Tayler
10.08.2024 22:11
Garpyz. (Citrullus lanatus). Gyzyl garpyzlar sowuk
we çygly, sary garpyzlar1 gyzgynlyga ýakyndyr. «Abdaly» atly
gawunyň görnüşi Abdyllanyň ady bilen baglanyşyklydyr.
Süýjüliginiň aşa ýokarylygy sebäpli gyzgynlygyňy köpel-
dýär. Olaryň ählisi hem örän ýakymly we peýdalydyr. Gawu-
nyň özi we çigidi buşukdyryjy häsiýete eýe. Ol peşew ýolla-
ryny arassalaýan, aşgazanda ýeňil siňýän iýmitdir. Sary garpy-
zyň (gawunyň) özüni ýa-da ondan gaýnadylyp taýýarlanylan
toşaby, esasanam onuň çigidini ýüzüňe sürtseň, ýüzüňdäki dür-
li tegmilleri, menekdir sepgilleri aýyrmakda örän peýdaly.
Böwrekde we peşew ýollarynda daş emele gelmesini bejerýär,
dörän daşlary eredýär. Ol aşgazana düşen islendik iýmit bilen
tiz alyşýar we garyşýar. Sary garpyzyň gabygyny gaty etler
(haýal bişýän etler) bilen bişirseň, ol tiz bişer.
Garpyz iýýän adam onuň tagamyna garap, gowusyny iýsin,
ýaramaz, zaýa önümleri iýmek gijekörlük derdine uçradar, bel-
ki gusdurar, haçanda ol zaýalanan bolsa, ony derrew bedenden
çykarmak gerek, çünki ol ýakymsyz zäherlenmä öwrülip biler.
Ony sirkelibal we zenjebil dänesi bilen aýryp bolýar.Pygamberimiz ter garpyzlary iýer eken we: «Munuň gyz-
gyny sowuklygy, sowugy gyzgynlygy dep edýär» diýer eken.
Ol ir-iýmişleriň we gök önümleriň arasyndan üzüm bilen gar-
pyzy has oňat görüpdir.
Abu Musehhir Gassany şeýle diýýär: «Kakam her gezek
garpyz satyn alanda: «Eý oglum, onuň gara çyzyklaryny sana.
Eger-de şol çyzyklar täk bolsa, garpyzyň süýjüligini biläýgin
diýerdi».
Ibn Apbasyň Muhammet pygambere salgylanyp getirýän
hadysynda: «Garpyz tagam, içgi we ýakymly ysly reýhandyr.
Ol peşew haltasyny ýuwýar, aşgazanyňy arassalaýar, erkeklik
tohumyny köpeldýär, jynsy gatnaşyga bolan höwesiňi güýçlen-
dirýär, deriňi meneklerden arassalaýar, sowuklama sebäpli
dörän keselleri bejerýär» diýilýär.
Soňky ýatlanan häsiýetleriň gawundalygy şübhesizdir, esa-
sanam, ony ajöze iýmek saglyk üçin has peýdaly.
Sogan. (Allium cepa). Gyzgyn we çygly häsiýetli
ösümlikdir. Ony suwuň tagamy üýtgän halatynda iýmek örän
peýdalydyr. Işdä açyjy, jynsy höwesiňi heýjana getirýän, beden
boşluklarynda suw ýygnanmak keselini bejerýän serişde
hökmünde giňden ulanylýar. Derman içýän adam ony ysgasa
gusmasy kesiler, ony et bilen gowrup iýmek, agzyňda aňkap
duran porsy ysy aýyrar.
Mugawyýa ýanyna gelen wekillere sogandan taýýarlanan
nahar hödürlär eken. Soganyň ynsana berýän zeleli hakyndaaýtsak, ony yzygider iýip ýörmek kelleagyryny döredip bilýär,
göz garaňkyramak derdine uçradýar. Ony aşa köp iýmek aky-
lyňy zaýalar, özi hem bu zelel doly bişmedik soganlar sebäpli
ýüze çykýar.
Pygamberimiz: «Kim şu önümi, ýagny sogany we sarym-
sagy iýse, hergiz metjidimize golaýlaşmasyn, çünki adam ogul-
larynyň biynjalyk bolup, ezýet çekýän zadyndan perişdelerem
ezýet çekýär» diýdi.
Tüwi. (Oryza sativa). Ol bugdaýdan soňra iň ýokumly
iýmitdir. Käbirleri ony gyzgyn-gurak tebigatly, käbirleri bolsa
sowuk-gurak tebigatly hasap edýär. Garyn-içege ýollaryny
berkidýär, süýt bilen bişirip iýseň peýdasy has köpdür. Eger
oňa şeker garyp iýseň tagamly bolýar, bedeniňi gözelleşdirýär,
ynsan (erkeklik) tohumynyň döremegini artdyrýar. Tüwi iýip
ýören adam ýagşy düýşleri has köp görer. Iç geçiriji dermanla-
ry ulanyp ýöreniňden, geçiniň böwrek ýagyny tüwi ununa
garyp, bişirip iýseň, ähli tarapdan bähbitli bolar. Ine, şu hem
lukmançylygyň (entek açylmadyk) pynhan syrlarynyň biri.
Pygamberimiz: «Iýmitleriň içinde iň oňady et, ondan soňra
tüwi» diýip aýdypdyr. Bu hakdaky ýene bir hadysda: «Tüwi –
düzüminde dert bolmadyk dermandyr» diýilýär.




Muhammet Gaýmaz Türkmen "Pygamber tebipçiligi" kitaby
14
40
gulia_maksatmyradowna
11 Awgust 2024
@Tayler, haaa howwa
Tayler
11 Awgust 2024
@gulia_maksatmyradowna, hä, ak ýüwrük bolmaly
gulia_maksatmyradowna
11 Awgust 2024
Diýipdiňä plança milli suw garyp bişirmelidi diýip adyny unutdym🤦‍♀️
gulia_maksatmyradowna
11 Awgust 2024
Tüwi diýýä 🤔 . Senem tüwini owradyp bişirilýa diýmişdiňmi aaaaarada hoool naharyň ady nämedi🤔
gulia_maksatmyradowna
11 Awgust 2024
Gör partadaşymyň peýda paýlaşyny🤌🤓
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.