Tayler
19.06.2024 17:04
Ýalňyz bolsaň ýetişerin ýanyňa,
Seni ýeke goýman – diýen sözüň bar.
Ýatlamalaň dumanyndan çykda gel,
Alyslardan alyslarda galan ýar.

Söýgiň bilen derýa bolup joş-da gel,
Öňkiň ýaly gyz juwanlyk ýaşda gel,
Gaýalardan gaýalara aşda gel,
Goja daglaň aňyrsynda galan ýar.

Tapyşýan ýerinde ýer bilen gögüň,
Her gün saňa garaşaryn intizar.
Gün doganda, gün içinden çyk-da gel,
Uzak ýollaň aňyrsynda galan ýar.

Men henizem öňkim ýaly bisabyr,
Ýürek şindem öňküsi dek bikarar.
Uzak ýyllaň örtügini serp-de gel,
Uzak ýyllaň aňyrsynda galan ýar.



H.Kulyýew
27
201
nabat_
19 Iýun 2024
@Tayler, menden gowsy yok sukur su wagta😊😇
nabat_
19 Iýun 2024
@Tayler, @smiling_, gowmysynyz🙃😊
flowers_
19 Iýun 2024
@Tayler, mümkin 😊
Tayler
19 Iýun 2024
@flowers_, google-m garrap ýörmükâ🤔
flowers_
19 Iýun 2024
@Tayler, Google tapmady😕
Tayler
19 Iýun 2024
@flowers_, bilmedim, ýöne bilene baýrak ba diýseňiz bilýân tapylar😁
flowers_
19 Iýun 2024
Aýdymyny kim aýdýady🤔, gowy aýdymam, aýal aýdýan bolmaly öza
Bitter
19 Iýun 2024
@garlawac, bolsa howes bln su towerekden yok bolardym mnm. Hawa sebabi sol, alyp bilmedik oyunjagny beynide bezap,galanlary yere gömüp yoren caga yaly kopusi. Özüne ynananyn yzyndan pycak urup,ony ulanyp.. ay borda. Hawa men diyjeklem gaty akylly, artykmac, aristokrat rollary oynayan kopculige gelismeyan yaly,kop yere ornasybam blmk son ucn
Bitter
19 Iýun 2024
Hickime yuzlenemokdyrnow😄
Bitter
19 Iýun 2024
@garlawac, atkaz etse ne yagsy,yuzume syljak. Kopusi yanynda biri yurejiginde basgasy, "yanynda kim bolsa bolsun,yuregindaki bln garrarsyn" diysen bolup yorow. Yuregin gurasyn sen, on kyn durmusda bulary yuk edip cekyan biri, yone bulan kellejiginde,yurejiginde basga birimis🤦‍♀️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.