aaoo
03.06.2024 20:44
Artyk görünýär
Öýkeleseň öýkeleşip ýörmeli,
Kölegäňem käte artyk görünýär.
Hiç ýama tutanok göwün diýeniň,
Mùň ýama ýapsaňam ýyrtyk görünýär.

Bir-birekden görlüp ýerin gatysy,
Käte süýtdeș dogan seýrek görünýär.
Bir garynda ýatanymy, hatasy?!
Ara çöp atana baýrak görünýär.

Samanyň astyndan suw goýberýänden,
Ýere bakandan ýer gorkak görünýär.
Dişleri döwse-de gysyň şatysy,
Goșa ýazy buşlap pyntyk görünýär.

Saglar sagynýança ýeke öýermän,
Oglun iki öýeren tentek görünýär.
Bilbil ýaly saýrap durýanlar käte,
Nadanlaň ýanynda peltek görünýär.

Özünde ýok zady ile satýanlar,
ÝYitib-ä gidenok, entek görünýär.
Suwlar akýar, dașlar ga:lýar ýuwulyp,
Agras daşlar misli erkek görünýär.
12
61
ayymsha
3 Iýun 2024
@aaoo, Bolýa 🙂
aaoo
3 Iýun 2024
@ayymsha, izvini hawa men yalnys dusunipdirin dusundim indi izvini
ayymsha
3 Iýun 2024
@aaoo, Size ýazmadym
aaoo
3 Iýun 2024
Sunun dowamy bardy men yitirdim dowamy kimde bar bolsa suna yazaysynda pliz🙏
ayymsha
3 Iýun 2024
@aaoo, men şol setiri gowy görenim üçin ýazdyma
aaoo
3 Iýun 2024
@indi, hawa
ayymsha
3 Iýun 2024
@aaoo, wiii siz ýalňyş düşündiňiz
aaoo
3 Iýun 2024
Dusunmedim
alma___
3 Iýun 2024
,Cowy goşgy 👍👍
ayymsha
3 Iýun 2024
Özünde ýok zady ile satýanlar 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.