Durmuşda gowy adamlary görüp,
olaryn waspyny edere söz tapmaýaň.
ýöne käbir erbet häsiýetli adamlary
göreniňde bolsa, olary sokara ýer tapañok.
Durmuşda gowy diýip tanaýan
adamlaryňam käbiriniň edýän işlerine içgin aralaşyp görseň, ony-da erbet adamlaryň hataryna goşasyň gelýär.
** *
Hiç kimiň gözi eglenmeyän adamy
bilen hem gyzyklanyp, ony çuňňur öwrensen, sen onda özüňe nämälim
bolan ençeme zadyň bardygyna göz
ýetirýärsiň.
* * *
Içki dünýämden eşidilen inini tikenekledýän çirkin sese tisginip gitdim.
Seredip görsem, bu ýazykly bolsa-da,
özüni aklamaga çalyşýan ýüregimiň ynsabyma garşy edyän söweşi ekeni. Yüregim häzir-ä ýan berenok. Yöne, mydama
hakykat üstün çykýar.
* * *