alma___
01.07.2024 11:08
Kim kimden üytgeşik, kim kimden artyk?
Aýby ýokdur donuň bolsa-da ýyrtyk,
Daşyna müň dürli hiläni serpip
Ýürekde kir saklan ýüzler utansyn.

Eklenjiň aýby ýok iş bolsa halal,
Rysgalyň Hak berse ýagşyňa ýarar.
Edebin, ekramyn saklanda aýal
Betniýetli bakan gözler utansyn.

Anangeldi Nurgeldiýew
15
38
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.