alma___
11.04.2024 17:28
Daýzamyň ogly Gurban bilen çagalygym-
dan bile oýnop ösdürn, Bir mekdepde
okadyk. Özümden uly erkøk doganym
bolmansoň, men ony agam hatarynda
görerdim. Ol menden bir synp ýokarydy,
Özem oňat okaýardy. Men onuń okuw
kitaplaryny ulanardym. Kitaplaryny diýseñ
aýawly hem arassca saklardy, Okuw ýyly ta-
mamlandygy, olaryň ählisini ýygnap, maña bererdi.
Onunjy synpy tamamlanda, ol okuw kitaplary bilen
birlikde gutardyş synaglaryna taýýarlanyp ýazan
àhli gollanmalaryny hem berdi. Gurban orta mek-
debi tapawutlanan bahalar bilen tamamlap, ýokary
Okuw mekdebine girdi.
Okuwa ugramazynyň öň ýanynda ol öýe
gelip, kakam bilen çaý başynda kän gürüň
edip oturdy. Çykyp barýarka-da menden:
«Täze okuw ýylyna taýýarlanýaňmy? Kitaplaryň
ýeterlikmi?» diýip sorady. Men «Hawa» diýip
baş atdym. «Gowja oka» diýdi-de, ol ýylgyryp
¢ykyp gitdi. Täze okuw ýyly başlandy. Okuw es-
baplarymy taýýarlap, ertirki günüň sapaklary-
nyň tertibi boýunça kitaplarymy saýhalladym.
Ertesi irden uly höwes bilen mekdebe gitdim.
Edebiýat sapagy başlandy. Mugallym bizi
täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen gutlap,
tomus dynç alşynyň täsirleri barada ýazmagy
tabşyrdy. Men partamyň üstünde duran kitaby
süysürjek bolup, ony ýere gaçyrdym. Onuň
içinde bukja baryny bilmändirinem. Kitabyň
içinden gaçan bukja atylyp, öňdäki partanyň de-
ňine düşdi. Bu hemmäniň ünsüni özüne çekdi. Eglip
bukjany almakçy boldum. Mugallym gaharlanyp:
«Garlyýewa, bu nä boluş?! Hany ýeriňde otur! Bolar-
bolmaz zada ünsüňizi sowmaň-da, sizem tabşyrygy
ediňl» diýip, hemmämize azgyryldy. Soňra bukjany
galdyryp, Öz stolunyň üstünde goýdy.
Garaşylmnadyk ýagdaýa gaty aljyradym. Tomu
dynç alşynyň täsirlerini nähili ýazanymy bilemok.
Sapak gutaransoň mugallym ýany-
ma gelip bukjany elime berdi-de
«Başga zatlara ünsüňi sowmajak bol diyip cykyp gitdi. Ýüzüme uran ýaly boldum. Bukjany alyp. çolarak ýere çykdym Elinde ot
gysymiap barýan ýalydym. Dasynda hiç hlil ýazgy
bolmadyk bu syrly bukjany açmaga howilugýardym
Ony açyp, iki gat kogyzyň ýūzüne keşde çekilen ýaly
ýazgyny dessine tanadym. Ol Gurbanyñkydy. Okap
başladym: -Kümüş, sen maña düşün! Yüregime hic erk
edip bilmedim. Bu barada õň aýtmakcydym.Seni
doganym ýaly görýãn- diýeriñden gorkup pikirlenip
gezdim. Häzirem şol sözden gorkym ýok dãl Men
seni hiç wagtam doganym hatarynda gôrüp bilmedim. Saña bolan üýtgeşik duýgymy ýüregimde
göterip gezdirn. Men seni söýýän, Kümüş .Haty okap bagryma basanymy duýman galdym.Òzùmi bartly duydym. Hyýalymdaky şazadamyñ òz daýzamyñ ogly bolyp çykmagy meni az begendirmedi.

Maýsa.
29
175
Kenno_Tabi
11 Aprel 2024
@ayymsha, boşwer
ayymsha
11 Aprel 2024
@Kenno_Tabi, salam näme üçin
Kenno_Tabi
11 Aprel 2024
😐 bizaraý şular ýaly hekaýalardan...
Bitter
11 Aprel 2024
Kartinka "hic zada garasma" diyya, hekaya ideal sazada garasmak barada 😁
medik_
11 Aprel 2024
😊👍
bbsb
11 Aprel 2024
Menede boldy su yagday🙂
ayymsha
11 Aprel 2024
👍👍👍❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.