aaoo
13.03.2024 20:51
Söýgüňi unutsaň ýeňýäňmi näme?!
G.Saryýew

Ýalan höwesleriň yzyna düşüp,
Ömür ýaşanyňa degýämi näme?!
“Men seni unutdym” diýen bolýarsyň,
Söýgüňi unutsaň ýeňýäňmi näme?!

Bir pursatlyk hyýalmydy ählisi,
Dargasyz gämide gark boldy yşkym.
Ýaz ýakymyň bilen maýylkaň maňa,
A men gar burjulan sowujak gyşdym.

Perwana saýanym, belki, hozanak
Yşk oduna dözmän eziz ýüregin.
Gezip ýörmi uzaklardan garaşyp,
Özge kişiň doldurmagna deregin.

Arzuwlara ýugrulan süýji düýşlerem,
Oýansaň görenňe degýämi näme?!
Unutmak çäremi ýanan gursaga,
Söýgüňi unutsaň ýeňýäňmi näme?!

Annabeg Aýmakowa
20
45
aaoo
22 Mart 2024
Wagty gidirmejek gumanyn yok ha unutmak ucin gitdi unutmajak boldun onun ucin gitdi yone wagt gitdi gidyarem giderwm😔
aaoo
22 Mart 2024
@Bitter, ene ata mejbur bolup amandyny tabsyrmaly bolmasa olar bizi terk etjek adamlar dal
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.