alma___
12.04.2024 22:14
1 bòlùm

Orkestr belent nota çykdy, gopguna-şowhuna
ýugrulan saz uzak ýurtlaryň jeňñellerinden
saýlanyp. günesli sàherdàki diskoteka dolan
yalydy. Yat ülkäniň sazyna düşünýan yokdy.
In yamany onuň heňinden-hörpünden şirin
owaz yaň berenokdy. Dürli saz gurallaryndan
çykyan çirkin ses zala sarsgyn berýardi. Tansa
çykan ýaşlar. olar tagaşyksyz bökjekleýärdiler.
Hereketde sazlaşyk. nepislik bolmansoń, tans
hic bir duýgyny, pikiri aňladanokdy. Tansyň özbolusly mykamlygy hic kimiñ ýadyna-oýuna düşenok.
Erkin keýplije bökjekleýärdi. Merjeniň goşa golundan
tutýar. Merjen ýaş ýigide tarap göwünjeň owsunanokdy.
Erkin ony duýmadyk bolýar. Gyzyň blinden gol salýar.
Merjeniň gaşlary nägilelik bilen çytylýar. Arkan gaýysýar.
Yigidiň elini bilinden emaý bilen aýyrýar. Erkiniň ünsüni
sowmaga howlukýar:
- Erkin, men ýokary bilim almakçy. Dokma senedinin
ählil syryna ýetmekçi.
-Näzlim, -Erkin sowuk dillendi. -Gel, şu agşam dine
soýgi barada söz açaly. Ynha, ajaýyp saz ýaňlanýar, ýaş
juwanlar tans edýärler. Biri-birlerini mähir bilen çoýýarlar.
Giriş zal hazir soýginiň kölüne meňzeyär, gel, bizem jadyly kölde bileje ýüzeli.
Yas ýigit gyzyň jogabyna garaşmady. Yene onuň bilinden gol salanda gyz çytyldy:
-Erkin, bolşuň nähili seń? Zalda blz ikiçäk däl ahyry.
Göz bar, gulak bar.
-Merjen, sen menden aşyk ýigide başartmajak
zady talap edyäń, -Erkin gyzy gaýtadan özüne çek-
di.-Hem söýmek, hem akylly bolmak danalada başartmandyr.
Söygi olaryň akylyny ýele sowrupdyr.
Aşygyň ýùreginde, beýnisinde belent duýgynyň diñe ởzi galypdyr.
Merjen näçe arkan gaýyşsa-da, zaldan çykyp gidiberenokdy. Onuň sebäbini Erkin aňýardy. Gyzy ýüpsüz
danýan güyc, onuň garşylyk görkezip bilmeýan belent
duýgusydy. Erkiniň batyrgaý hereketleri Merjeni gorkuz-
man duranokdy. Yöne ýaş ýigidi ýitirmekden gyz has
beter gorkýardy.
Hakyky söýgi seýrek duşýar..» Keltejik jümle Merjeni
ýaňydan bäri ynjalykdan salýardy. Gyz òz-òzüne sowal
berýärdi. «Bu pähimde hakykat ýokundysy barmyka?
Erkiniň duýgusyny paýlaşyp, men salgyma çapýan bolaýmaýyn?»
Merjen bu sowalyna jogap agtarmaga ýetişmedi.
Golaýdan Erkiniň badyhowa sözleri ýaň berdi:
-Merjenim, adama ýaşlyk bir gezek berilýär. Omrümi-
ziň bahar paslynda, gel, sòýginiň şerbetinden ganaly.
Erkiniň sözierinde howurly hyjuw bardy. Olar gyzy
josgunly durmuşa çagyrýardy. Söýginiň lezzetini syzan
gyz jadyly çakylykdan ýüz òwrerden ejizdi. Belent duýgy
ýaňy-ýakynda tutaşan hem bolsa, gyzyň oý-pikirine.
juwan ýüreginiń her bir urgusyna eýelik edýärdi. Ol bu gún durmuşa sóyginiń nazary, söýginiň talaby bilen seredýärdi. Bu ýerde akyl kesmezçe syr ýok. Merjen ýigrimi bir
ýasyň gerdeninden basypdy. Dokma fabriginde işleýärdi.
Onuň umnumy ýaşaýys jaýynyň aýratynja otagynda
ýaşaýar. Uly durmuşyň gyrasyndan giren gyza, özüne ykbaldan ýaran saýlamaga wagt yetipdi. Ýöne Merjeni
howatyrladýan närseler hem ýetikdi. Akyldar aýdan:
«Jahylyň ýygralygy çyn söýginiň ilkinj alamatydyr. Erkin ýygra däldi. Ol söýgi ummanyny ozalam telim sapar boýlap çykana meňzeýärdi. Ýaş yigit göwün islegini hereket bilen aňlatmaga
höwesek. Iň ýamany ýigit
höwesini gizlänokdy.
Merjeni ynjalykdan salýan ýene bir zat bardy: çyn aşyk òz sòýgüsi barada
her òwrümde gygyryp
ýörmeyär.
Näzik duýgusy barada seýrek dil açýar.Erkin
bolsa, Merjene bolan
söýgüsinden äht
edip ýadanok. Onuň ynsaby,
duýgusy bir päkmikä? Bu sowal
gyzyň beýnisini barha dözümli daraýardy. Arassa ynsaby.
sagdyn ahiak köki bolmasa,
ýaş ýigidiň ýüreginde asylly
Soýgi kòk urup bilmez.

dowamy bar.
20
95
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.