Tayler
20.06.2024 19:41
Ilkinji söýgüden gaýdanda badym,
Indi maňa söýmek ýokdur diýýärsiň.
Men saňa düşünýän: sen şeýle adam
Bir ömürde ýeke gezek söýýärsiň.

Men bolsa bu söze henizem garşy
(şübhe bolmaz ýüregimiň päkdigne).
Ynansamam başky söýgiň bardygyna,
Ynanamok başga söýgiň ýokdygyna.

Ynha dymyp dursyň meniň garşymda
Egniň ketenili başyň öýmeli.
Hany aýt sen, bir gezeklik ömürde
Näme üçin biz ýeke gezek söýmeli.

Özüň dek bir gyzy söýüpdim menem
Ol başgany söýdi
Ol indi ene.
Öňküdenem otly, çuň söýgi bilen,
Men ikinji gezek söýýärin ýene.

Düzgünmidir ýeke gezek söýmeklik,
Gel onda biz şol düzgüni pozaly.
Söýgi kitabyny iki söz bilen:
- Başarsaňyz söýüň! – diýip ýazaly!



H.Kulyýew
27
66
gonk
20 Iýun 2024
👍🤣😂
Tayler
20 Iýun 2024
@Bitter, 😁😅
Bitter
20 Iýun 2024
Ine indi bolya😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.