aaoo
08.09.2024 19:29

ÝOK DIÝJEK" DIÝDIŇ...🙂


Sen "Ýok diýjek" diýdiň soňuna çenli,

Läläm, bu ýollaryň soňy nirede?!

Häki bir göwünden başlanan ýoluň

Soňuna çykmak kyn dara-direde.


Ömrüň soňy hakda etmäli gürrüň,

Gözýetimiň aňyrsyna göz ýetmez.

Ýogsa-da,

Bir ömür: "Ýok" diýip ýörseň,

Ykbalam: "Bor" diýip, raýyňa gitmez.


Görkeze-görkeze gelýändir umyt,

Müň "ýoguň" ahyr bir "bolýa" deňdigin.

... "Şu-la, meger, soňy bolmaly" diýen

Ýoluň şol iň soňky öwrüminde-de,

Eli gülli duran oglan mendirin.


— Gurbansähet Gurbansähedow.

16
83
zumer_chas
8 Sentýabr 2024
zumer_chas
8 Sentýabr 2024
@smiling_, bilmedim rusca yazmalyda
zumer_chas
8 Sentýabr 2024
@smiling_, mmbah🙄
zumer_chas
8 Sentýabr 2024
@smiling_, Chrome hemme telde ba
zumer_chas
8 Sentýabr 2024
@smiling_, onna şuny👆 skren edip alaymasan
zumer_chas
8 Sentýabr 2024
@smiling_, chrome girip gerekli suratyñ adyny yazaymaly
zumer_chas
8 Sentýabr 2024
@smiling_, internetden alyas biza
Abat_
8 Sentýabr 2024
Bu goşgynyñ gadry başga meniñ üçin...
Tayler
8 Sentýabr 2024
Awtor Gurbandurdy Gurbansâhedow bolmaly dâlmi?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.