abat
15.05.2023 13:31
Hasyl bolmawersin hemmäň arzuwy

Hasyl bolmawersin hemmäñ arzuwy,
Onda-da adamlañ ownan mahaly.
Ýamanlaryñ gara netinden ýaña,
Ýere ýeter ýagşy bendäñ sakaly.

Menzilne ýetmesin ähli niýetler,
Kä künjekde enä ölüm dilener.
Toba-toba kabul bolsa hemmesi,
Tikenli gül ýaşar, tämiz gül öler.

Goý güllesin enäñ ogla dilegi,
Kabul bolsun atañ ýagşy myrady.
Eger hemme arzuw hasyl bolaýsa,
Ýitäýmegem ahmal ynsabyñ ady.

Hemmäñ arzuwynyñ hasyl bolmagyn
Gyssanyp tost aýdañda-da dileme.
Hemme ýürek ak däl,
(Şeýle bolsady)
Diläberseñ näme gelse diliñe.
Emma welin Hudaýynam unudyp,
Başarsalar ýykjaklar bar dünýäni.
Goý kabul bolmasyn hemme niýetler,
Terezimiz abat saklanar ýaly.
16
154
abat
15 May 2023
Şaperi❄️04,
Şaperi❄️04
15 May 2023
näzlii, ony 2-gun acyp goymaly onson açýa menem seytdim )))abat, sağ bol gijan rahat bolsyn
Şaperi❄️04
15 May 2023
näzlii, ony 2-gun acyp goymaly onson açýa menem seytdim )))abat, sağ bol gijan rahat bolsyn
näzlii
15 May 2023
Şaperi❄️04, Minnetdar). Psiphon woobşe işlänok mende(
Şaperi❄️04
15 May 2023
näzlii, salam mendare tik toga psiphon pro you tube free browserden giryan
näzlii
15 May 2023
Salam! Şuwagt haýsy wpn işleýär, bileňizokmy?
Şaperi❄️04
15 May 2023
abat, anyk kız 😊
abat
15 May 2023
Şaperi❄️04, anykmy shamko, teşşekür
Show
15 May 2023
Yokla onyalak gowniyetmezcilik dal bagyslarsynyz 😦🥹
Şaperi❄️04
15 May 2023
abat, işlanoga mende bolýala gowy şuwagt 🤗
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.