alma___
13.04.2024 17:53
3 bòlùm

Ýöne yşkbaz ýlgidin bihabar zady-da bardy: gyzgyn posalar el telefonynyň ekranyna nagyşlanypdy.
Durmuşda yzsyz yitýän zat ýok.
Erkin gyzyň gulagyna tarap egildi:
-Merjenim, - Erkin hyjuwly pysyrdady. - Şu agsamdan
soň, ikinmiziň ykbal ýodamyz ömürbaky bir bolar.
..Erkin Merjeni ugradanda hyjuwly umyda gaplandy.
Gyz mürehet etmese-de, onuň otagyna girdi. Emma ol ornaşmaga-da ýetişmedi. Otaga Dursun kürsäp girdi.
-Dursun! - Zenana gözi düşende Erkiniň ýüregi üzülip,
aşak sallanan ýaly boldy. Dodaklary, agzy kepedi. OI
kynlyk bilen seslendi. - Bu ýerde sen näme işleýäň?
Dursun sowuk gülümsiredi:
- Seni täze söýgiň bilen gutlamaga geldim.
- Bu ýerde ýaňsa alar ýaly zat ýok. - Yaş ýigit erkini
tijän bolsa gerek. Dursunyň ýüzüne mährewsiz seretdi. -
Heleý gabanjaňlygy seniň ýüregiňi çişiripdir. Köçeler çolaransoň, men Merjeni òýüne ugratdym. Bu ýerde näme aýyp zat bar? Päkize gyza gara sürtjek bolma.
-Täze sòýgiň? - Bu jümläniň aýylganç manysy gyzyň
aňyna ornady. Ol Dursuna öçli garady. - Ol näme diýdigiň boldy? Asyl sen kim?
-Men şu näkesiň aýaly. Bir gyzjagazymyzam bar.
Merjen hopugyp seslendi:
-Aýaly?!
Dursun sesini çykarmady, el telefonynyň ekranyny
Merjene tarap öwürdi. Surat şeýle aýdyň düşürilipdir.
Erkiniň hyýanatly hilesi, päk duýgyňda aldanmak..
Duýdansyz zarba gyzy ysgyn-deramatdan saldy. Ol iki eli bilen ýüzüni tutdy-da, diwanyň üstüne özüni goýberdi. Onuň barmaklarynyň arasyndan gözýaşyň düwmeleri syzýardy. Olar utanjyň-haýanyň, namysyň-aryñ
gòzýaşlarydy. Gyz wyždan ezýetini çekýärdi. Nàkesiň
mekir alyna çolaşyp, ozi aňmasa-da Dursunyň zenanlyk
bagtyna tokunypdyr.
Erkiniň haýasyzlygy Merjeniň gahar-gazabyny oýardy.
-Nàkes, güm bol, meniň otagymdan. - Gyz Erkini sil-
terläp gapydan çykardy. Soňra Dursuna ötüncli garady. -
Dogan, meni bagyşla. Ala-hile çolaşanyny añmandyryn.
-Merjen, men seni ýazgaramok. - Dursun asuda seslendi. - Senem men ýaly näkesiňn pidasy.
- Sizem aldanypsyňyz-da?
-Men durmuşyň örän ýowuz sapagyny äsgermezlik et
dim. - Dursunyň sesinden ahmyr duýuldy. -Gyz maşgala
owadan boldugyça, oňa akyl, duýgurlyk gerek eken.
Gözellikden diňe bagt gelmeýär, oňa gaýgy-hasratam.
jebir jepa-da abanýar. Tolkunyp gelýän bela-beterleri
akyl, duýgurlyk yza serpikdirip bilýär. Bu pähim ynsanyň
añynda ýöne ýere kök uran däldir.
-Sag bol, dogan. Bagtly bolmak üçin owadanlygyň
ýeterlik däldigine gòz ýetirdim.
-Merjen, öňem bir akyldar: «Gyzyň namysy - onuň ähli
zada gaýra dur diýýän iň uly baýlygydyr. Bu uly baýyga
düşen tegmil ýuwulýan däldir diýipdir. Şuny unutmagyn.
Merjen ýürekden dillendi:
-Sag bol, Dursun. Sen meniň gözümi açdyñ.
Zenanlar mähirli hoslasdylar, Ýöne bir zat aýandy: olar
indi suwy üfläp içerler.

soñy.
27
95
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.