alma___
28.06.2024 13:19
Hekaýa 2

Sawçy heler kyrk kişi alar gider bir kişi , diylişi yaly, Gurbangül üçin gelen sawçylaryň arasynda ýaşlaryň söýgüsi yeñiş gazandy: iki tarapyň ylalaşygy esasynda, Meret bilen Gurbangülüň toýlary tutuldy. Gurbangülüň Merede barýanlygyny eşiden Amangül gelneje şol
wagtlar bolup bilenini bolupdy. Her hili myş-myşlar ýaýradypdy. Emma, barybir, paltasy daşa degipdi. Şondan bäri hem jorasy Mahmaldan we onuň gyzy Gurbangülden, hamana, köýen ary bar ýaly
hereket edyärdi. Meret bilen Gurbangülüň çagalarynyň bolmazlygy onuň üçin uly tutaryk bolupdy. Ol birnäçe gezek Mahmal gelnejäniň ýanyna baryp, onuň
hem keýpine sogan dograp gaýdypdy. II
, içinde bolsa: «Meret Gurbangülüň çagasy bolmaýanlygy üçin, onuň bilen aýrylyşjakmyş, täzeden öýlenjekmişin» diýen gürrüňi hem Amangül gelneje ýaýradypdy. Bir gezek obanyň dükanynda
Gurbangüle duşup, göyä, buşluk habary
ýaly, oña hem bu barada aýdypdy. Perzentsizlikden ejir çekýän Gurbangülde
soňabaka bu bos gürrüňe azda-kände
şühbe döräp başlady. Yöne, barybir, ol
Merediň söyýänligine ynanýardy. Emma
bu gün onun jübüsinden çykan hata bolsa näme diýjegini bilmän, gam laýyna batypdy. Her gezek ýanýoldaşy Meret
is yerine baranda, Gurbangüle jaň edip.
sag-aman barandygyny aýdardy. Bu gezek bolsa şu wagta çenli jaň gelmedi...
Meret ýolda-da, iş yerine baranda-da. «Gurbangüle bu hat barada nädip düşündirsemkäm?»> diýip, köp oýlanýardy. Onuň
bir aladasynyň bardygyny köpügören Kadyr aga Meret ulaga münenden aňypdy.
Yöne özi dillenmese, soramaýyn diýdi.
Merediň Gurbangüle jaň edesi gelýärdi,
ýöne jaň etse, onuň nähili jogap berjegini
bilmän, köp pikirlendi. Dogrusy, Merediň
işläp, iş bilen hem seri bolmady. Şondan
soň üçülenji gün Kadyr aga Merediň ýeke
galan pursadyny peýläp, onuň ýanyna bir
bahanajyk bilen baryp:
- Meret! Şu Jahana men-ä düşün-
ýän däldirin. Düýn maña: «Kadyr aga
gaýraky guýa gidip geleniňden soń, meni ilerki täze açylan burawa alyp gitsene»
diyip, yürek-bagryma düşdi. Ol buraw
entek işe taýyn däl-ä?! Jahanyň ol ýerde
nämesi barka? diýdi.
Meret:
-Kadyr aga, ol ýaş hünärmen. Onsoñam buraw barada köpräk bilesi gel-
yändir. Iş tejribesini artdyrjak bolýandyr.
Wagtyň bolsa, aýlap gel. Görsün burawyň taýýarlyk işleriniň hem nähilidigini.
Ýogsa-da häzir Jahan nirede?
-Ol öz iş otagynda.
–Kadyr aga, kyn görmeseňiz, gide-
niňde, Jahana aýtsana, meniň ýanyma gelip gitsin.
Kadyr aga:
-Men senden bir zady soraýyn diýip ýördüm. Şu gezek işe geleliň bäri, bir-
hili, ýüzüň salyk görünýä-le! Bir derdiň-ä
bar seniň?– diýip ýüzlendi.
Kadyr aganyň bu sözüne Meret birhili bolup. «Bä, içki aladam daşyma-da çy-
kypdyr-ow» diýip, içini gepletdi. Soňam:
ýok» diýip, pikirlenip durşuna, dillendi.
-Onuň iki sebäbi bar! Birinjisi,
perzentsizlik, ikinjisi, Jahanyň haty. Ay.
garaz, derdim ýetik, Kadyr aga. ,
-Bä, Meret, birinji meseläň-ä düşnükli, ýöne ikinji hat diýýäniň näme?
-Aý...
-Aý, diýme, belkem, biziň kömegimiz deger.
- Kömegiňiziň degmegem mümkin, degmezligäm.
– Weý, weý, beý diýmäweri, sen aýt,
kömegim deger ýaly bolsa, elimden gelenini ederin.
Meret biraz oýa batdy-da, söze başlady.
-Kadyr aga, ýadyňdamy, arada oba
gitmänkäk, Jahan maňa bir hat beripdi.
- Hawa, ýadymda.
– Yadyňda bolsa, oba baranymdan
soň, men şol haty atdaşym Merede gowşurmalydym. Ony gözläp tapyp bilmedim.
Ol birnäçe günlük şähere gidipdir.

dowamy bar
14
95
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.