Garrylyk gorkusy.
Biziň ýaşymyz ulaldygyça bu gorky bizde döräp başlaýar.Ol adamyň beýnisi has tapdan düşen wagty ýüze çykýar.muňa akyl taýdan seredip göreliň:
Birinjiden, garrylyk diýen zat ýok, sebäbi süňklerimizdir dişlerimizi hasap etmesek bedenimiziň öýjükleri on bir aýdan artyk ýaşanok.Biz her gün millionlarça öýjük ýitirip,millionlarça täze öýjügi döredýäs.Onuň ýaly bolsa biziň haýsy ýerimiz garraýar?
Biziň garran ýerimiz ýok.Biziwagtyndan öň garradýan zatlar bedenimize düşen awulardyr. Biziň duşmanymyz,
ine,şol awulardyr.
Ýadyňyzda saklaň ýaşyň iki görnüşi bar siziň senenama ýylyňyz hemem biologiki.Egerde siz tebigatyň kanunlary bilen ýaşasaňyz,senenama ýyllary hiç zady aňlatmaýar.
Kaliforniýaly Roý Uaýtyň 107 ýaşy bar,emma onuň bedeni ýadawlylyk agyry,garrylyk diýen zady bilenok.Ol tebigatyň kanunlaryny bilýär,şol boýunça da ýaşaýar.Onda garramak gorkusy ýok.Biologik taýdanalyp göreniňde ol ýaş oglan.Onsaňam şular ýaly 80,90 hatda 100 ýaşly sagdyn adamlaryň gaty köpüsiniň adyny agzap biljek.Beýniň ätiýaçlyk gorlaryny ýokary derejede güýçlendiriň,onsoň garramak pikirini hemişelik kowupçykararsyňyz.