aaoo
04.05.2024 14:59
Durmuşyñ kino bolsa adyna name goýardyñ?
Durmuş seniñ diýeniñ boýunça gidyämi-gitmeýämi başgalar üçin gyzykly däl. Zyýany ýok aslynda gep onda-da däl, sen olardan öñdemi-yzdamy gep ana şonda. Durmuşyñ özi kim mamla kim bimamla netijesini iñ soñunda görkezer. Ýaşamak hakda kän zat diýdiler, men welin ýagşy haýsy ýaman haýsy bilmedim. Ýat adam gördükmi derew tanyşjak bolduk, ýöne olar şeýlebir ýüzüni sowdy welin, tanyşşak bolanymyza ökündik. Emma ýene-de köpüñ ugry hanjak bolsa, sen hem şoña diýen nakyla eýerip ýaşaberdik. Märibanlarymyza bir zat bolsa, özümize bolan ýaly ylgadyk, sebäbi hemmäni özümiz ýaly saýdyk. Olar hiç zady göwnüne getirmesin diýip, gerek ýerinde dymdyk. Birine ýamanlyk etseñ, özüñe de aýlanyp gelýärmiş diýipdirler. Adama müñ ýagşylyk etseñ de bir ters jogabyñda ýadyndan çykarar. Şuny ýadyñda saklamaly kime ne mukdar ýagşylyk etseñ, ol hem şo mukdar ýagşylygy saña gaýtarar. Hawa biz hemmeden üýtgeşik söýdük adamlary daşyny nähili görsek içini hem şonuñ ýalam saýdyk. Bu bize bir tarapdan zelel berse, ikinji tarapdan peýda beren ýerem boldy. Aýdylanlardan netije çykarsak has takygy durmuşyñ kino bolsa, at goýmak kyn boljak ekeni. Hacan pellehana golaýlasak, belki şonda durmuşymyzyñ adyny nesillerimiz goýar.

Orazmyradowa Aýlar.
13
47
aaoo
4 May 2024
@zita, ❤️
aaoo
4 May 2024
@asking, ❤️
aaoo
4 May 2024
@asking, ❤️
zita
4 May 2024
@aaoo, saol🙂
asking
4 May 2024
@aaoo, Aydanynyz gelsin yone gowy gunlerimiz has kop bolsun🙂👍
aaoo
4 May 2024
Sul aslynda bir oy isi ucin duzulen tekstim
aaoo
4 May 2024
@beghanym, gowy gunleriniz kop bolwersin Alla jan
aaoo
4 May 2024
@zita, gaty gowy at
zita
4 May 2024
"Ukusyz gijeler" yada "arman bolan arzuvlar"
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.