aaoo
08.09.2024 19:29

ÝOK DIÝJEK" DIÝDIŇ...🙂


Sen "Ýok diýjek" diýdiň soňuna çenli,

Läläm, bu ýollaryň soňy nirede?!

Häki bir göwünden başlanan ýoluň

Soňuna çykmak kyn dara-direde.


Ömrüň soňy hakda etmäli gürrüň,

Gözýetimiň aňyrsyna göz ýetmez.

Ýogsa-da,

Bir ömür: "Ýok" diýip ýörseň,

Ykbalam: "Bor" diýip, raýyňa gitmez.


Görkeze-görkeze gelýändir umyt,

Müň "ýoguň" ahyr bir "bolýa" deňdigin.

... "Şu-la, meger, soňy bolmaly" diýen

Ýoluň şol iň soňky öwrüminde-de,

Eli gülli duran oglan mendirin.


— Gurbansähet Gurbansähedow.

16
83
aaoo
12.06.2024 08:30
Birje hossarydy bihepbe ogly
Olam ygyp yordi koceden köçä
Ne iýmit getirdi ne de bir gazanç
Ýogsa bar mirasam galypdy kiçä

Anha goňșy çilde gan baryn gusup
Bagryndan dynypdy ol körpe ogul
Geňleýän birehim nazarlar çakgan
ÖIdi diýen gybat ýaýrapdy dogul.

Wah biçäre Ene aglap arzyny
Iňläp Eňirăp töweregne ýetirdi
Gyzyn alyp gaçan şol giýew oglan
Ötünç sorap ýazyklysyn getirdi

Gapydan girmegiň tapman alajyn
Endigan göz ýaşly gözler gürledi
Käbäň ahy zary hem elhenç ykbal
Birnäçe ýürege maza bermedi

Eje söýgisinden jyda düşen gyz
Ene diýip aglamaga başlady
Ene ýarasyna basylan dek duz
Bagryna basardan haly başgady

Onýança bir çaga zaryn ses bilen
Eje aglamaýda diýip ýalbardy
Gyzaran gözlerniň ýaşyny syryp
Aglamokla balam diýip ýylgyrdy

Şol pursat doň kalbyň çözüldi buzy
Mahrem agtyjagnyn düşen halyna
Kiçijik çagadan alynmaly ders
Heniz başartmandy hiç bir alyma
Zehin Garyyewa
6
13
aaoo
03.06.2024 20:44
Artyk görünýär
Öýkeleseň öýkeleşip ýörmeli,
Kölegäňem käte artyk görünýär.
Hiç ýama tutanok göwün diýeniň,
Mùň ýama ýapsaňam ýyrtyk görünýär.

Bir-birekden görlüp ýerin gatysy,
Käte süýtdeș dogan seýrek görünýär.
Bir garynda ýatanymy, hatasy?!
Ara çöp atana baýrak görünýär.

Samanyň astyndan suw goýberýänden,
Ýere bakandan ýer gorkak görünýär.
Dişleri döwse-de gysyň şatysy,
Goșa ýazy buşlap pyntyk görünýär.

Saglar sagynýança ýeke öýermän,
Oglun iki öýeren tentek görünýär.
Bilbil ýaly saýrap durýanlar käte,
Nadanlaň ýanynda peltek görünýär.

Özünde ýok zady ile satýanlar,
ÝYitib-ä gidenok, entek görünýär.
Suwlar akýar, dașlar ga:lýar ýuwulyp,
Agras daşlar misli erkek görünýär.
12
61
aaoo
29.05.2024 15:34
Birje hossarydy bihepbe ogly
Olam ygyp yordi koceden köçä
Ne iýmit getirdi ne de bir gazanç
Ýogsa bar mirasam galypdy kiçä

Anha goňșy çilde gan baryn gusup
Bagryndan dynypdy ol körpe ogul
Geňleýän birehim nazarlar çakgan
ÖIdi diýen gybat ýaýrapdy dogul.

Wah biçäre Ene aglap arzyny
Iňläp Eňirăp töweregne ýetirdi
Gyzyn alyp gaçan şol giýew oglan
Ötünç sorap ýazyklysyn getirdi

Gapydan girmegiň tapman alajyn
Endigan göz ýaşly gözler gürledi
Käbäň ahy zary hem elhenç ykbal
Birnäçe ýürege maza bermedi

Eje söýgisinden jyda düşen gyz
Ene diýip aglamaga başlady
Ene ýarasyna basylan dek duz
Bagryna basardan haly başgady

Onýança bir çaga zaryn ses bilen
Eje aglamaýda diýip ýalbardy
Gyzaran gözlerniň ýaşyny syryp
Aglamokla balam diýip ýylgyrdy

Şol pursat doň kalbyň çözüldi buzy
Mahrem agtyjagnyn düşen halyna
Kiçijik çagadan alynmaly ders
Heniz başartmandy hiç bir alyma
Zehin Garyyewa
7
17
aaoo
04.05.2024 14:59
Durmuşyñ kino bolsa adyna name goýardyñ?
Durmuş seniñ diýeniñ boýunça gidyämi-gitmeýämi başgalar üçin gyzykly däl. Zyýany ýok aslynda gep onda-da däl, sen olardan öñdemi-yzdamy gep ana şonda. Durmuşyñ özi kim mamla kim bimamla netijesini iñ soñunda görkezer. Ýaşamak hakda kän zat diýdiler, men welin ýagşy haýsy ýaman haýsy bilmedim. Ýat adam gördükmi derew tanyşjak bolduk, ýöne olar şeýlebir ýüzüni sowdy welin, tanyşşak bolanymyza ökündik. Emma ýene-de köpüñ ugry hanjak bolsa, sen hem şoña diýen nakyla eýerip ýaşaberdik. Märibanlarymyza bir zat bolsa, özümize bolan ýaly ylgadyk, sebäbi hemmäni özümiz ýaly saýdyk. Olar hiç zady göwnüne getirmesin diýip, gerek ýerinde dymdyk. Birine ýamanlyk etseñ, özüñe de aýlanyp gelýärmiş diýipdirler. Adama müñ ýagşylyk etseñ de bir ters jogabyñda ýadyndan çykarar. Şuny ýadyñda saklamaly kime ne mukdar ýagşylyk etseñ, ol hem şo mukdar ýagşylygy saña gaýtarar. Hawa biz hemmeden üýtgeşik söýdük adamlary daşyny nähili görsek içini hem şonuñ ýalam saýdyk. Bu bize bir tarapdan zelel berse, ikinji tarapdan peýda beren ýerem boldy. Aýdylanlardan netije çykarsak has takygy durmuşyñ kino bolsa, at goýmak kyn boljak ekeni. Hacan pellehana golaýlasak, belki şonda durmuşymyzyñ adyny nesillerimiz goýar.

Orazmyradowa Aýlar.
13
47
aaoo
27.03.2024 05:23
...aslynda hemme zat birden baslapdy suny yazmana bir baslayyn diydim birem baslamayyn diydim hamala diyersin dunyanin yukuni menin boynuma atylan yaly boldy wagt bilen gosulyp ozumem durup galan yaly boldym aslynda duran wagt dal de dineje mendim asman bilen den gosulyp aglap bilerlik goz yasym bardy emma aglanyndamy peyda aglamanyndamy onam bilemokdym hic kim yok yerlere gidip ses edip aglasam men sesimem hic kim esitmese diyyan yone hic kime esitdirmejek bolsanam Alla esidip dura sen agla aglama ol seni dinleyara ol senin hemisede yanynda Aylar diyip ozumi ozum kosesdiryarin...
dowamy bar
Aýlar Orazmyradowa
11
35
aaoo
22.03.2024 16:07
Ýaz ýagşy
Gökde güneş parlar ajaýyp howa,
Ýene-de baharyň adaty güni.
Baharyň howasy dertlere dowa,
Göterýär hemişe juwan göwnümi.

Soňam birden ýagyş ýagdy çabyrap,
Duýdansyz çagbasyn guýar bulutlar.
Älemgoşar görner gökden ýalbyrap,
Ezildim ýagyşa maýyl boluplar.

Üýtgeşikdi, lezzetlidi bu ýagyş,
Ynsan ýüregine ylham berýärdi.
Göýä, asla diňmejek deý joş urup,
Bahar yzyn üzmän çabga guýýardy.

Ýagyşly howadan dem almak welin,
Baryndan hezildi aramdy jana.
Gözel bu görnüşi ýaz ýagyşynyň,
Magşuk kalbym getirýärdi heýjana.

Arman tiz soňlandy bu ajap ýagyş,
Güneş ýene parlap nurlandy asman.
Maýsalarda ýitip gitdi damjalar,
Galmady ýagyşdan ýekeje nyşan.

Göýä, ýagyş ýagmadyk deý bu mahal,
Dolandy özüne göwnüm hyýaly.
Ýaz ýagşy basym sowuldy gitdi,
...Edil meni seniň söýşüň ýaly.
Annabeg Aýmakowa
19
12
aaoo
13.03.2024 20:51
Söýgüňi unutsaň ýeňýäňmi näme?!
G.Saryýew

Ýalan höwesleriň yzyna düşüp,
Ömür ýaşanyňa degýämi näme?!
“Men seni unutdym” diýen bolýarsyň,
Söýgüňi unutsaň ýeňýäňmi näme?!

Bir pursatlyk hyýalmydy ählisi,
Dargasyz gämide gark boldy yşkym.
Ýaz ýakymyň bilen maýylkaň maňa,
A men gar burjulan sowujak gyşdym.

Perwana saýanym, belki, hozanak
Yşk oduna dözmän eziz ýüregin.
Gezip ýörmi uzaklardan garaşyp,
Özge kişiň doldurmagna deregin.

Arzuwlara ýugrulan süýji düýşlerem,
Oýansaň görenňe degýämi näme?!
Unutmak çäremi ýanan gursaga,
Söýgüňi unutsaň ýeňýäňmi näme?!

Annabeg Aýmakowa
20
45
aaoo
12.03.2024 21:50
Undulan setirler
Pozlan goşgular
Könelen duýgular
Barysy zibil.
Gerekmejek zat kibi
Atylan gursagyň düýpsüz boşlugna
Hiç dereksiz agram berip ýürege
Eýmenç kerep misli ilip kürege
Agram berýä
Deňiz bolsa bu dünýä
Ejizledýä
Alýar öňe badymy
Çygyrasym gelýä aýdyp dadymy
Çolaran dünýämde
Gum gukluk neçün
Derdip aýdyp käte dökmäge içim
Öz-özümden başga ýeke adamy
Tapman kösenemde
Nirelerde sen
Ejem?!

Aýmakowa Annabeg
19
24
aaoo
10.03.2024 01:11
Aýralyk goşgusy
Geň görmeli bar zat üýtgedi birden,
Göýä men ukuda bir erbet düýşde.
Ýüregem urgusyn üýtgedip birdem,
Ýadap,
durar kalba gussalar üýşse.

Sözler gatar eken ajy bolanda,
Soň ýaralar, diler niräňe degse.
Arzuwlar gursakda baky solanda,
Ynsanyň ýaşasy gelermi eýse?!

Bagt köşgüne laýyk gören kalbymy,
Zyňyp gitdiň gam bürenen çadyrda.
Ynsan käşge bilse öz ykbalyny,
Ýazgydyňam bir bilýäni bardyr-da.

Azaşanyn boýun almadyk derwüşler,
Menzilem uzakdy aýry giderden.
Göýä men ukuda bir erbet düýşde,
Geň görmeli bar zat üýtgedi birden.

Aýmakowa Annabeg
25
53