alma___
15.04.2024 12:07
Rowayat

Hezreti Musa Tur
dagynda
Haktagaladan umyt etdi,
Dileg kyldy:
Ýa, Rebbim, jennetde
ýoldaşym, dostum, goňşym
kim bolar?
Haktagala Musaga:
- Eý, Musa! Pylan ýerde
gassaplar icinde ýaşajyk bir gassap
bar, ol seniň jennetdäki ýoldaşyňdyr
- diýip, wahy iberdi.
Musa pygamber ýola cykdy. Ol şol
ýurda baryp, gassaby gòzlàp tapdy. Birsalym onuň dükanynda oturdy. Gas-
sap ýigit Hezreti Musany öýüne
çagyrdy, myhman aldy. Gassap nurana, ýüzi ýagty, mähirli myhmanyndan hoşal boldy. Saçak başynda
oturdylar. Gassap ýigit özi naharlanmazdan öň ýokarda, diwarda asylyp
goýlan ullakan sandygy emaý bilen aldyda, ýerde goýdy. Onuň içinden bili
bükük, kellesi dyzyna degip duran
bir garry kempiri çykardy. 0ny çagany naharlan ýaly naharlady, çaý
içirdi, sypalap, endamyny owkalady,
soňra kempiri sandyga salyp, ýene asyp goýdy.
Kempir nahar iýip bolup, bir zatlar pysyrdady. Emma oňa düşünip bolmady.
Hezreti Musa:
- Oglum, bu kempir seniň kimiň bor? - diýip sorady.
Gassap:
Bu aýal meniň mähriban enemdir. Oturyp-turmaga, nahar iýip-içmäge mejaly ýok. Gije-gündiz men
ona seretýàrin. Naharlanmak we
beýleki zerurlyklarynyň hemmesini
elimden geldigiçe hoş mylakatda
berjaý edyärin - diýdi.
Hezreti Musa:
Oglum, eneňe edýän hyzmatlaryňdan hoşal boldum, emma ony
sandykda asyp goýmagyň sebābine düşünmedim - diýdi.
Gassap:
- Hezretim, ozallar enem ýerde,
düşekde ýatýardy. Bir gün men öýde
yok mahalym, togalanyp, gapynyň agzyna barypdyr. Indi oňa bir zelel
ýetäýmesin diyip, diwardan asyp goýýaryn - diyip, jogap berýär.
Hezreti Musa:
Oglum, eneňe nahar bereniňden soň, onuň agzy, dodagy gybyrdap,
müňküldäp, bir zatlar diýýärdi. Ol seniň hyzmatyňdan hoşal bolup, doga-dileg edýärmi? - diýip sorady.
Gassap:
- Ol: «Ya, Rebbim! Men oglumdan
- hoşal we razydyryn, sen hem razy bol. Ya, Rebbim, men enelik hakymy
berjaý etdim, hususan-da, emdiren süýdümi perzendime halal etdim,
beren süýdüme razy men. Ya, rebbim, ahyrýetde sen meniň oglumy
- Jenneti Aglada Pygamberimiz Hezreti Musa aleýhyssalama dost eýle,
- ýoldaş kyl» diýip doga etdi - diýdi.
Hezreti Musa:
-Eý, ýigit, men Musa KelimmuIlah, häzir Tur dagyndan geldim. Meni seniň ýanyňa Haktagala iberdi. Çünki men oňa: Ya, Rebbim, jennetde meniň ýoldaşym kim bolar»
diýip sowal berenimde,
Haktagala
-maña: Pylan ýurtda bir gassap ýigitdir, şonuň ýanyna bar diýip buýurdy. Saňa guwançly, hoş habar
getirdim. Eneñe
eden hyzmatyň üçin
Haktagala senden razy
boldy.We eneň dogasy
sebäpli seni jennetde-
maňa
ýoldaş we goñşy etdi.
-diýdi.
27
84
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.