Tayler
07.10.2024 14:01
Güneşli köňüle inipdir duman,
Çytylypdyr ýaşyl baglaň ýüzleri.
Nireden bir ýerden ilipdir güman,
Nämüçindir, gamly ýaryň gözleri.
Aýralyga boýun egen ýürekler
Indi kaýyllyga ten beren ýaly.
Hasrat gülleleri degen ýürekler...
Hamala, bulary men beren ýaly,
Müýnüm mynçgap-mynçgap, egbarlatdy.
Da-a-at!
Halys ýagyr boldum, söýgim, bagyşla!
Gamhanam çogup dur, yşkhanam — berbat.
Meni ejizledýär naçar gözýaşlar...
Kysmat eken: gussa bilen ölmeli,
Bagtym täkdi, betbagtlyk — goşadan.
Göz öňümde ýaryň başy öýmeli...
Öňem dykyn... damagymy boşadyň!
05.10.2024ý.
©Sapa HOMMADOW
6
248
Tayler
06.10.2024 13:30
Ejaza ber
Mähir jöwzasyna duçar et meni,
Äkit meni wagt doňaklygyna.
Ýylgyryşyň bilen ýeňlet ýükümi,
Hem ynandyr dünýäň oňatlygyna.
Günler – ömür aýdymmyzyň bentleri,
Her bendinde saňa söýgim ýaňlanar.
Yşkym gözleriňden gözbaş alypdy,
Soňlanaýsa, gözleriňde soňlanar.
Äkit meni, ogurla-da özümden,
Çyna öwür serimdäki hyýaly.
Gysgalt aramyza düşen bu ýoly
Ýalan bilen çynyň arasy ýaly.
Kalbym nadyl bolar, synladyksaýyn
Günleň bize biparh geçip durşuny.
Sagadyň dilleri sekuntlar bilen
ölçäp durka wagtyň ýürek urşuny,
mähir jöwzasyna duçar et meni.
Gizle meni wagt doňaklygynda.
Ejaza ber,
Galaýyn men,
Bolmanda,
Şapaga öwrülip, ýaňaklaryňda.
Mukam Muhamow
9
30
Tayler
01.10.2024 23:32
Gamgyn gözleň bilen bakmagyn maňa,
Ýüregiňem gyýylmasyn - hiç sapar.
Sen bagtyňa basymrajyk gowuşsaň,
Meň bagtymam senden ir däl, giç tapar.
Meňzeşiňi tapjagymam gümanly,
Arzysydyň ähli dörän gülleriň.
Alanyňy duýmandyryn gideňde,
Şatlygyny, şowhunyny günleriň.
Gözlemedim özgelerden sapany,
Wepany-da tapmadygma gynanman.
Begenipler toý tutjagmam belli däl,
Höwürdeşim, ýalňyzlykdan dynanma.
Toprak üçin mydam gowsy bolýar-a,
Ýagýan ýagyş siňňitli hem giç diňse.
Emma sen bir gözýaşyňy dökmegin,
Diňe sen däl, gyýylmasyn hiç kimse!
Ylham Gurbanaly
12
37
Tayler
29.09.2024 19:22
Ayralygyn aydymy
Sen gitdiň. Men senden galdym aýrylyp,
Gör, indi men nirde, sen nirde galdyň.
Aýdym aýdýar aramyzda aýralyk.
Diňlemeli boldum,diňlejek däldim.
Indi asla eşdebilmen sözleriň,
Seňem meni görebilmez gözleriň.
Sen hoşlaşman gitdiň. Şeýdeniň üçin
Alkyşymam, gargyşymam dözmerin.
Indi bize iller ogryn garamaz,
Indi baga barmarys biz bileje.
Barmaklarym saçlaryňy daramaz,
Posadan soň bulaşanda çalaja.
Sen gidip, gör, jyda düşdüm, kän zatdan,
Elbetde, men ýitgim üçin gülmedim.
Sen gitseň-de, iň mukaddes bir zatdan,
Söýmeklikden mahrum edip bilmediň.
Gurbanýaz Daşgynow
12
120
Tayler
26.09.2024 22:03
Garaşgyn maňa
Aglama, ýüregiň küýsese meni,
"Ol dolanmaz" diýip batmagyn gama!
Meniň üçin aýap her bir demiňi,
Ýoluma göz dikip, garaşgyn maňa!
Durmuş ýodalarnyň daralan çagy,
Men hakda ýaman söz aýtsalar saňa.
Özgäni diňlemän söýüşiň ýaly,
Özgäni diňlemän garaşgyn maňa!
Goý, aýlar aýlansyn ýa ýyllar geçsin,
Sagatlar tiz geçip, garylsyn çaňa.
Ýürekde gözlerňe geçirip keşbim,
Garaşgyn!
Garaşgyn!
Garaşgyn maňa!
A bir gün ýanyňda saklansa demim...
Ýöne... bu saklanyş çekse uzaga.
Dolanyp gelmeklik meniň endigim,
Mümkin dolanaryn, garaşgyn maňa!
Seýitliýew Maksat
11
135
Tayler
26.09.2024 19:09
Ýolda-yzda, seni görse gözlerim,
Görmezlige salyp, ötüp giderin,
Soň, aýlanyp seniň aýak yzlaryň,
Başym ýere goýup, öpüp giderin,
Hyýalymda, ýylgyrşyňa guwanyp,
Göwnüm çaga....
oýnap, böküp giderin.
Sen dirikäň, urýan juwan ýüregim,
Il-güne güjeňläp, açyp giderin.
Emma, welin ýüregimde ýer eden,
Söýgimiň laýyna , batyp giderin,
Sen barkaň .
Ýüregim urmasa, birden...
Sessiz söýgim bilen ýitip giderin.
R.Mämetgurbanow
9
71