abat
18.05.2023 11:53
Ýadyňdamy? Mundan iki ýyl öň seniň bilen bir güljagaz ekdik .Adynada söýgi diýip at beripdik.Ony günde seniň bilen synlaýadyk, gowy ideg edýädik.Ol maňa her ýakymly söz aýdanyňda, mähirli seredeniňde täze gunçalaryny çykarýardy.Güljagaz gaty owadandy welin oňa başgalaram höwes gözi bilen seredýärdiler. 1 ýylyň içinde güljagaz şeýle bir ulaldy şeýle köp gunçalar çykardy.Men eger şeýle ideg edilse geljekde güljagazymyzdan bir ullakan gül bakjasyny döretjegimize ynanýardym.Ýöne bu umydym başa barmady.....Aramyzda gaty köp düşünişmezlikler döredi we ýagdaý gülümizede öz täsirini ýetirmän goýmady.biz bir-birimiziň göwnümize degenimizde,biri birimizi ynjydanmyzda ol bir gunçasyndan aýryldy.Şeýdip aradan 2 ýyl geçdi güljagaz gunçalarynyň ählisini diýen ýaly ýitirdi.Güljagaz indi gunçalanok.sebäbi: " SEN GITDIŇ BU ŞÄHERDEN"Gülümiz erbet ýagdaýda ,biz ony ýitireris diýip gorkýan.Ol täzeden güllemegi üçin oňa güneş gerek.Ol bolsa sende...Men özgä göwün bermäge synanşjak bolanymda gülüň tikenleriniň maňa şeýle bir batanyny duýýan.Ýöne näme üçindir ol tikenler saňa täsir etmeýän ýaly.Men saňa gülümizden aýryljagymyzy ýatlatmak üçin ýazdym bu haty. bu güliň öňkisi ýaly gunçalamajagany bilsemde soň puşman bolmazlyk üçin ýazdym.
UNUTMA! Sen özgäniň gülüne güneş bolan güniň,men gülümizi düýbünden aýyraryn we onuň topragy hiç haçan gül ýetişdirmez.Egerde men bir gün özgäniň nesibesi bolsam, başganyň topragynda ekilen güle elimden geldigiçe gowy seretmäge çalyşaryn.Sen ýaly bir güliň solmagyna sebäpçi bolmazlygym üçinem oňa gowy serederin.
12
250
abat
17.05.2023 13:20
1. Araplar orta asyrlarda haýsy şahmat figurasi sebäpli ol oýny oýnamaklyga garşy çykypdyrlar we sebäbi?
2.Lukmanlaryň aýtmagyna görä ol keşbini eýeleri çep gulagynyň eşitmezliginden iň köp şikaýatçy bolýan ekenler.Olar kimler?
3.Nähili ýagdaýda biz 2-ä seredip 10 diýýäs?
4.Ol size degişli ýöne başgalar ony size seredende köpräk ulanýar.Ol näme?
5. 4 sany 4-den dürli matematiki amallary ulanyp 20 çykarmaly
13
377
abat
16.05.2023 13:51
Garrylyk gorkusy.
Biziň ýaşymyz ulaldygyça bu gorky bizde döräp başlaýar.Ol adamyň beýnisi has tapdan düşen wagty ýüze çykýar.muňa akyl taýdan seredip göreliň:
Bi­rin­ji­den,­ gar­ry­lyk­ di­ýen­ zat­ ýok,­ se­bä­bi­ süňk­le­ri­miz­dir­ dişle­ri­mi­zi­ ha­sap­ et­me­sek­ bede­ni­mi­ziň­ öý­jük­le­ri ­on ­bir­ aýdan ­ar­tyk ­ýa­şa­nok.­Biz­ her­ gün ­mil­lion­lar­ça­ öý­jük ­ýi­ti­rip,­mil­lion­lar­ça ­tä­ze ­öý­jü­gi­ dö­redýäs.­Onuň­ ýa­ly­ bol­sa­ bi­ziň­ haý­sy­ ýe­ri­miz­ gar­raýar?­
Bi­ziň ­gar­ran ­ýe­ri­miz­ ýok.­Bi­zi­wag­tyn­dan­ öň ­gar­rad­ýan­ zatlar ­be­de­ni­mi­ze­ dü­şen­ awular­dyr.­ Bi­ziň­ duş­ma­ny­myz,­
ine,­şol ­awu­lar­dyr.
Ýa­dy­ňyz­da ­sak­laň ýa­şyň ­iki­ gör­nü­şi­ bar ­siziň se­ne­na­ma ­ýyly­ňyz­ he­mem ­bio­lo­gi­ki.­Eger­de­ siz­ te­bi­ga­tyň­ ka­nun­la­ry­ bilen ­ýa­şa­sa­ňyz,­se­ne­na­ma ­ýyl­la­ry hiç­ za­dy ­aň­lat­ma­ýar.
­Ka­li­for­niýa­ly­ Roý ­Uaý­tyň­ 107 ­ýa­şy­ bar,­em­ma­ onuň ­be­de­ni­ ýadawlylyk agy­ry,­gar­ry­lyk ­di­ýen ­za­dy­ bi­le­nok.­Ol ­te­bi­ga­tyň­ ka­nun­la­ry­ny­ bil­ýär,­şo­l bo­ýun­ça­ da­ ýa­şa­ýar.­On­da­ gar­ra­mak­ gorku­sy ­ýok.­Bio­lo­gik ­taý­dan­alyp­ gö­re­niň­de ­ol­ ýaş ­og­lan.­Onsaňam ­şu­lar ­ýa­ly­ 80,­90 hat­da­ 100­ ýaş­ly­ sag­dyn­ adamlaryň ga­ty­ kö­pü­si­niň ­adyny ag­zap ­bil­jek.Beý­niň­ äti­ýaç­lyk­ gor­la­ry­ny­ ýo­ka­ry­ de­re­je­de­ güýç­len­di­riň,­on­soň ­gar­ra­mak­ pi­ki­ri­ni­ he­mi­şe­lik ­ko­wup­çy­ka­rar­sy­ňyz.
15
81
abat
15.05.2023 13:31
Hasyl bolmawersin hemmäň arzuwy

Hasyl bolmawersin hemmäñ arzuwy,
Onda-da adamlañ ownan mahaly.
Ýamanlaryñ gara netinden ýaña,
Ýere ýeter ýagşy bendäñ sakaly.

Menzilne ýetmesin ähli niýetler,
Kä künjekde enä ölüm dilener.
Toba-toba kabul bolsa hemmesi,
Tikenli gül ýaşar, tämiz gül öler.

Goý güllesin enäñ ogla dilegi,
Kabul bolsun atañ ýagşy myrady.
Eger hemme arzuw hasyl bolaýsa,
Ýitäýmegem ahmal ynsabyñ ady.

Hemmäñ arzuwynyñ hasyl bolmagyn
Gyssanyp tost aýdañda-da dileme.
Hemme ýürek ak däl,
(Şeýle bolsady)
Diläberseñ näme gelse diliñe.
Emma welin Hudaýynam unudyp,
Başarsalar ýykjaklar bar dünýäni.
Goý kabul bolmasyn hemme niýetler,
Terezimiz abat saklanar ýaly.
16
154
abat
14.05.2023 10:08
Hyrydaryň köp bolar...
Ýeñleslikden gaçyp, agras gylyga,
Ýer berdigiñ, hyrydaryñ köp bolar.
Eneñ öwdün alsañ, gaplap gulaga,
Söz berdigim, hyrydaryñ köp bolar.

Daşky gözelligñe ber sen ygtybar,
Ol seniñ ömrüñi anyk ýagtylar.
“Şol gözeliñ içinde-de ýagty bar”
Diýdirdigiñ hyrydaryñ köp bolar.

Näzi kemräk etmek, söýgiñ lukmany,
Ýigdiñ gahryn getiýr, gyzyñ ketjaly...
Söýenñe sogan däl, belki şetdaly,
Iýdirdigiñ hyrydaryñ köp bolar.

Yzyñdan sygyran juda kän bolar,
Olañ ýarsy batyr, ýary san bolar.
Ynsanda bir söýgi birem jan bolar,
Duýdurdygyñ hyrydaryñ köp bolar.

Sygyrany dälde sylany saýla,
Saýlanyñ yşgynda çoýun, ýan, gaýna,
Kastýum balak dälde, gyzyl don toýna,
Geýdirdigiñ hyrydaryñ köp bolar.

Täze gelin diýip törde oturma,
Ýigdiñi-de oýar onam ýatyrma!
“Guşluk bişirjek” diýp süýji batyrma,
Soýdurdygyñ hyrydaryñ köp bolar.

Hyrydaryñ köp bolanna gomalma,
Aýlap zyñar ykbal alyp emelne,
Saçakda duz bolsun, asla kemelme,
Doýdurdygyñ hyrydaryñ köp bolar..
#Kerim Hally
10
119
abat
13.05.2023 13:29
Şahyr Kerim Hally hakynda anyk faktlarda düzülen degişmejikler:

Eger-de şol gün Rejissýura sapagynda meniñ 2-lik almazlyk üçin ýazan bigelşik setirlerime mugallym höweslendirmek üçin 5-lik goýmadyk bolsady munça bigelşik setirlerem döremezdi…(garaz kelläñizi agyrtmazdym diýjek bolýan))

*****

Ýolda-yzda duşanyñyzda ýanymda telefonym ýok bolsa ýa-da bolubam zarýady ýok bolsa goşgy aýdyp bermegimi haýyş edip meni kyn günde goýmañ!

Bellik: Men hiç bir goşgymy, hat-da ýeke bendini hem ýatdan bilemok))

*****

Goşgudaky ady agzalýan, taryp edilýän gözeller meniñ ýönekeýje hyýaly gahrymanlarymdyr. Hiç haçanam söýgüli gyzym hakda owadan söz ýa-da goşgy ýazyp görmedim. (ýöne ýazmaly bolar))

*****

Ejemiñ “Seni adam edip bilmedimdä…” diýen ökünji meniñ gulagymda galypdyr… Men ony ilkinji nobatda şol arzuwyna ýetiräýmeli…)

*****

Men gowy goşgy ýazyp bilýän däldirin belki… Şonuñ üçinem bu käri taşlamagy maña birnäçe adamlar maslahat berdi… Bilýäñizmi näme üçin bu geplere seretmezden ýene-de ýazyp ýörün? Jogaby ýönekeýje: “Ýaz, senden bir zat çykar” diýip goldaw berýänler olardan köpräk…
18
127
abat
12.05.2023 07:23
Dunyani terk edip cykar giderin!
Yashamagma sebap bolan hatlaryn ahlisini oda atar giderin!
Birmahallar shapak diyip garanym,
Gunun yashyshy dey batar giderin!
Barmaklaryn arasyndan syrygyp,
Suw kimin shaglayyp akar giderin!
Aldow yodalarna basmaryn gadam,
Um duzume tarap bakar giderin,
Bardy geldi ykbalymda azashsam,
Yza gaytaman yukum ceker giderin!
Men goynuma oklan hasratlaryny,
Gozyashlarym b.n yuwar giderin!
Yuregime yza beren duwunlen,
Cozmen indi, gayta duwer giderin!
Al asmanda ganat gerip pelpellap,
Yalnyz gumry deyin ucar giderin!
Shatlyklarmyn baryn sana galdyryp,
Gaygy-gamlarymy gucar giderin!
Dowuk gowunleri sepleyip bolmaz,
Yarty yurek b.n gecer giderin!
Sana gaydyp aldanmazlygym u.n,
AHLI ZADA SERHET CEKER GIDERIN!!!
19
137
abat
11.05.2023 15:15

Bir kitabyň, bir ynsanyň durmuşyna täsir edip bilmegi üçin 3 “ Hakykat ” bir ýerde

jemlenmelidir.

I. Dogry kitap.

II. Dogry okyjy.

III. Dogry wagt.


Biz kitaplary asyl bolşy ýaly dälde öz bolşy ýaly okaýarys.Dürli wagtlarda şol bir kitaplary okanymyzda tapawutly täsir etmegiň hem sebäbi hem şundadyr.


“Maňa kitap okaýan çagyňda aşagyny çyzan ýeriň görkez, saňa seniň kimdigiňi

äşgär edeýin!”

Mümin Sekman

20
91
abat
10.05.2023 15:36

Ýalňyşlyk

Näme diýse şony diýsin özgeler,

Meniň bu meselä öz garaýşym bar.

Adam ýalňyşýarmy, diýmek özgerer,

Diýmek, oňa soňra ösüş garaşýar.


Durmuş Kiselýowyň “algebrasy däl”,

Durmuş algebradan çylşyrymly has,

Onda ýalňyşmagam asyl günä däl,

Çünki ýalňyşmazlyk üçin ýalňyşýas.

G.Ezizow

23
70
abat
09.05.2023 11:12

Улы кынчылыга махсус адамлар,

Она огланлыкдан болармыш тайяр.

йөне кынчылыгы сен сайламарсын

Гөзлерине бакып ол сени сайлар.


Ол сениң кимдигнң гөзунден танар

Онсон сынаг эдер өз дүнйәсинде,

Пырландырар сени гыш дүнйәсинде.

Айландырар сени яз дүнйәсинде.


Томус дүнйәсинде гүйз дүнйәсинде,

Сынар ол. Дөрт паслың ичинден гечир.

Бир ерде лакырдап дуран гайнаг сув

Ене бир ерде-де бузлы сув ичир

25
60