alma___
06.07.2024 10:12
Nebsim agyrýar
awtor: BERDINAZAR HUDAÝNAZAROW
Ýetmişden soñ söýgi hakda gürläne,
Gaharym gelenok, nebsim agyrýar.
Gumuñ ýollarynda iññe gözläne,
Gaharym gelenok, nebsim agyrýar.
Men tagzym edýärin baryn berene,
Şöhrat bolsun öz sözünde durana,
Aklyñ azalanyn bilmän ýörene,
Gaharym gelenok, nebsim agyrýar.
Seýran etseñ ýakynlara, daşlara,
Sataşýarsyñ kölege dek başlara,
Öz özünden aşa göwnühoşlara,
Gaharym gelenok, nebsim agyrýar.
Dünýäniñ bar syryn biljek bolýana,
Böwregi bökmezden güljek bolýana,
Allañ bermedigin aljak bolýana,
Gaharym gelenok, nebsim agyrýar.
11
33
alma___
29.06.2024 15:17
Hekeaýa 4
- Gel, ýaş ýigit, geç, otur!-diýip,
oňa oturmaga yer görkezdi. Meret jaýlaşykly oturanyndan soň, lukmana garap:
-Lukman aga, men-ä teleýaýlymda
siziň çykysyňyzy görüp, maslahat soraýyn diýip geldim - diýdi.
-Ay, tüweleme, teleýaylyma
cykanyna entek günem geçenok welin, eýýäm geläydinizmi? Aýdyp oturyň!
Aýtsam, indi biziň ýedi ýyl båri çagamyz bolanok. Görünmedik lukmanymyz,
barmadyk tebibimiz galmady.
Bir özüňiz geldiňizmi?
-Hawa. Ýeke özüm geläýdim.
-Onda, ýaş ýigit, öyüńize gaýdyń-da, ýanýoldaşyňyzam, önki lukmançylyk barlaglarynyň netijenamalarynam alyp
geläýiň. Soň biz şolara seredip, sizi täze-
den barlagdan geçireris.
Lukmanyň bu sözlerini eşidip, begenjinden daşaryk atylyp çykan Merediň
göwni, edil ogly bolan ýyaly, al-asmana uçdy. Ol gyssagly myhmanhanadan
goşlaryny alyp, demir ýol menziline tapap eňdi. Ol otluda barýarka-da, onuň
tizligini pes görýän ýaly, uçaýjak bolup, öýüne ýetmäge howlugýardy.
Meret Aşgabada gaýdandan soň, iki güni geçirip, Kadyr aga Gurbangülüň kakasy, gullukdaşy Artyk aganyňka bardy.
Artyk aga daşarda mallaryna ot tdöküp
yördi. Gullukdaşlar öye girip, ondan-mundan
gürrüň edip, çaý-nahar iýip-içdiler. Soňra
Kadyr aga:
- Artyk, men-ä habarlyja gelendirin diýip, biraz agras ýagdaýa geçdi.
-Habaryň bolsa, aýdyber.
Aýtsam, bizde instituty täze gutaryp gelen Jahan diýip bir gyz işleýär. Olam
arada Meret bilen oba gaýdanymyzda,
başga bir Meret atly oglana hat iberdi.
Meredem haty ol oglana gowşuryp bilmedi. Çünki ol oglan şol wagt iş bilen şähere giden eken. Hatam Merediň jübüsinde
galansoň, işe gitjek günümizem jigimiz
Gurbangül ol haty tapyp okapdyr. Ol ýerde-de Meret diýip ýazylgy bolansoň, Gurbangülüň Meretden göwni garalypdyr.
Meredem oňa bolan zady düşündirip bilmändirmi ýa jigimiz Gurbangül duşünjek
bolmandyrmy, garaz, aralaryna biraz tow
düşúpdir. Bilyäň-ä, Artyk, Merediň gowy
oglandygyny! Men-ä ony tanalym bäri,
erbetlikde adynyň çykan ýeri ýok. Meniň -a
ýanyňa gelenimden Merediň habary ýok-I
. Ynha, meniň-ä habarym şeýle.
Ara esli dymyşlyk düşeninden soń,
Artyk aga:
-Bä! Bü-ýä bolmandyr-ow. Ol
biraz oýurganyp durdy-da- Şu wagt
Meret hem oba geldimi?- diýip, gullukdaşyna soragly bakdy.
- Ýok, ol Aşgabatda. Hasabat tabşyrmaga gitdi.
Şeýlemi, onda, Kadyr, gideli. Sen bu zatlary gyzyma bolşy-bolşy ýaly gürrüň ber. Goý, ol bu zatlary senden öz
gulagy bilen eşitsin.
- Şunyň-a jaý bolaýdy. Yör, gitsek gideli.
Kadyr aga bilen Artyk aga Mahmal gelnejänem alyp, Gurbangülüň ýanyna
geldiler, Kadyr aga bolan zatlary Gurbangüle jikme-jik aýdyp berdi. Gurbangül
adamsyna müňkürlik edeni üçin özüni
müýnli saýyp, ýüzüni aşak saldy. Şol wagt
eline gelen jaň sesi Gurbangüli çuň oý-hy-
ýallaryndan aýňaltdy.
Gurbangül, diňleýäňmi? Bu men...
-Meret! Tanadym. - Ol biraz sakanaklady-da, sözüni dowam etdi. Meret, meni bagyşla! Men baryna düşündim! Kadyr aga gürrüň berdi. Men saňa
ynanmazçylyk edipdirin. Meni bagyşla.
– Ýok-la, Gurbangül, bärde bolan zat ýok-la! Sen köşeşen bolsaň bolýar
maňa. Onsoňam men, neme, Aşgabada
gaýdypdym. Häzir otluda. Meniň başga
hoş habarlarymam bar. Baransoň, baryny gürrüň bererin..
Lukmanyň maslahatyndan şypa tapandan soň, ýaşlaryň göwün guşlary
asmana göterilip, dünýä bagtyny buşlaýan ýalydylar...
Aýlar aýlanyp, aradan ýyl geldi. Artyk
aga bilen Kadyr aga Merediň öýünde agtyk
toýunda otyrdylar. Meret bolsa häzir aýagy
ýere degmän, gelen-gidenlere hyzmat edyärdi. Toý şowhuny al-asmana göterilýärdi.
Çünki perzentsizligiň jebrini çekip gezen
Meretdir Gurbangülüň arzuwlary wysal
bolup, ogul bäbek dünýä inipdi.
Cùlşat Abdyweliýewa
13
59
alma___
28.06.2024 22:54
Hekaýa 3
Ol hatyny hem hut özüne gowşyr diýensoň, elin gowşuryp bilmedim. Ol hatam meniň jübimde galypdy. Gurbangülem işe gaýtjak günüm,
siziň barmazyňyzyň öňüsyrasy, şol haty
tapyp okapdyr hem-de maňa ýazylan hatdyr diýip, ot aldy. Ony düşündirmäge-de
wagtym bolmady.
Yeri, onsoň?!
Onsoňy şol. Ol içini çekip aglady,
«Meni taşlajak bolýaň» diýdi. Bolany şol.
Kadyr aga bu bolan waka güljeginem bilmedi, gynanjagynam.
- Sen oňa hiç zat diýmän çykyp gaýdyberdiňmi?
-Aý, näme, barybir, oňa şol wagt
hiç zat düşündirip bolmaýar. Baranymdan soň düşündirerin.
-Haý, Meret. Edeniň bar bol-a! Şol wagt maňa aýdan bolsaň boljag-a. Me-
seläni cürt-kesik ederdim. Indi sen bärde
gam çek, gelin aňyrda gam çeksin. Oňarmansyň-ow, oňarmansyň. Hany, men bir
pikirleneýin-diýip, Kadyr aga daşary çykyp gitdi.
Kadyr aga ömrüniň tas ýarysyny şu edarada sürüji bolup işläp gelýärdi. Ol aňzak gysyň sowugyny, jokrama tomsuň yssysyny
hem şu çöllerde geçiripdi. Her hili adamlar
bilen iş salşypdy. Näçe ýyl işlese-de, birine
kömek eden bolaýmasa, zelel eden ýeri
iisen gününe gynandy.
de, birine
- kömek eden bolaýmasa, zelel eden ýeri
ýokdy. Ol Merediň düşen gününe gynandy.
Olaryň çagalarynyň bolmaýanyny bilyärdi,
şoňa-da ýüregi gyýlyp ýördi. Kadyr aga gidip barşyna, içini gepledyärdi: «Gelip-gelip,
bu hat näme diýsene? Ozalam kem göwün
gelin, üstesine-de bu hat näme!?
– Kadyr aga, haçan alyp gitjek täze burawa?-diýip, Jahan bir ýerden peýda boldy.
- Hä, gyzym, Jahan, bu senmi?
Günortan naharyndan soň gideris. Oňa
çenli ulagyň ol-bu ýerine seredeýin. Yogsa-da Meret gelsin diýdi saňa.
Bor, ine bardym.
Meret edilen işleriň resminamalaryny gözden geçirip oturyşyna:
- Mümkinmi? - diýen sese gapa
garady.
Hà, Jahan, gel.
Sorapsynyz, Meret Hydyrowiç!
Jahan edaradaky işdeşleriniň hemmesine hormatlap, olaryň adyny atasynyñ ady bilen tutyardy.
-Hawa, Jahan geç, otur. - Jahan ornaşanson, Meret söze başlady.- Neme, Jahan. Men seniň hatyny gowşuryp
bilmedim. Atdaş iş bilen birnäçe günlük
şähere giden ekeni. Gaýdýançam gelmedi diyip, haty Jahana uzatdy. Jahan näme diýjegini bilmän:
-Aý, zeleli ýok. Ýone...
- Ýönesi şol, Jahan, bagyşla, ol haty bilmän gelnejeň Gurbangül maňa gelen
hatdyr öýdüp açypdyr. Onuň üçin bolsa
ötünç soraýan.
– Men, beý diýjek bolmadym.
Diýseňem-diýmeseňem, ýagdaý
şeýle. Men Kadyr aga aýtdym, wagt tapyp, seni täze burawa alyp gider diýip, gepi başga ýana sowdy.
- Indi bolsa, işe geçýäris. Düýnki barlaghananyň netijelerini gyssagly mü-
dirlige ibermeli. Şu gün Arslan şähere
gidýär. Şondan iber. Gidip bilersiň-diýip, Meret telefona yapyşdy.
Jahan aýtjak sözüni aýdyp bilmän,bialaç çykyp gitdi.
Bu gürrüňlerden soň yene iki gün
geçdi. Meret hasabat bilen Aşgabada gitmeli boldy. Ol gerekli resminamalary
alyp şähere gidýän ulaga münüp, paýtagta geldi, myhmanhana ýerleşdi. Şol
günüh ertesi hasabat tabşyrmaga gitdi.
Ol merkeze hasabat bereninden soň,
myhmanhana dolandy. Günorta çaýyny içip otyrka, otagyndaky telewizorda
başlan «Saglygym - baýlygym» atly
gepleşige tomaşa edýärdi. Onda hormatly Prezidentimiziň il saglygy ugrunda
edýän atalyk aladalary netijesinde biziň
döwletimize täze getirilen, döwrebap
lukmançylykda zerur bolan tehnologiýa-
lar barada gyzykly gürrüňdeşlik gidýärdi.
Çykyş edýän ak ýektaýly lukman bolsa
täze gelen bu lukmançylyk tehnologi-
ýasynyň önelgesizlikde ejir çekýänleri
barlagdan geçirmekde uly peýdasyny,
bardygyny jikme-jik düşündirýärdi, Meret gepleşigi dykgat bilen dińläninden
son, şol merkeze baryp gaýtmagy makul
bildi. Hà diýmänem, duralga bardy. yzyny üzmän gelyän awtobuslaryrň içinden
özüne geregini saýlap münüp, merkeze
ryp tarap gitdi. Güler ýüzli lukmanlar Meredi
garşy alyp, haýsy mesele bilen gelenini anyklanyndan soň, ony maslahat beris
we kabul ediş bölümine ugratdylar. Meret
gapyny kakyp:
- Mümkinmi? -diýip, otaga gireninden soň ýüzlendi.
Onuň gabat garşysynda oturan ak ýektaýly lukman bolsa teleýaýlymda
çykyş eden şol lukmandy:
dowamy bar
14
76
alma___
28.06.2024 13:19
Hekaýa 2
Sawçy heler kyrk kişi alar gider bir kişi , diylişi yaly, Gurbangül üçin gelen sawçylaryň arasynda ýaşlaryň söýgüsi yeñiş gazandy: iki tarapyň ylalaşygy esasynda, Meret bilen Gurbangülüň toýlary tutuldy. Gurbangülüň Merede barýanlygyny eşiden Amangül gelneje şol
wagtlar bolup bilenini bolupdy. Her hili myş-myşlar ýaýradypdy. Emma, barybir, paltasy daşa degipdi. Şondan bäri hem jorasy Mahmaldan we onuň gyzy Gurbangülden, hamana, köýen ary bar ýaly
hereket edyärdi. Meret bilen Gurbangülüň çagalarynyň bolmazlygy onuň üçin uly tutaryk bolupdy. Ol birnäçe gezek Mahmal gelnejäniň ýanyna baryp, onuň
hem keýpine sogan dograp gaýdypdy. II
, içinde bolsa: «Meret Gurbangülüň çagasy bolmaýanlygy üçin, onuň bilen aýrylyşjakmyş, täzeden öýlenjekmişin» diýen gürrüňi hem Amangül gelneje ýaýradypdy. Bir gezek obanyň dükanynda
Gurbangüle duşup, göyä, buşluk habary
ýaly, oña hem bu barada aýdypdy. Perzentsizlikden ejir çekýän Gurbangülde
soňabaka bu bos gürrüňe azda-kände
şühbe döräp başlady. Yöne, barybir, ol
Merediň söyýänligine ynanýardy. Emma
bu gün onun jübüsinden çykan hata bolsa näme diýjegini bilmän, gam laýyna batypdy. Her gezek ýanýoldaşy Meret
is yerine baranda, Gurbangüle jaň edip.
sag-aman barandygyny aýdardy. Bu gezek bolsa şu wagta çenli jaň gelmedi...
Meret ýolda-da, iş yerine baranda-da. «Gurbangüle bu hat barada nädip düşündirsemkäm?»> diýip, köp oýlanýardy. Onuň
bir aladasynyň bardygyny köpügören Kadyr aga Meret ulaga münenden aňypdy.
Yöne özi dillenmese, soramaýyn diýdi.
Merediň Gurbangüle jaň edesi gelýärdi,
ýöne jaň etse, onuň nähili jogap berjegini
bilmän, köp pikirlendi. Dogrusy, Merediň
işläp, iş bilen hem seri bolmady. Şondan
soň üçülenji gün Kadyr aga Merediň ýeke
galan pursadyny peýläp, onuň ýanyna bir
bahanajyk bilen baryp:
- Meret! Şu Jahana men-ä düşün-
ýän däldirin. Düýn maña: «Kadyr aga
gaýraky guýa gidip geleniňden soń, meni ilerki täze açylan burawa alyp gitsene»
diyip, yürek-bagryma düşdi. Ol buraw
entek işe taýyn däl-ä?! Jahanyň ol ýerde
nämesi barka? diýdi.
Meret:
-Kadyr aga, ol ýaş hünärmen. Onsoñam buraw barada köpräk bilesi gel-
yändir. Iş tejribesini artdyrjak bolýandyr.
Wagtyň bolsa, aýlap gel. Görsün burawyň taýýarlyk işleriniň hem nähilidigini.
Ýogsa-da häzir Jahan nirede?
-Ol öz iş otagynda.
–Kadyr aga, kyn görmeseňiz, gide-
niňde, Jahana aýtsana, meniň ýanyma gelip gitsin.
Kadyr aga:
-Men senden bir zady soraýyn diýip ýördüm. Şu gezek işe geleliň bäri, bir-
hili, ýüzüň salyk görünýä-le! Bir derdiň-ä
bar seniň?– diýip ýüzlendi.
Kadyr aganyň bu sözüne Meret birhili bolup. «Bä, içki aladam daşyma-da çy-
kypdyr-ow» diýip, içini gepletdi. Soňam:
ýok» diýip, pikirlenip durşuna, dillendi.
-Onuň iki sebäbi bar! Birinjisi,
perzentsizlik, ikinjisi, Jahanyň haty. Ay.
garaz, derdim ýetik, Kadyr aga. ,
-Bä, Meret, birinji meseläň-ä düşnükli, ýöne ikinji hat diýýäniň näme?
-Aý...
-Aý, diýme, belkem, biziň kömegimiz deger.
- Kömegiňiziň degmegem mümkin, degmezligäm.
– Weý, weý, beý diýmäweri, sen aýt,
kömegim deger ýaly bolsa, elimden gelenini ederin.
Meret biraz oýa batdy-da, söze başlady.
-Kadyr aga, ýadyňdamy, arada oba
gitmänkäk, Jahan maňa bir hat beripdi.
- Hawa, ýadymda.
– Yadyňda bolsa, oba baranymdan
soň, men şol haty atdaşym Merede gowşurmalydym. Ony gözläp tapyp bilmedim.
Ol birnäçe günlük şähere gidipdir.
dowamy bar
14
96
alma___
27.06.2024 14:27
Hekaýa 1 bölüm
Obanyň ilersinde bişen kerpiçden gelşikli edilip gurlan jaý, çölde
geologiýa edarasynda işleýän Merediň öyüdi. Ol bu gün çöle gitmäge
taýýarlyk görüp, nobatçy ulagyň gelerine
garaşyp, adaty bolşy ýaly, ýatdan çykan zat
bolmasyn diýip, gaýta-gaýta goş-golamy-
ny gözden geçirýärdi. Aýaly Gurbangülem
adamsynyň ýola geýjek penjegini tertipleşdirýärdi. Birdenem Gurbangül penjegiň goltuk jübüsine elini sokup, ol ýerden bir
hat çykardy. Ilki oňa ünsem bermedi. Yöne bilesigelijilik duýgulary üstün çykyp,
hatyň gatyny açdy we ony howlukmaç okamaga başlady. Onda şu sözler bardy:
di meniňem durmuşa çykmaga wagtyn
bolandygyny aýdýarlar. Öye gelýän sawçylaryň biriniň sözüni aljakdygyny aýtdylar. Eger sen, hakykatdanam, meni gowy
görýän bolsaň, onda ejeň dagyny öye ýolla! Ýogsam men mundan artyk.». Yzyny
okamaga Gurbangülüň takady ýetmedi.
gahary gelip, ýetjek derejesine ýetdi. OI sannyldap hem sesini sandyradyp:
- Bu hat kimden? - diýip, öz işine gümra bolup oturan adamsyna haýbatly
ýüzlendi. Meret muňa gowni bir ýaly:
– Bu hat meniň bir işgärimiň haty.
Ýöne ony eýesine gowşuryp bilmedim
diýip, haty Gurbangülüň elinden aldy.
- Ýalan sözlemäge utanaňokmy?
Ynha, bu ýerde seniň adyň bar ahyry!-
- diýip, Gurbangül ýaňy hüjüme geçip başlanda, daşardan ulag sesi eşidilip, onuň sözüni böldi.
Ara salym düşmänkä, daşardan nobatçy ulagyň sürüjisi Kadyr aganyň sesi
a eşidildi:
- Meret!
- Hä. Kadyr aga, geldiňmi! Salawmaleýkim. Öye gir, çaý içeli!
Waleýkimessalam. Yok, Meret ýol
uzak, gijä galman ugraly-diýip, Kadyr
- aga edilen mürähede sypaýyçylykly jo-
gap berdi.
Dogry aýdýaň, Kadyr aga! wagt ýitirmän, ýola düşeli.
Meret yzyna dolanyp, goşlaryny alyp,
gapydan çykjak bolanda, Gurbangül:
Men senden beýle ýagdaýa garaşmandym. Çagamyzyň bolmaýanyna
men günäkärmi? Meniň ýazygym näme?
Iş bahanasy bilen meniň bilen aýrylyşjak
bolýanyňy öňem bilýädim. Bu barada
Amangül daýza-da hol gün ýaňzydypdy-diýdi. Beýle kesgitli sözlere garaşma-
dyk Meret Gürbangüle näme diýjegini
bilmedi. Oňa zat düşündirmegiň hem
häzir wagty däldigine düşünýän Meret:
- Sen ýalňyşýaň, Gurbangül! Gelenimden soň düşünişeris. Kadyr agany
hem garaşdyryp durmaýyn. Häzirlikçe hoş,
jaň ederin - diýdi-de, öýden çykdy. Az salymdan ulagyň sesi öýden daşlaşyp,
ümsümlik aralaşdy..
Gurbangül bilen Merediň toý edenlerine indi ýedi ýyl töweregi bolupdy.
Yöne olaryň çagalary bolanokdy, ýüz tutmadyk lukmany, barmadyk tebibi
galmandy. Emma her gezegem olaryň
paltasy daşa degýärdi. Meret bilen Gurbangülüň önelgesizlik ejirini diňe bir
özleri çekmän, eýsem, olaryň hossarlary
hem bilelikde çekýärdiler.
Entek Gurbangül bilen Meret toý etmezden ozal, duşuşýan wagtlary olaryń
süyji-süýji arzuwlary bardy.
Gurbangülüň ejesi Mahmal daýzanyň jorasy Amangül her gezek bulara
geleninde, Gurbangüle ogly Batyr üçin hyrydarlyk gözi bilen garaýardy. Ejesini
yryp bilsem, gyzynyň gitjek ýeri bolmaz diýen düşünje bilenem jorasy Mahmalyň
ýanyna dürli bahanalar bilen ýygy-ýygydan gelerdi. Amangül gelneje jorasy
Mahmal gelnejä bu barada aýdanda, ol:
«Nesibäňde bolsa, alarsyň» diýip, gysgaça jogap beripdi. Sebäbi ene bilen gyzyň arasyndaky gürrüňdeşliginde Gurbangül öz synpdaşy Meredi halaýandygyny
aýdypdy. Olaryň duşuşýanlygyndan
hem onuň habary bardy
«Gyzly öýe kyrk atly geler, nesibelisi alar.
dowamy bar
17
91