Tayler
18.08.2024 08:21
Salam mähribanlar! Bu gün awgust aýynyň 18-i. Bu gün Öwrenmeli portalyň iň akylly, iň owadan gyzlarynyň biri bolan @gulia_maksatmyradowna agzanyň doglan güni. Menem gutlamak isledim. Gulia uzak ýaşa, görjegiň diňe gowluk bolsun, elmydama gülüp ýaşa!!! Durmuşuňam adyň ýaly, özüň ýaly owadan bolsun!!!🎂🎉🎊
20
163
Tayler
10.08.2024 22:11
Garpyz. (Citrullus lanatus). Gyzyl garpyzlar sowuk
we çygly, sary garpyzlar1 gyzgynlyga ýakyndyr. «Abdaly» atly
gawunyň görnüşi Abdyllanyň ady bilen baglanyşyklydyr.
Süýjüliginiň aşa ýokarylygy sebäpli gyzgynlygyňy köpel-
dýär. Olaryň ählisi hem örän ýakymly we peýdalydyr. Gawu-
nyň özi we çigidi buşukdyryjy häsiýete eýe. Ol peşew ýolla-
ryny arassalaýan, aşgazanda ýeňil siňýän iýmitdir. Sary garpy-
zyň (gawunyň) özüni ýa-da ondan gaýnadylyp taýýarlanylan
toşaby, esasanam onuň çigidini ýüzüňe sürtseň, ýüzüňdäki dür-
li tegmilleri, menekdir sepgilleri aýyrmakda örän peýdaly.
Böwrekde we peşew ýollarynda daş emele gelmesini bejerýär,
dörän daşlary eredýär. Ol aşgazana düşen islendik iýmit bilen
tiz alyşýar we garyşýar. Sary garpyzyň gabygyny gaty etler
(haýal bişýän etler) bilen bişirseň, ol tiz bişer.
Garpyz iýýän adam onuň tagamyna garap, gowusyny iýsin,
ýaramaz, zaýa önümleri iýmek gijekörlük derdine uçradar, bel-
ki gusdurar, haçanda ol zaýalanan bolsa, ony derrew bedenden
çykarmak gerek, çünki ol ýakymsyz zäherlenmä öwrülip biler.
Ony sirkelibal we zenjebil dänesi bilen aýryp bolýar.Pygamberimiz ter garpyzlary iýer eken we: «Munuň gyz-
gyny sowuklygy, sowugy gyzgynlygy dep edýär» diýer eken.
Ol ir-iýmişleriň we gök önümleriň arasyndan üzüm bilen gar-
pyzy has oňat görüpdir.
Abu Musehhir Gassany şeýle diýýär: «Kakam her gezek
garpyz satyn alanda: «Eý oglum, onuň gara çyzyklaryny sana.
Eger-de şol çyzyklar täk bolsa, garpyzyň süýjüligini biläýgin
diýerdi».
Ibn Apbasyň Muhammet pygambere salgylanyp getirýän
hadysynda: «Garpyz tagam, içgi we ýakymly ysly reýhandyr.
Ol peşew haltasyny ýuwýar, aşgazanyňy arassalaýar, erkeklik
tohumyny köpeldýär, jynsy gatnaşyga bolan höwesiňi güýçlen-
dirýär, deriňi meneklerden arassalaýar, sowuklama sebäpli
dörän keselleri bejerýär» diýilýär.
Soňky ýatlanan häsiýetleriň gawundalygy şübhesizdir, esa-
sanam, ony ajöze iýmek saglyk üçin has peýdaly.
Sogan. (Allium cepa). Gyzgyn we çygly häsiýetli
ösümlikdir. Ony suwuň tagamy üýtgän halatynda iýmek örän
peýdalydyr. Işdä açyjy, jynsy höwesiňi heýjana getirýän, beden
boşluklarynda suw ýygnanmak keselini bejerýän serişde
hökmünde giňden ulanylýar. Derman içýän adam ony ysgasa
gusmasy kesiler, ony et bilen gowrup iýmek, agzyňda aňkap
duran porsy ysy aýyrar.
Mugawyýa ýanyna gelen wekillere sogandan taýýarlanan
nahar hödürlär eken. Soganyň ynsana berýän zeleli hakyndaaýtsak, ony yzygider iýip ýörmek kelleagyryny döredip bilýär,
göz garaňkyramak derdine uçradýar. Ony aşa köp iýmek aky-
lyňy zaýalar, özi hem bu zelel doly bişmedik soganlar sebäpli
ýüze çykýar.
Pygamberimiz: «Kim şu önümi, ýagny sogany we sarym-
sagy iýse, hergiz metjidimize golaýlaşmasyn, çünki adam ogul-
larynyň biynjalyk bolup, ezýet çekýän zadyndan perişdelerem
ezýet çekýär» diýdi.
Tüwi. (Oryza sativa). Ol bugdaýdan soňra iň ýokumly
iýmitdir. Käbirleri ony gyzgyn-gurak tebigatly, käbirleri bolsa
sowuk-gurak tebigatly hasap edýär. Garyn-içege ýollaryny
berkidýär, süýt bilen bişirip iýseň peýdasy has köpdür. Eger
oňa şeker garyp iýseň tagamly bolýar, bedeniňi gözelleşdirýär,
ynsan (erkeklik) tohumynyň döremegini artdyrýar. Tüwi iýip
ýören adam ýagşy düýşleri has köp görer. Iç geçiriji dermanla-
ry ulanyp ýöreniňden, geçiniň böwrek ýagyny tüwi ununa
garyp, bişirip iýseň, ähli tarapdan bähbitli bolar. Ine, şu hem
lukmançylygyň (entek açylmadyk) pynhan syrlarynyň biri.
Pygamberimiz: «Iýmitleriň içinde iň oňady et, ondan soňra
tüwi» diýip aýdypdyr. Bu hakdaky ýene bir hadysda: «Tüwi –
düzüminde dert bolmadyk dermandyr» diýilýär.




Muhammet Gaýmaz Türkmen "Pygamber tebipçiligi" kitaby
14
40
Tayler
07.08.2024 20:47
Şetdaly. (Persica) .Aşgazan üçin örän ýokumly, siň-
mesi ýeňil iýmitdir. Şetdalyny nahardan öň iýmek, soň iýe-
niňden has peýdaly. Ondan ýasalýan içgi öt gyzzyrmasyna peý-
da berýär, tebigatyňy ýumşadýar, teşneligiňi gandyrýar. Gura-
dylan ýa-da gaýnadylan şetdaly iç sürüji serişdeleriň biri hök-
münde bellidir.
ْ Badamjan. (Solanum melongena). Gara badamjany
yzygider peýdalanmak göwniçökgünlik, gaýgyçyllyk duý-
gularyny (melanholiýa) döredýär, onuň ýenjilip (owradylan)
alnan uny babasyl derdini aýyrýar, ony ýagda gowrup iýme-
lidir. Yüregagyry sebäpli endamy çişen adamlara badamjan iý-
mek maslahat berilýär. Ak badamjan ýokumlylygy taýdan örän
oňatdyr we ýeňil siňýär.
Towşan. Onuň etini köp iýseň göwnüçökgünligi
(melanholiýany) döreder. Towşan etiniň ýokumly we ýaramly
ýeri, onuň arkasy bilen ýanbaşydyr. Towşanlarda aýbaşy döw-
rüniň bardygy hakda aýdylýan zatlar dogrudyr. Towşan deri-
sinden edilen don bedeni gyzdyrýar, hyltlary kadalaşdyrýar.
Sirke sepilen towşanyň kyrkgasyny guduzlama keselinden halas edýär, zäherlenmeleri ýuwup aýyrýar, ony iýmek aşgazan
bozulmasyny bejerýär. Bukrat hekimiň aýtmagyna görä, tow-
şan eti gyzgyn-gurak tebigatly bolup, ol içiňi (garnyňy) ýuwup,
arasssalaýar, peşew akmagyny ýeňilleşdirýär. Iň oňat towşan
eti aw tazylarynyň tutan towşanydyr. Towşan eti aşa semizlik-
den saplaýar, ýöne ony dowamly iýmek ukusyzlyga getirýär
we melanholiýany döredýär.
Käbir hadyslarda Pygamberimiziň towşan etini köp iýme-
zligi ündänligi aýdylýar. Şol bir wagtda Abu Talhanyň Pygam-
berimize towşan buduny iberendigi, onuň hem kabul edendigi
hakda hem maglumat bar.


Muhammet Gaýmaz Türkmen "Pygamber tebipçiligi" kitaby
15
31
Tayler
22.06.2024 19:16
Şu gün ir säher bilen Solt-Leýk-Sitide (ABŞ) geçen MMA söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşi boýunça «PFL 5» ýaryşynyň çäginde türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow kamerunly Simon Biýongdan üstün çykdy.

Ýarym agyr agram derejesinde geçen duşuşyk 3 raundlap dowam etdi we eminleriň biragyzdan gelen netijesi esasynda Döwletjan Ýagşymyradowyň ýeňşi bilen tamamlandy (30–27, 30–27, 30–27).
Bu ýeňşi netijesinde türkmen pälwany PFL-de ýarym agyr agram derejesinde Gran-pri-niň plef-off tapgyryna gatnaşmagyny üpjün etdi.
Döwletjan Ýagşymyradowyň karýerasynda 23 ýeňiş, 7 ýeňliş we bir deňme-deňlik bar.
Biýong 14 söweşde bäşinji gezek ýeňildi.

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradowyň indiki garşydaşy awstraliýaly Rob Wilkinson bolar. Agyr agramda PFL-iň Gran-prisiniň ýarym finalynyň çäklerinde geçiriljek söweş 16-njy awgustda bolar.

Şenbe güni Solt-Leýk-Sitidäki (Ýuta ştaty, ABŞ) ýaryşda 32 ýaşly Wilkinson amerikaly Joş Silweýrany emin agzalarynyň tapawutly karary bilen ýeňdi. Ol professional karýerasynda 19 ýeňiş gazandy we iki ýeňlişe sezewar boldy.
Şol ýaryşda 35 ýaşly Ýagşymyradow Kamerunyň wekili Simon Biýongdan üstün çykdy. Türkmen söweşijisiniň hasabynda 23 ýeňiş, 7 ýeňliş we bir deňme-deňlik bar.
Gran-priniň beýleki bir ýarym final söweşinde amerikaly Impa Kasanganaý (17-4) şu gün Wilkinsondan ýeňlen Joş Silweýra (13-3) bilen duşuşar. Kasanganaý ýarym finala sloweniýaly Jeýkob Nedony ikinji raundda tehniki nokaut arkaly ýeňmek bilen çykdy


Tmcars
26
514
Tayler
21.06.2024 21:04
Eger meni söýýänligiň çyn bolsa,
Maňa garap, “söýýän” diýip aýtma sen.
Eger meni söýýänligiň çyn bolsa,
Barybir bilerin aýtsaň-aýtmasaň.

Gözleriňe bakyp bilerin ony.
Söýginiň gözleri şeýledir başdan.
Garaňky gijeler çopan goşunda,
Ýakylan ot kimin görüner daşdan.

Gaý-tupanda galsam, ýatlasam seni,
Meni gara gözleň hemişe goldar.
Eger şol gözleriň aldaýsa meni,
Senem ol gözlerden isleme dalda,
Meni aldan gözler
Seni-de aldar...




H.Kulyýew
24
81
Tayler
21.06.2024 07:52
Başyňdan geçirdiň bir kem otuzy,
Ýoldaşlaryň ata boldy bir eýýäm.
Sen bolsa şol gyzy-şol ajap gyzy,
Soňsuz söýgi bilen henizem söýýäň.

Seniň gelinligiň üýtgeşik bir zat,
Meňzemeýär bu görünýän gyzlara.
Gözellikde ýeke özi taý gelýär,
Aşyk-magşuklara-selbinýazlara.

Alym bilen alym ýaly gepleşýär,
Alym diýýär kesesinden syn eden.
Şahyr bilen şahyr ýaly gepleşýär,
Şahyr diýýär kesesinden syn eden.
Käte seniň bilen pikir alyşýar,
Atomdan, kosmosdan, medisinadan.

Saňa akyl berýär, saňa öwredýär,
Okuwda, durmuşda garaz her işde.
Asyl oňa gyz diýmegem dürs däl,
Gökden inen perişde-le, perişde...

Ýöne bir azajyk kemter ýeri bar:
Entek şol gelinlik inenok dünýä.
Haçan injegini bilenok hiç kim,
Belki, inen bolsa ony kim bilýär.

Belki, aramyzda ýaşap ýörendir,
Söýýändir, duýýandyr, göreşýändir ol.
Seniň oňa gezişiň dek garaşyp,
Seniň söz gatarňa garaşýandyr.




H.Kulyýew
26
105
Tayler
20.06.2024 19:41
Ilkinji söýgüden gaýdanda badym,
Indi maňa söýmek ýokdur diýýärsiň.
Men saňa düşünýän: sen şeýle adam
Bir ömürde ýeke gezek söýýärsiň.

Men bolsa bu söze henizem garşy
(şübhe bolmaz ýüregimiň päkdigne).
Ynansamam başky söýgiň bardygyna,
Ynanamok başga söýgiň ýokdygyna.

Ynha dymyp dursyň meniň garşymda
Egniň ketenili başyň öýmeli.
Hany aýt sen, bir gezeklik ömürde
Näme üçin biz ýeke gezek söýmeli.

Özüň dek bir gyzy söýüpdim menem
Ol başgany söýdi
Ol indi ene.
Öňküdenem otly, çuň söýgi bilen,
Men ikinji gezek söýýärin ýene.

Düzgünmidir ýeke gezek söýmeklik,
Gel onda biz şol düzgüni pozaly.
Söýgi kitabyny iki söz bilen:
- Başarsaňyz söýüň! – diýip ýazaly!



H.Kulyýew
27
67
Tayler
20.06.2024 11:42
Adamlar bölünýär iki topara,
Birisi-ölüler, biri-diriler.
“öli köpmi, diri?” diýip sorama-da,
“öli köpräk bolaýmasyn” diýdiler.

Adam ogly asyrlaryň içinde,
Ençe gezek ganly dawa baş goşdy.
Gör, näçesi geçen urşuň özünde
Dünýä bilen ebedilik hoşlaşdy.

Ine, şeýle gowgalary ýat edip,
Oýlanyň-da öz-özüňiz biliberiň.
Bilsem-de men ölenleriň köpdigin.
Hemmesine öli diýip bilmerin.

Hak iş üçin gurban bolan ärleri,
Ilim-günüm ýaşadyp ýör arada.
Öli däldir ölenleriň hemmesi,
Diri däldir dirileň käbiri-de.

Entek-entek şol dirileň içinde
Bir mahallar ölüp giden diri kän.
Öli bolup gitmez ýaly öleň-de
Diri bolup ýaşamaly dirikäň.
21
86
Tayler
19.06.2024 21:44
Söýgi hakda öňem ýazdym kän gezek,
Ýene ýazjak. Öňkilerim az ýaly.
Bir gyz ýüregime gurupdyr duzak
Söýüp ýörün... bar pasyllar ýaz ýaly.

Ýöne diýýän gyzym şeýle bir ynjyk,
Käte ýakyp, gowrup barýar köz ýaly.
Uzyn kirpiklerni ýüregme sanjyp,
Käte gahar edýär, käte näz ýaly.

Bir görseň-ä içgin äbede-jüje,
Duşuşýasam aralarmyz saz ýaly.
Käte bar umydym çykaryp puja,
Ýüzün sowýar, gyz ýüregi buz ýaly.

Aşyk ýigdiň haly neneň diýseler,
Käte çille ýaly, käte ýaz ýaly.
... ýöne şu ýagdaýda ýüz ýyl goýsalar,
Göwnüme bolmasa, ýene az ýaly...



H.Kulyýew
25
48
Tayler
19.06.2024 17:04
Ýalňyz bolsaň ýetişerin ýanyňa,
Seni ýeke goýman – diýen sözüň bar.
Ýatlamalaň dumanyndan çykda gel,
Alyslardan alyslarda galan ýar.

Söýgiň bilen derýa bolup joş-da gel,
Öňkiň ýaly gyz juwanlyk ýaşda gel,
Gaýalardan gaýalara aşda gel,
Goja daglaň aňyrsynda galan ýar.

Tapyşýan ýerinde ýer bilen gögüň,
Her gün saňa garaşaryn intizar.
Gün doganda, gün içinden çyk-da gel,
Uzak ýollaň aňyrsynda galan ýar.

Men henizem öňkim ýaly bisabyr,
Ýürek şindem öňküsi dek bikarar.
Uzak ýyllaň örtügini serp-de gel,
Uzak ýyllaň aňyrsynda galan ýar.



H.Kulyýew
27
202