Ýadyňdamy? Mundan iki ýyl öň seniň bilen bir güljagaz ekdik .Adynada söýgi diýip at beripdik.Ony günde seniň bilen synlaýadyk, gowy ideg edýädik.Ol maňa her ýakymly söz aýdanyňda, mähirli seredeniňde täze gunçalaryny çykarýardy.Güljagaz gaty owadandy welin oňa başgalaram höwes gözi bilen seredýärdiler. 1 ýylyň içinde güljagaz şeýle bir ulaldy şeýle köp gunçalar çykardy.Men eger şeýle ideg edilse geljekde güljagazymyzdan bir ullakan gül bakjasyny döretjegimize ynanýardym.Ýöne bu umydym başa barmady.....Aramyzda gaty köp düşünişmezlikler döredi we ýagdaý gülümizede öz täsirini ýetirmän goýmady.biz bir-birimiziň göwnümize degenimizde,biri birimizi ynjydanmyzda ol bir gunçasyndan aýryldy.Şeýdip aradan 2 ýyl geçdi güljagaz gunçalarynyň ählisini diýen ýaly ýitirdi.Güljagaz indi gunçalanok.sebäbi: " SEN GITDIŇ BU ŞÄHERDEN"Gülümiz erbet ýagdaýda ,biz ony ýitireris diýip gorkýan.Ol täzeden güllemegi üçin oňa güneş gerek.Ol bolsa sende...Men özgä göwün bermäge synanşjak bolanymda gülüň tikenleriniň maňa şeýle bir batanyny duýýan.Ýöne näme üçindir ol tikenler saňa täsir etmeýän ýaly.Men saňa gülümizden aýryljagymyzy ýatlatmak üçin ýazdym bu haty. bu güliň öňkisi ýaly gunçalamajagany bilsemde soň puşman bolmazlyk üçin ýazdym.
UNUTMA! Sen özgäniň gülüne güneş bolan güniň,men gülümizi düýbünden aýyraryn we onuň topragy hiç haçan gül ýetişdirmez.Egerde men bir gün özgäniň nesibesi bolsam, başganyň topragynda ekilen güle elimden geldigiçe gowy seretmäge çalyşaryn.Sen ýaly bir güliň solmagyna sebäpçi bolmazlygym üçinem oňa gowy serederin.