Şahyr Kerim Hally hakynda anyk faktlarda düzülen degişmejikler:
Eger-de şol gün Rejissýura sapagynda meniñ 2-lik almazlyk üçin ýazan bigelşik setirlerime mugallym höweslendirmek üçin 5-lik goýmadyk bolsady munça bigelşik setirlerem döremezdi…(garaz kelläñizi agyrtmazdym diýjek bolýan))
*****
Ýolda-yzda duşanyñyzda ýanymda telefonym ýok bolsa ýa-da bolubam zarýady ýok bolsa goşgy aýdyp bermegimi haýyş edip meni kyn günde goýmañ!
Bellik: Men hiç bir goşgymy, hat-da ýeke bendini hem ýatdan bilemok))
*****
Goşgudaky ady agzalýan, taryp edilýän gözeller meniñ ýönekeýje hyýaly gahrymanlarymdyr. Hiç haçanam söýgüli gyzym hakda owadan söz ýa-da goşgy ýazyp görmedim. (ýöne ýazmaly bolar))
*****
Ejemiñ “Seni adam edip bilmedimdä…” diýen ökünji meniñ gulagymda galypdyr… Men ony ilkinji nobatda şol arzuwyna ýetiräýmeli…)
*****
Men gowy goşgy ýazyp bilýän däldirin belki… Şonuñ üçinem bu käri taşlamagy maña birnäçe adamlar maslahat berdi… Bilýäñizmi näme üçin bu geplere seretmezden ýene-de ýazyp ýörün? Jogaby ýönekeýje: “Ýaz, senden bir zat çykar” diýip goldaw berýänler olardan köpräk…