alma___
11.04.2024 05:00
3 bòlùm Ertesi okuw 12-
den başlanýardy.
Biz ir sagat sekiz bolmanka Kadyryň işe başlan
institutynyň jaýyny sorap tapdyk-da, işgärler bölü
mine bardyk. Emma gapy ýapykdy. Biraz wagt-
dan orta ýaşlaryndaky zenan gapyny açýança,
beýleräkde garaşyp durduk. Gapyny açan müdir bize garap:
-Gyzlar, siz maňa garaşýaňyzmy?-diýdi. Biz
müdiriň yzy bilen otaga girdik. Ol:
- Siz iş gözläp geldiizmi?! – diýdi. Men oňa:
- Biz adam gözläp geldik diýdim. OI:
-Hä-å, alimentmi, atasynyň ady, işleýän bölùmi?- diýip sorady. Onýança Zeýnep:
-Ýok. ýok. Aliment däl. On ýyl mundan öň size
Kadyr Ryzzakow diýen oglan işe gelen bolmaly.
Ol sondan biraz wagtdan soň daşary ýurda
gidipdi. Bizi şonuň soňky ykbaly gyzyklandyrýar.
Belki, bize siziň kömegiňiz deger diýip geldik
- diýende, ýaňky aýal bize geň galmak bilen
seretdi.
Professor Kadyr Aslanowiç
hiç wagt daşary ýurda gidenok.
Ol biziřñ lň uly
bölümimiziň ýolbaşçysy. Özem köp wagtyny
uniwersitetde, talyplar
bilen geçiýär. Ol şol
yerde-de sapak berýår. Häzir men size Kadyr
Aslanowiçi tapyp bermäge çalşaýyn – diýdi-de,
gapdalyndaky telefonyň düwmesini basyp:
- Kadyr Aslanowiç! Mümkin bolsa ýanyma
gelip gidiň. Sizi iki sany gözel gyz sorap gelipdir
- diýdi.
Biz Zeýnep bilen biri-birimize seredip, doňup
galdyk. Aradan sähel salym geçensoň gapyny
eda bilen açyp, gömegeý, uzyn boýly, sypaýy ýigit girdi. Zeýnep
ony göreninden
iki eli bilen ýüzů-
ni tutup, aglap
başlady.Gapy-
dan giren Kadyr
Aslanowiç hiç
zada düşünmän
aňk bolup durdy.
Onýança Zeýnep:
- Kadyr.siz aman-
sagmydyňyz? -
Gyzyň ony
baryp gujaklasy
gelýändigi. ýöne
gyzlyk ejabynyň,
nämälimligiň oňa ýerinden butnamaga ýol bermeýändigí duýulýardy. Kadyr Ryzzakowyň özl
onuň ýanyna gelip:
-Zeýnep jan, saglykmy, bala-çagalar gurgun-
-çylykmy?- diýip, oňa elini uzatdy.
Siziň daşary ýurda gitjek diýip beren
telegrammaňyzdan soň habar bolmady. Öňňün
Rano duşdum, olam siz bilen bagly elhenç ha-
bary aýtdy. Häzirem. - diýip, Zeýnep aglap goýberdi.
-Zeýnep jan, sen näme Ranony tanaňokmy?
Ol şum habary gözläp tapýar, Ol maňa-da seniň
birmahal durmuşa çykyp, meni unudandygyňy
aýdypdy. Sen bilýäň-ä, onuň òzüniň mende
göwni bardy. Esasy zat ol seni meni gözlemäge
mejbur edipdir. Seniň maşgala durmuşyň gowu
my?
-Maşgala ýok mende. Cykmadym. Ol barada pikirem etmedim - diýeninden, Kadyr ony
çyny bilen bagryna basdy.

soñy.
21
209
alma___
2 Iýun 2024
@ideallider, sag boluñ òwrenmeliñ halypa agzalary meniñ ýazanymy halamadylar òýtýàn ...diýip pikirlenip başlapdym
ideallider
2 Iýun 2024
@indi, howwa dogry her 3 ýa 4 setirden harp ýalňyşlygy gaýtalanýar. Ýogsada men şeýdip çintgeläp-çintgeläp, ýalňyşansyran bolup, seni isleýşimçe ugrukdyrjak bolýanymy duýýamy?😉👍
alma___
2 Iýun 2024
@ideallider, okap gòrùñ her setirde ýalñyş ýokdyr menem grammatika ùns berýàn ýalñyşlyk bolyp biler ýòne seýrek ýagdaýda
ideallider
2 Iýun 2024
@indi, men her setirdäki harp ýalňyşlygy göz öňüne tutupdum. Köp okyjylar şu sebäpli okaman geçýärler, sebäbi harp ýalňyşlygy köp bolsa lezzetdäde, ezýet bolýar.
alma___
11 Aprel 2024
Okaman baha bermek dogrymyka
ideallider
11 Aprel 2024
@indi, size
ideallider
11 Aprel 2024
@indi, gyzyklydäl.
alma___
11 Aprel 2024
@ideallider, nirede ýalñyş goýberdumka? Men
ideallider
11 Aprel 2024
@indi, men alym professordäl, sen talypdäl. Oksforda ugratmak aladamam ýok. Olar egzamende... Karoçe yzy "Dogry, dürslemegi öwrenmek" gowuluk. A ýalňyşyp ýene ýalňyşlar göýberip gezmeklik, bu hem seň pikiriňçe gowuluk 🤦🏻‍♂️
alma___
11 Aprel 2024
Sùýde siñe seretseñ, gan gòrner. Sùytden gan gòzlemek gelşiksiz bolaýmasa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.