abat
14.05.2023 10:08
Hyrydaryň köp bolar...
Ýeñleslikden gaçyp, agras gylyga,
Ýer berdigiñ, hyrydaryñ köp bolar.
Eneñ öwdün alsañ, gaplap gulaga,
Söz berdigim, hyrydaryñ köp bolar.

Daşky gözelligñe ber sen ygtybar,
Ol seniñ ömrüñi anyk ýagtylar.
“Şol gözeliñ içinde-de ýagty bar”
Diýdirdigiñ hyrydaryñ köp bolar.

Näzi kemräk etmek, söýgiñ lukmany,
Ýigdiñ gahryn getiýr, gyzyñ ketjaly...
Söýenñe sogan däl, belki şetdaly,
Iýdirdigiñ hyrydaryñ köp bolar.

Yzyñdan sygyran juda kän bolar,
Olañ ýarsy batyr, ýary san bolar.
Ynsanda bir söýgi birem jan bolar,
Duýdurdygyñ hyrydaryñ köp bolar.

Sygyrany dälde sylany saýla,
Saýlanyñ yşgynda çoýun, ýan, gaýna,
Kastýum balak dälde, gyzyl don toýna,
Geýdirdigiñ hyrydaryñ köp bolar.

Täze gelin diýip törde oturma,
Ýigdiñi-de oýar onam ýatyrma!
“Guşluk bişirjek” diýp süýji batyrma,
Soýdurdygyñ hyrydaryñ köp bolar.

Hyrydaryñ köp bolanna gomalma,
Aýlap zyñar ykbal alyp emelne,
Saçakda duz bolsun, asla kemelme,
Doýdurdygyñ hyrydaryñ köp bolar..
#Kerim Hally
10
119
Show
14 May 2023
Bolya gowy namejik edyaniz
abat
14 May 2023
Show, şükür siz nähili
Show
14 May 2023
Salam gowymysynyz abat
abat
14 May 2023
menesa___, düşnükli 🙂👍🏻
menesa___
14 May 2023
abat, ýok ýo omanyda düşünmäň, islemezligiň dahly ýok, şeýleçe pikirimi ýazdym :).
abat
14 May 2023
menesa___, isleseňiz posty aýyrmaklaryny haýyş edip bilerin
menesa___
14 May 2023
*Harydy alýan adama ,,Hyrydar" diýilýar. ,,Täze gelin diýip törde oturma, Ýigdiiňi-de oýar onam ýatyrma! Guşluk bişirjek diýp süýji batyrma, Soýdurdygyň hyrydaryň köp bolor." Özi gelinlere öwüt-ündew berjek bolýar, başy boglan dul bolmadyk geline hyrydar nämä gerek?🤦🏻‍♀️
abat
14 May 2023
menesa___, şeýle ilkinji ýazanlaryndan.käbir adamlar başga ýol bilen hyrydar çekenlerinde özlerini üns merkezinde diýip pikir edýärler.Bu bolsa hyrydar mysalynda berilen ündew diýip oýlaýan)#şahsy pikirim
menesa___
14 May 2023
Hyrydary nädip özüňe çekmegi öwredýämi bi, ideasy nädogry, hemem setirler gödek kapiýalaşýar, ilkinji ýazanlaryndan öýdýän :)))
idealis kiz
14 May 2023
👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.