Şu gün ir säher bilen Solt-Leýk-Sitide (ABŞ) geçen MMA söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşi boýunça «PFL 5» ýaryşynyň çäginde türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow kamerunly Simon Biýongdan üstün çykdy.
Ýarym agyr agram derejesinde geçen duşuşyk 3 raundlap dowam etdi we eminleriň biragyzdan gelen netijesi esasynda Döwletjan Ýagşymyradowyň ýeňşi bilen tamamlandy (30–27, 30–27, 30–27).
Bu ýeňşi netijesinde türkmen pälwany PFL-de ýarym agyr agram derejesinde Gran-pri-niň plef-off tapgyryna gatnaşmagyny üpjün etdi.
Döwletjan Ýagşymyradowyň karýerasynda 23 ýeňiş, 7 ýeňliş we bir deňme-deňlik bar.
Biýong 14 söweşde bäşinji gezek ýeňildi.
Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradowyň indiki garşydaşy awstraliýaly Rob Wilkinson bolar. Agyr agramda PFL-iň Gran-prisiniň ýarym finalynyň çäklerinde geçiriljek söweş 16-njy awgustda bolar.
Şenbe güni Solt-Leýk-Sitidäki (Ýuta ştaty, ABŞ) ýaryşda 32 ýaşly Wilkinson amerikaly Joş Silweýrany emin agzalarynyň tapawutly karary bilen ýeňdi. Ol professional karýerasynda 19 ýeňiş gazandy we iki ýeňlişe sezewar boldy.
Şol ýaryşda 35 ýaşly Ýagşymyradow Kamerunyň wekili Simon Biýongdan üstün çykdy. Türkmen söweşijisiniň hasabynda 23 ýeňiş, 7 ýeňliş we bir deňme-deňlik bar.
Gran-priniň beýleki bir ýarym final söweşinde amerikaly Impa Kasanganaý (17-4) şu gün Wilkinsondan ýeňlen Joş Silweýra (13-3) bilen duşuşar. Kasanganaý ýarym finala sloweniýaly Jeýkob Nedony ikinji raundda tehniki nokaut arkaly ýeňmek bilen çykdy
Tmcars