Tayler
19.06.2024 21:44
Söýgi hakda öňem ýazdym kän gezek,
Ýene ýazjak. Öňkilerim az ýaly.
Bir gyz ýüregime gurupdyr duzak
Söýüp ýörün... bar pasyllar ýaz ýaly.

Ýöne diýýän gyzym şeýle bir ynjyk,
Käte ýakyp, gowrup barýar köz ýaly.
Uzyn kirpiklerni ýüregme sanjyp,
Käte gahar edýär, käte näz ýaly.

Bir görseň-ä içgin äbede-jüje,
Duşuşýasam aralarmyz saz ýaly.
Käte bar umydym çykaryp puja,
Ýüzün sowýar, gyz ýüregi buz ýaly.

Aşyk ýigdiň haly neneň diýseler,
Käte çille ýaly, käte ýaz ýaly.
... ýöne şu ýagdaýda ýüz ýyl goýsalar,
Göwnüme bolmasa, ýene az ýaly...



H.Kulyýew
25
46
Karaleva_
19 Iýun 2024
❤️👌🏻
Bio_girl👩‍🔬💫
19 Iýun 2024
💯
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.