum garyp.
Ýalançyñ hakyky ýùzùni gòrdum.

Arzywna ýetmedik dàdeler ýatyr.
Balasyn zarladyp eneler ýatyr.
Açylmanka solan, ýaş juwan ýatyr.
Ajalyñ ir wagt gelenin gòrdim.

Ýùregimiñ òçmejek otlary ýatyr.
Aglan agylarymyñ datlary ýatyr.
Hemmesi hakynda etsemde pikir.
Kalbymdan çykmajak zarlary gòrdùm.

Ýùregim sanjylap, gòzlerim ýaşda.
Undylmajak atlar, ýazylgy daşda.
Ajal gaýyp, bir gùn bolar her başda.
Òlùmiñ biwagt gelenin gòrdim.
26
42
alma___
14.04.2024 10:34
Eneleri başymyza tàc etsegem az.
Ýòne men bir zada haýran galýanda.
Gelin ùçin gaýyn erbet.
Giýew uçin gaýyn erbet.
Hany Kàba deñelýàn ejeler.
27
74
alma___
13.04.2024 17:53
3 bòlùm

Ýöne yşkbaz ýlgidin bihabar zady-da bardy: gyzgyn posalar el telefonynyň ekranyna nagyşlanypdy.
Durmuşda yzsyz yitýän zat ýok.
Erkin gyzyň gulagyna tarap egildi:
-Merjenim, - Erkin hyjuwly pysyrdady. - Şu agsamdan
soň, ikinmiziň ykbal ýodamyz ömürbaky bir bolar.
..Erkin Merjeni ugradanda hyjuwly umyda gaplandy.
Gyz mürehet etmese-de, onuň otagyna girdi. Emma ol ornaşmaga-da ýetişmedi. Otaga Dursun kürsäp girdi.
-Dursun! - Zenana gözi düşende Erkiniň ýüregi üzülip,
aşak sallanan ýaly boldy. Dodaklary, agzy kepedi. OI
kynlyk bilen seslendi. - Bu ýerde sen näme işleýäň?
Dursun sowuk gülümsiredi:
- Seni täze söýgiň bilen gutlamaga geldim.
- Bu ýerde ýaňsa alar ýaly zat ýok. - Yaş ýigit erkini
tijän bolsa gerek. Dursunyň ýüzüne mährewsiz seretdi. -
Heleý gabanjaňlygy seniň ýüregiňi çişiripdir. Köçeler çolaransoň, men Merjeni òýüne ugratdym. Bu ýerde näme aýyp zat bar? Päkize gyza gara sürtjek bolma.
-Täze sòýgiň? - Bu jümläniň aýylganç manysy gyzyň
aňyna ornady. Ol Dursuna öçli garady. - Ol näme diýdigiň boldy? Asyl sen kim?
-Men şu näkesiň aýaly. Bir gyzjagazymyzam bar.
Merjen hopugyp seslendi:
-Aýaly?!
Dursun sesini çykarmady, el telefonynyň ekranyny
Merjene tarap öwürdi. Surat şeýle aýdyň düşürilipdir.
Erkiniň hyýanatly hilesi, päk duýgyňda aldanmak..
Duýdansyz zarba gyzy ysgyn-deramatdan saldy. Ol iki eli bilen ýüzüni tutdy-da, diwanyň üstüne özüni goýberdi. Onuň barmaklarynyň arasyndan gözýaşyň düwmeleri syzýardy. Olar utanjyň-haýanyň, namysyň-aryñ
gòzýaşlarydy. Gyz wyždan ezýetini çekýärdi. Nàkesiň
mekir alyna çolaşyp, ozi aňmasa-da Dursunyň zenanlyk
bagtyna tokunypdyr.
Erkiniň haýasyzlygy Merjeniň gahar-gazabyny oýardy.
-Nàkes, güm bol, meniň otagymdan. - Gyz Erkini sil-
terläp gapydan çykardy. Soňra Dursuna ötüncli garady. -
Dogan, meni bagyşla. Ala-hile çolaşanyny añmandyryn.
-Merjen, men seni ýazgaramok. - Dursun asuda seslendi. - Senem men ýaly näkesiňn pidasy.
- Sizem aldanypsyňyz-da?
-Men durmuşyň örän ýowuz sapagyny äsgermezlik et
dim. - Dursunyň sesinden ahmyr duýuldy. -Gyz maşgala
owadan boldugyça, oňa akyl, duýgurlyk gerek eken.
Gözellikden diňe bagt gelmeýär, oňa gaýgy-hasratam.
jebir jepa-da abanýar. Tolkunyp gelýän bela-beterleri
akyl, duýgurlyk yza serpikdirip bilýär. Bu pähim ynsanyň
añynda ýöne ýere kök uran däldir.
-Sag bol, dogan. Bagtly bolmak üçin owadanlygyň
ýeterlik däldigine gòz ýetirdim.
-Merjen, öňem bir akyldar: «Gyzyň namysy - onuň ähli
zada gaýra dur diýýän iň uly baýlygydyr. Bu uly baýyga
düşen tegmil ýuwulýan däldir diýipdir. Şuny unutmagyn.
Merjen ýürekden dillendi:
-Sag bol, Dursun. Sen meniň gözümi açdyñ.
Zenanlar mähirli hoslasdylar, Ýöne bir zat aýandy: olar
indi suwy üfläp içerler.

soñy.
27
95
alma___
13.04.2024 09:48
2 bòlùm


Saz tözeden güýjedi.
Emma Erkin bu gezek keýpli
bökjeklänokdy. Ony ýakym-
syz bir duygy ynjalykdan
gaçyrypdy. Erkiniň göwnüne
kimdir biri onuň her bir hereke-
tini yzarlaýan ýalydy. Bu duýgy ejirlidi. Yaş ýigidiň keýpine awy
gataýjaga meňzeýärdi.
-Meni yzarlaýan kim? -
Erkin töweregine ünjüli garanjaklady. - Menden görejini
sowman seredýän hepbesiz
niredekä? Yüzlerçe adamyň
arasyndan ony nädip tapyp
bolarka?-Ol tans edýänleri
gaýtadan gözden geçirdi. -
Belki, hol daýanykly ýigitdir? -Olaryň göreçleri tötänden
kaklyşdy. Yöne daýanykly ýigidiň nazary parhsyzdy.
Erkiniň nazary uzyn boýly, garaýagyz zenanda saklandy.
Ol edil guş gaçyran ýalydy. lki gÖzi töweregindedi. El telefonyny ýygy ýygydan gulagyna tutýardy.
Zeleliň ýaryndan gaýtmagam akyldan. Erkin «zal yssy»
diýdide, Merjeni açyk howa alyp çykay. Olar diskotekanyň
işigindäki meýdançada saklandylar. Erkin tomaşa jaýynyň
belent, nagysly gapysyna nazaryny dikdi. Gapydan girip çykýanlar ýeterlikdi.. Emma olaryň arasynda garaýagyz zenan gòze ilmedi.
Ýaş ýigidiň daralan dünýäsi giñedl. Ol Merjeniñ
elini aýasyna aldy-da belent perdeden gopdy.
Merjenim, seni bagtly etjegime gözüm ýetse, özümi oda atmaly bolsa-da ataryn.
Merjen syrlyja gülürnsiredi
-Erkin, sen köp ant içýäň,.
Merjeniň ýüzi agraldy- Yüregiňde ýok zady diliñe alýan bolaýma.
Merjen özi bilmezden-aňmazdan
Erkiniň gowşak damaryny gysypdy ýaş ýigidiñ ýagyrnysy jümşüldäp gitdi. Ruhy sarsgyna
sezewar bolan adam yaly.
sahelçe salym süňňüni tutup bilmedi. Onuň birden howsala
düşmeginiň, aşa tolgunmagynyň sebäbini aňmak kyn däldi.
Söýgüsiniň, ýüreginiň saplygyna Merjeni häziriň özünde
ynandyryp blmese, ol òzüniň galat söýgüsi bilen yüzbe yüz galmalydy.
Erkin özüni ele aldy.
Synagdan geçen gòçümine
yüz urdy. Dag çeşmesi ýaly
joşgunly seslendi.
-Merjen, näzlirn,- Erkin
elini asmana uzatdy. - Belent asmandan, parlak ýyldyzlardan, dolan Ayň şuglasyndan
ant içýärin. Ahli mukaddes
zatlardan äht edýärin. Maňa sensiz şirin janam, ömür hem derkar däl.
«Şeýle belent, mukaddes, zatlardan äht etmek..
Merjenin ýüregine gozgalaň
aralaşdy.
Erkiniň hileli joşguny öz işini bitirdi: Merjen paş-para
eredi. Ol howur çaýylan ýaňagyny Erkiniň döşüne ýaplady.
Yaş ýigit pursady elden bermedi. Gyz erkini tijeýänçă, onuň
ýaňaklaryndan hyjuw bilen öpdi.
Merjen ýürek joşguny bilen pysyrdady:
-Men seni söýýän, Erkin!
Howurly sòzler ýigidiň gyzgyn posalaryna gyzyň jogabydy. Şypaly posalardan soň, ýaş ýigit ýeketäk ynama
saplandy: bu Aýly agsarnda zyba gyz onuň gujagyna
dolar, Ýöne yşkbaz ýlgidin bihabar zady-da bardy: gyzgyn posalar el telefonynyň ekranyna nagyşlanypdy.
Durmuşda yzsyz yitýän zat ýok.
Erkin gyzyň gulagyna tarap egildi:
-Merjenim, - Erkin hyjuwly pysyrdady. - Şu agsamdan
soň, ikinmiziň ykbal ýodamyz ömürbaky bir bolar.

dowamy bar.
21
77
alma___
12.04.2024 22:14
1 bòlùm

Orkestr belent nota çykdy, gopguna-şowhuna
ýugrulan saz uzak ýurtlaryň jeňñellerinden
saýlanyp. günesli sàherdàki diskoteka dolan
yalydy. Yat ülkäniň sazyna düşünýan yokdy.
In yamany onuň heňinden-hörpünden şirin
owaz yaň berenokdy. Dürli saz gurallaryndan
çykyan çirkin ses zala sarsgyn berýardi. Tansa
çykan ýaşlar. olar tagaşyksyz bökjekleýärdiler.
Hereketde sazlaşyk. nepislik bolmansoń, tans
hic bir duýgyny, pikiri aňladanokdy. Tansyň özbolusly mykamlygy hic kimiñ ýadyna-oýuna düşenok.
Erkin keýplije bökjekleýärdi. Merjeniň goşa golundan
tutýar. Merjen ýaş ýigide tarap göwünjeň owsunanokdy.
Erkin ony duýmadyk bolýar. Gyzyň blinden gol salýar.
Merjeniň gaşlary nägilelik bilen çytylýar. Arkan gaýysýar.
Yigidiň elini bilinden emaý bilen aýyrýar. Erkiniň ünsüni
sowmaga howlukýar:
- Erkin, men ýokary bilim almakçy. Dokma senedinin
ählil syryna ýetmekçi.
-Näzlim, -Erkin sowuk dillendi. -Gel, şu agşam dine
soýgi barada söz açaly. Ynha, ajaýyp saz ýaňlanýar, ýaş
juwanlar tans edýärler. Biri-birlerini mähir bilen çoýýarlar.
Giriş zal hazir soýginiň kölüne meňzeyär, gel, bizem jadyly kölde bileje ýüzeli.
Yas ýigit gyzyň jogabyna garaşmady. Yene onuň bilinden gol salanda gyz çytyldy:
-Erkin, bolşuň nähili seń? Zalda blz ikiçäk däl ahyry.
Göz bar, gulak bar.
-Merjen, sen menden aşyk ýigide başartmajak
zady talap edyäń, -Erkin gyzy gaýtadan özüne çek-
di.-Hem söýmek, hem akylly bolmak danalada başartmandyr.
Söygi olaryň akylyny ýele sowrupdyr.
Aşygyň ýùreginde, beýnisinde belent duýgynyň diñe ởzi galypdyr.
Merjen näçe arkan gaýyşsa-da, zaldan çykyp gidiberenokdy. Onuň sebäbini Erkin aňýardy. Gyzy ýüpsüz
danýan güyc, onuň garşylyk görkezip bilmeýan belent
duýgusydy. Erkiniň batyrgaý hereketleri Merjeni gorkuz-
man duranokdy. Yöne ýaş ýigidi ýitirmekden gyz has
beter gorkýardy.
Hakyky söýgi seýrek duşýar..» Keltejik jümle Merjeni
ýaňydan bäri ynjalykdan salýardy. Gyz òz-òzüne sowal
berýärdi. «Bu pähimde hakykat ýokundysy barmyka?
Erkiniň duýgusyny paýlaşyp, men salgyma çapýan bolaýmaýyn?»
Merjen bu sowalyna jogap agtarmaga ýetişmedi.
Golaýdan Erkiniň badyhowa sözleri ýaň berdi:
-Merjenim, adama ýaşlyk bir gezek berilýär. Omrümi-
ziň bahar paslynda, gel, sòýginiň şerbetinden ganaly.
Erkiniň sözierinde howurly hyjuw bardy. Olar gyzy
josgunly durmuşa çagyrýardy. Söýginiň lezzetini syzan
gyz jadyly çakylykdan ýüz òwrerden ejizdi. Belent duýgy
ýaňy-ýakynda tutaşan hem bolsa, gyzyň oý-pikirine.
juwan ýüreginiń her bir urgusyna eýelik edýärdi. Ol bu gún durmuşa sóyginiń nazary, söýginiň talaby bilen seredýärdi. Bu ýerde akyl kesmezçe syr ýok. Merjen ýigrimi bir
ýasyň gerdeninden basypdy. Dokma fabriginde işleýärdi.
Onuň umnumy ýaşaýys jaýynyň aýratynja otagynda
ýaşaýar. Uly durmuşyň gyrasyndan giren gyza, özüne ykbaldan ýaran saýlamaga wagt yetipdi. Ýöne Merjeni
howatyrladýan närseler hem ýetikdi. Akyldar aýdan:
«Jahylyň ýygralygy çyn söýginiň ilkinj alamatydyr. Erkin ýygra däldi. Ol söýgi ummanyny ozalam telim sapar boýlap çykana meňzeýärdi. Ýaş yigit göwün islegini hereket bilen aňlatmaga
höwesek. Iň ýamany ýigit
höwesini gizlänokdy.
Merjeni ynjalykdan salýan ýene bir zat bardy: çyn aşyk òz sòýgüsi barada
her òwrümde gygyryp
ýörmeyär.
Näzik duýgusy barada seýrek dil açýar.Erkin
bolsa, Merjene bolan
söýgüsinden äht
edip ýadanok. Onuň ynsaby,
duýgusy bir päkmikä? Bu sowal
gyzyň beýnisini barha dözümli daraýardy. Arassa ynsaby.
sagdyn ahiak köki bolmasa,
ýaş ýigidiň ýüreginde asylly
Soýgi kòk urup bilmez.

dowamy bar.
20
95
alma___
11.04.2024 17:28
Daýzamyň ogly Gurban bilen çagalygym-
dan bile oýnop ösdürn, Bir mekdepde
okadyk. Özümden uly erkøk doganym
bolmansoň, men ony agam hatarynda
görerdim. Ol menden bir synp ýokarydy,
Özem oňat okaýardy. Men onuń okuw
kitaplaryny ulanardym. Kitaplaryny diýseñ
aýawly hem arassca saklardy, Okuw ýyly ta-
mamlandygy, olaryň ählisini ýygnap, maña bererdi.
Onunjy synpy tamamlanda, ol okuw kitaplary bilen
birlikde gutardyş synaglaryna taýýarlanyp ýazan
àhli gollanmalaryny hem berdi. Gurban orta mek-
debi tapawutlanan bahalar bilen tamamlap, ýokary
Okuw mekdebine girdi.
Okuwa ugramazynyň öň ýanynda ol öýe
gelip, kakam bilen çaý başynda kän gürüň
edip oturdy. Çykyp barýarka-da menden:
«Täze okuw ýylyna taýýarlanýaňmy? Kitaplaryň
ýeterlikmi?» diýip sorady. Men «Hawa» diýip
baş atdym. «Gowja oka» diýdi-de, ol ýylgyryp
¢ykyp gitdi. Täze okuw ýyly başlandy. Okuw es-
baplarymy taýýarlap, ertirki günüň sapaklary-
nyň tertibi boýunça kitaplarymy saýhalladym.
Ertesi irden uly höwes bilen mekdebe gitdim.
Edebiýat sapagy başlandy. Mugallym bizi
täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen gutlap,
tomus dynç alşynyň täsirleri barada ýazmagy
tabşyrdy. Men partamyň üstünde duran kitaby
süysürjek bolup, ony ýere gaçyrdym. Onuň
içinde bukja baryny bilmändirinem. Kitabyň
içinden gaçan bukja atylyp, öňdäki partanyň de-
ňine düşdi. Bu hemmäniň ünsüni özüne çekdi. Eglip
bukjany almakçy boldum. Mugallym gaharlanyp:
«Garlyýewa, bu nä boluş?! Hany ýeriňde otur! Bolar-
bolmaz zada ünsüňizi sowmaň-da, sizem tabşyrygy
ediňl» diýip, hemmämize azgyryldy. Soňra bukjany
galdyryp, Öz stolunyň üstünde goýdy.
Garaşylmnadyk ýagdaýa gaty aljyradym. Tomu
dynç alşynyň täsirlerini nähili ýazanymy bilemok.
Sapak gutaransoň mugallym ýany-
ma gelip bukjany elime berdi-de
«Başga zatlara ünsüňi sowmajak bol diyip cykyp gitdi. Ýüzüme uran ýaly boldum. Bukjany alyp. çolarak ýere çykdym Elinde ot
gysymiap barýan ýalydym. Dasynda hiç hlil ýazgy
bolmadyk bu syrly bukjany açmaga howilugýardym
Ony açyp, iki gat kogyzyň ýūzüne keşde çekilen ýaly
ýazgyny dessine tanadym. Ol Gurbanyñkydy. Okap
başladym: -Kümüş, sen maña düşün! Yüregime hic erk
edip bilmedim. Bu barada õň aýtmakcydym.Seni
doganym ýaly görýãn- diýeriñden gorkup pikirlenip
gezdim. Häzirem şol sözden gorkym ýok dãl Men
seni hiç wagtam doganym hatarynda gôrüp bilmedim. Saña bolan üýtgeşik duýgymy ýüregimde
göterip gezdirn. Men seni söýýän, Kümüş .Haty okap bagryma basanymy duýman galdym.Òzùmi bartly duydym. Hyýalymdaky şazadamyñ òz daýzamyñ ogly bolyp çykmagy meni az begendirmedi.

Maýsa.
29
175
alma___
11.04.2024 05:00
3 bòlùm Ertesi okuw 12-
den başlanýardy.
Biz ir sagat sekiz bolmanka Kadyryň işe başlan
institutynyň jaýyny sorap tapdyk-da, işgärler bölü
mine bardyk. Emma gapy ýapykdy. Biraz wagt-
dan orta ýaşlaryndaky zenan gapyny açýança,
beýleräkde garaşyp durduk. Gapyny açan müdir bize garap:
-Gyzlar, siz maňa garaşýaňyzmy?-diýdi. Biz
müdiriň yzy bilen otaga girdik. Ol:
- Siz iş gözläp geldiizmi?! – diýdi. Men oňa:
- Biz adam gözläp geldik diýdim. OI:
-Hä-å, alimentmi, atasynyň ady, işleýän bölùmi?- diýip sorady. Onýança Zeýnep:
-Ýok. ýok. Aliment däl. On ýyl mundan öň size
Kadyr Ryzzakow diýen oglan işe gelen bolmaly.
Ol sondan biraz wagtdan soň daşary ýurda
gidipdi. Bizi şonuň soňky ykbaly gyzyklandyrýar.
Belki, bize siziň kömegiňiz deger diýip geldik
- diýende, ýaňky aýal bize geň galmak bilen
seretdi.
Professor Kadyr Aslanowiç
hiç wagt daşary ýurda gidenok.
Ol biziřñ lň uly
bölümimiziň ýolbaşçysy. Özem köp wagtyny
uniwersitetde, talyplar
bilen geçiýär. Ol şol
yerde-de sapak berýår. Häzir men size Kadyr
Aslanowiçi tapyp bermäge çalşaýyn – diýdi-de,
gapdalyndaky telefonyň düwmesini basyp:
- Kadyr Aslanowiç! Mümkin bolsa ýanyma
gelip gidiň. Sizi iki sany gözel gyz sorap gelipdir
- diýdi.
Biz Zeýnep bilen biri-birimize seredip, doňup
galdyk. Aradan sähel salym geçensoň gapyny
eda bilen açyp, gömegeý, uzyn boýly, sypaýy ýigit girdi. Zeýnep
ony göreninden
iki eli bilen ýüzů-
ni tutup, aglap
başlady.Gapy-
dan giren Kadyr
Aslanowiç hiç
zada düşünmän
aňk bolup durdy.
Onýança Zeýnep:
- Kadyr.siz aman-
sagmydyňyz? -
Gyzyň ony
baryp gujaklasy
gelýändigi. ýöne
gyzlyk ejabynyň,
nämälimligiň oňa ýerinden butnamaga ýol bermeýändigí duýulýardy. Kadyr Ryzzakowyň özl
onuň ýanyna gelip:
-Zeýnep jan, saglykmy, bala-çagalar gurgun-
-çylykmy?- diýip, oňa elini uzatdy.
Siziň daşary ýurda gitjek diýip beren
telegrammaňyzdan soň habar bolmady. Öňňün
Rano duşdum, olam siz bilen bagly elhenç ha-
bary aýtdy. Häzirem. - diýip, Zeýnep aglap goýberdi.
-Zeýnep jan, sen näme Ranony tanaňokmy?
Ol şum habary gözläp tapýar, Ol maňa-da seniň
birmahal durmuşa çykyp, meni unudandygyňy
aýdypdy. Sen bilýäň-ä, onuň òzüniň mende
göwni bardy. Esasy zat ol seni meni gözlemäge
mejbur edipdir. Seniň maşgala durmuşyň gowu
my?
-Maşgala ýok mende. Cykmadym. Ol barada pikirem etmedim - diýeninden, Kadyr ony
çyny bilen bagryna basdy.

soñy.
21
209
alma___
10.04.2024 17:30
2 bòlum Ony okywy gutaralym bäri görmändim. Şu gün
bazarda biz tötànden sataşaýdyk. Geçen günleri ýatlaşdyk
-diýdi. Yöne onuň jorasy nãçe owadan bolsa-da. ondan edil buz ýaly sowuklyk
töwerege ýaýraýardy. Dogrusy bu perizadyň
kiçijik otagymyzdan çaltrak giderine gyssandym.
Zeynep bilen ikiçäk galyp, Çagalarym bilen
düşen suratymy görkezesim, onuň üçin owadan
gyzyl keteniden ýakasyny, ýeňini bejerdip tikdiren
Kòýnegimi geýdiresim, ony begendiresim gelýär-
di. Meniň ýagdaýymy aňýan ýaly Rano gitmek
bilen boldy. Zeýnep:
- Men Ranony duralga çenli ugradyp geleýin.
sen çaý içip, biraz dynç alyber. Yoldan ýadap
gelensiň -diýdi-de, synpdaşy bilen çykyp gitoi.
Zeýnep şol gidişine agşam naharyndanam soň
gaty keýpsiz halda geldi. Men ondan nirà giden-
igini soramda, ol: «Men dükanlara aýlandym»
diýdide, otagymyzyň eýwanynyň öňünde ap-ak
bolup güläp oturan agaja garap, Öz dilinde:
«O-ho, badam
güllegen, senem badam gllerini halardyň, janym»... diýip, iki eli bilen ýüzüni
tutup aglap başlady. Men hiç zada düşünmän
men aljyradym
Zenep jan,badam güllese
gülläpdir-dä. Nämä aglaýaň?» diýip, ony gu-
jakladym. Ol:
- Kadyr jan badam güllerini gowy görerdi.
Ol maňa badam gülleriniň arasynda söýgüsini bildiripdi. Indem men onuň ýogalandygyny
badam güllän wagty eşitdim diyip,
öňküdenem beter sojap-sojap aglayardy.
Onuň kalbynda, gör, näçe ýyllap ümürläp
duran gaýgy-gussa dumany barha garalyp
barýana döndi. Men Zeýnebiň owadan
gözleriniň hemişe gussaly görünýändiginiň
sebäbine indi düşünip başladym. Ony eýwandan otaga geçirip, sowap giden çaýdan
bir käse guýup berdim-de:
- Zeýnep jan, rahatlansana, belki ol habar
ýalandyr- diýip, oňa göwünlük bermekçi
boldum.
- Wah, ýalan bolarmy. Rano Kadyryň
maşynynyň ýol hadysasyna uçrap, Soňam
ýanandygyny gürrüň berdi
-Onda, òýlerine, aýada görnüp gaydaýsaň bolardy -diýdim. Ol:
-Wah, ol neressäniň ýeke òzidir. Yekeje garry ejesem biz talyp wagtymyz aýrylypdy. Ol
Okuwy gutarandan soň ylmy institutlaryň birinde işe galypdy. Ol maňa «Sen garaş, men size
sawçy ibererin. Ýöne, hökman garas. Men biraz
wagtdan jaý meselämizi çözerin. Toý üçin az owlak harajatlyk pul toplaýyn» diýipdi. Şondan
soň men oňa köp garaşdym. Diňe ýekeje gezek onuň maňa «Bagtly bol! Men daşary ýurtda gitýàn okuwymy dowam etdirjek. Maňa garaşma»
diýen telegrammasyny aldym. Şondan soň men
ony ýitirdim.
Ýöne ýürek öz diýenini edýär. Men ony unudup, başga göwün berip bilmedim. Yogalandyr
öýdüp pikirem etmeýärdim. Oňa hiç wagt gar-
gamadym. Wah, ölenden namartlyk edip, başga
birine öýlendi diýen habary eşitsem-de gowy
bolardy. Ertir juma güni, Rano gelip meni onuň
guburyna zyýarata äkitjek diýdi. Bizde durmuşa
çykjak ýigidi ýogalan gyzlar onuň üstüne baranda, boýdan-başa ak geýmeli. Şonuň üçinem
dukanlara aýlanyp, özüme ak eşik aldym. Erte
sagat on ikä Rano yzymdan geljek - diýdi. Ol
agsamy bilen yatman, aglap, alan eşiklerini ütüklàp taýýarlady.
Şol günữn ertesi biziň okuwymyz başlanýardy.
Men irden okuwa gaýdamda Zeýnep entek
yatyrdy. Şol gün günortan sagat ikilere gelsem-
de, Zeynep Rano garaşyp, açyk eýwanda, badam agajynyň güllerini synlap, doňdurylan ýaly
bolup durdy. Gelenimi görüp, yanyma geldi.
Men ondan: «Rano geldimi, gidip geldiňizmi?»
diýip soradym. Ol: ýok, ol gelenok, şol garaşyp
durşum» diýdi.
Ol öýläne çenli eşiklerini çykarman garaşyp
ofurdy. Emma Ranodan weli derek bolmady...
Zeýnebiň
halyna gaty gy-
nandym. Oňa
Kadyryň işlän
edarasyna baryp,
onuň soňky ykbaly
bilen gyzyklanma-
gy teklip etdim. OI
razylaşdy. Sebäbi
indi aýatda yok
adama gahar edip otyrmak gelşiksizdi.

dowamy bar.
20
108