Ýalňyşlyk
Näme diýse şony diýsin özgeler,
Meniň bu meselä öz garaýşym bar.
Adam ýalňyşýarmy, diýmek özgerer,
Diýmek, oňa soňra ösüş garaşýar.
Durmuş Kiselýowyň “algebrasy däl”,
Durmuş algebradan çylşyrymly has,
Onda ýalňyşmagam asyl günä däl,
Çünki ýalňyşmazlyk üçin ýalňyşýas.
G.Ezizow