alma___
29.06.2024 15:17
Hekeaýa 4

- Gel, ýaş ýigit, geç, otur!-diýip,
oňa oturmaga yer görkezdi. Meret jaýlaşykly oturanyndan soň, lukmana garap:
-Lukman aga, men-ä teleýaýlymda
siziň çykysyňyzy görüp, maslahat soraýyn diýip geldim - diýdi.
-Ay, tüweleme, teleýaylyma
cykanyna entek günem geçenok welin, eýýäm geläydinizmi? Aýdyp oturyň!
Aýtsam, indi biziň ýedi ýyl båri çagamyz bolanok. Görünmedik lukmanymyz,
barmadyk tebibimiz galmady.
Bir özüňiz geldiňizmi?
-Hawa. Ýeke özüm geläýdim.
-Onda, ýaş ýigit, öyüńize gaýdyń-da, ýanýoldaşyňyzam, önki lukmançylyk barlaglarynyň netijenamalarynam alyp
geläýiň. Soň biz şolara seredip, sizi täze-
den barlagdan geçireris.
Lukmanyň bu sözlerini eşidip, begenjinden daşaryk atylyp çykan Merediň
göwni, edil ogly bolan ýyaly, al-asmana uçdy. Ol gyssagly myhmanhanadan
goşlaryny alyp, demir ýol menziline tapap eňdi. Ol otluda barýarka-da, onuň
tizligini pes görýän ýaly, uçaýjak bolup, öýüne ýetmäge howlugýardy.
Meret Aşgabada gaýdandan soň, iki güni geçirip, Kadyr aga Gurbangülüň kakasy, gullukdaşy Artyk aganyňka bardy.
Artyk aga daşarda mallaryna ot tdöküp
yördi. Gullukdaşlar öye girip, ondan-mundan
gürrüň edip, çaý-nahar iýip-içdiler. Soňra
Kadyr aga:
- Artyk, men-ä habarlyja gelendirin diýip, biraz agras ýagdaýa geçdi.
-Habaryň bolsa, aýdyber.
Aýtsam, bizde instituty täze gutaryp gelen Jahan diýip bir gyz işleýär. Olam
arada Meret bilen oba gaýdanymyzda,
başga bir Meret atly oglana hat iberdi.
Meredem haty ol oglana gowşuryp bilmedi. Çünki ol oglan şol wagt iş bilen şähere giden eken. Hatam Merediň jübüsinde
galansoň, işe gitjek günümizem jigimiz
Gurbangül ol haty tapyp okapdyr. Ol ýerde-de Meret diýip ýazylgy bolansoň, Gurbangülüň Meretden göwni garalypdyr.
Meredem oňa bolan zady düşündirip bilmändirmi ýa jigimiz Gurbangül duşünjek
bolmandyrmy, garaz, aralaryna biraz tow
düşúpdir. Bilyäň-ä, Artyk, Merediň gowy
oglandygyny! Men-ä ony tanalym bäri,
erbetlikde adynyň çykan ýeri ýok. Meniň -a
ýanyňa gelenimden Merediň habary ýok-I
. Ynha, meniň-ä habarym şeýle.
Ara esli dymyşlyk düşeninden soń,
Artyk aga:
-Bä! Bü-ýä bolmandyr-ow. Ol
biraz oýurganyp durdy-da- Şu wagt
Meret hem oba geldimi?- diýip, gullukdaşyna soragly bakdy.
- Ýok, ol Aşgabatda. Hasabat tabşyrmaga gitdi.
Şeýlemi, onda, Kadyr, gideli. Sen bu zatlary gyzyma bolşy-bolşy ýaly gürrüň ber. Goý, ol bu zatlary senden öz
gulagy bilen eşitsin.
- Şunyň-a jaý bolaýdy. Yör, gitsek gideli.
Kadyr aga bilen Artyk aga Mahmal gelnejänem alyp, Gurbangülüň ýanyna
geldiler, Kadyr aga bolan zatlary Gurbangüle jikme-jik aýdyp berdi. Gurbangül
adamsyna müňkürlik edeni üçin özüni
müýnli saýyp, ýüzüni aşak saldy. Şol wagt
eline gelen jaň sesi Gurbangüli çuň oý-hy-
ýallaryndan aýňaltdy.
Gurbangül, diňleýäňmi? Bu men...
-Meret! Tanadym. - Ol biraz sakanaklady-da, sözüni dowam etdi. Meret, meni bagyşla! Men baryna düşündim! Kadyr aga gürrüň berdi. Men saňa
ynanmazçylyk edipdirin. Meni bagyşla.
– Ýok-la, Gurbangül, bärde bolan zat ýok-la! Sen köşeşen bolsaň bolýar
maňa. Onsoňam men, neme, Aşgabada
gaýdypdym. Häzir otluda. Meniň başga
hoş habarlarymam bar. Baransoň, baryny gürrüň bererin..
Lukmanyň maslahatyndan şypa tapandan soň, ýaşlaryň göwün guşlary
asmana göterilip, dünýä bagtyny buşlaýan ýalydylar...
Aýlar aýlanyp, aradan ýyl geldi. Artyk
aga bilen Kadyr aga Merediň öýünde agtyk
toýunda otyrdylar. Meret bolsa häzir aýagy
ýere degmän, gelen-gidenlere hyzmat edyärdi. Toý şowhuny al-asmana göterilýärdi.
Çünki perzentsizligiň jebrini çekip gezen
Meretdir Gurbangülüň arzuwlary wysal
bolup, ogul bäbek dünýä inipdi.

Cùlşat Abdyweliýewa
13
58
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.