alma___
10.04.2024 17:30
2 bòlum Ony okywy gutaralym bäri görmändim. Şu gün
bazarda biz tötànden sataşaýdyk. Geçen günleri ýatlaşdyk
-diýdi. Yöne onuň jorasy nãçe owadan bolsa-da. ondan edil buz ýaly sowuklyk
töwerege ýaýraýardy. Dogrusy bu perizadyň
kiçijik otagymyzdan çaltrak giderine gyssandym.
Zeynep bilen ikiçäk galyp, Çagalarym bilen
düşen suratymy görkezesim, onuň üçin owadan
gyzyl keteniden ýakasyny, ýeňini bejerdip tikdiren
Kòýnegimi geýdiresim, ony begendiresim gelýär-
di. Meniň ýagdaýymy aňýan ýaly Rano gitmek
bilen boldy. Zeýnep:
- Men Ranony duralga çenli ugradyp geleýin.
sen çaý içip, biraz dynç alyber. Yoldan ýadap
gelensiň -diýdi-de, synpdaşy bilen çykyp gitoi.
Zeýnep şol gidişine agşam naharyndanam soň
gaty keýpsiz halda geldi. Men ondan nirà giden-
igini soramda, ol: «Men dükanlara aýlandym»
diýdide, otagymyzyň eýwanynyň öňünde ap-ak
bolup güläp oturan agaja garap, Öz dilinde:
«O-ho, badam
güllegen, senem badam gllerini halardyň, janym»... diýip, iki eli bilen ýüzüni
tutup aglap başlady. Men hiç zada düşünmän
men aljyradym
Zenep jan,badam güllese
gülläpdir-dä. Nämä aglaýaň?» diýip, ony gu-
jakladym. Ol:
- Kadyr jan badam güllerini gowy görerdi.
Ol maňa badam gülleriniň arasynda söýgüsini bildiripdi. Indem men onuň ýogalandygyny
badam güllän wagty eşitdim diyip,
öňküdenem beter sojap-sojap aglayardy.
Onuň kalbynda, gör, näçe ýyllap ümürläp
duran gaýgy-gussa dumany barha garalyp
barýana döndi. Men Zeýnebiň owadan
gözleriniň hemişe gussaly görünýändiginiň
sebäbine indi düşünip başladym. Ony eýwandan otaga geçirip, sowap giden çaýdan
bir käse guýup berdim-de:
- Zeýnep jan, rahatlansana, belki ol habar
ýalandyr- diýip, oňa göwünlük bermekçi
boldum.
- Wah, ýalan bolarmy. Rano Kadyryň
maşynynyň ýol hadysasyna uçrap, Soňam
ýanandygyny gürrüň berdi
-Onda, òýlerine, aýada görnüp gaydaýsaň bolardy -diýdim. Ol:
-Wah, ol neressäniň ýeke òzidir. Yekeje garry ejesem biz talyp wagtymyz aýrylypdy. Ol
Okuwy gutarandan soň ylmy institutlaryň birinde işe galypdy. Ol maňa «Sen garaş, men size
sawçy ibererin. Ýöne, hökman garas. Men biraz
wagtdan jaý meselämizi çözerin. Toý üçin az owlak harajatlyk pul toplaýyn» diýipdi. Şondan
soň men oňa köp garaşdym. Diňe ýekeje gezek onuň maňa «Bagtly bol! Men daşary ýurtda gitýàn okuwymy dowam etdirjek. Maňa garaşma»
diýen telegrammasyny aldym. Şondan soň men
ony ýitirdim.
Ýöne ýürek öz diýenini edýär. Men ony unudup, başga göwün berip bilmedim. Yogalandyr
öýdüp pikirem etmeýärdim. Oňa hiç wagt gar-
gamadym. Wah, ölenden namartlyk edip, başga
birine öýlendi diýen habary eşitsem-de gowy
bolardy. Ertir juma güni, Rano gelip meni onuň
guburyna zyýarata äkitjek diýdi. Bizde durmuşa
çykjak ýigidi ýogalan gyzlar onuň üstüne baranda, boýdan-başa ak geýmeli. Şonuň üçinem
dukanlara aýlanyp, özüme ak eşik aldym. Erte
sagat on ikä Rano yzymdan geljek - diýdi. Ol
agsamy bilen yatman, aglap, alan eşiklerini ütüklàp taýýarlady.
Şol günữn ertesi biziň okuwymyz başlanýardy.
Men irden okuwa gaýdamda Zeýnep entek
yatyrdy. Şol gün günortan sagat ikilere gelsem-
de, Zeynep Rano garaşyp, açyk eýwanda, badam agajynyň güllerini synlap, doňdurylan ýaly
bolup durdy. Gelenimi görüp, yanyma geldi.
Men ondan: «Rano geldimi, gidip geldiňizmi?»
diýip soradym. Ol: ýok, ol gelenok, şol garaşyp
durşum» diýdi.
Ol öýläne çenli eşiklerini çykarman garaşyp
ofurdy. Emma Ranodan weli derek bolmady...
Zeýnebiň
halyna gaty gy-
nandym. Oňa
Kadyryň işlän
edarasyna baryp,
onuň soňky ykbaly
bilen gyzyklanma-
gy teklip etdim. OI
razylaşdy. Sebäbi
indi aýatda yok
adama gahar edip otyrmak gelşiksizdi.

dowamy bar.
20
108
ayymsha
10 Aprel 2024
Dowamyna garaşýan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.