Tayler
29.09.2024 19:22
Ayralygyn aydymy

Sen gitdiň. Men senden galdym aýrylyp,
Gör, indi men nirde, sen nirde galdyň.
Aýdym aýdýar aramyzda aýralyk.
Diňlemeli boldum,diňlejek däldim.

Indi asla eşdebilmen sözleriň,
Seňem meni görebilmez gözleriň.
Sen hoşlaşman gitdiň. Şeýdeniň üçin
Alkyşymam, gargyşymam dözmerin.

Indi bize iller ogryn garamaz,
Indi baga barmarys biz bileje.
Barmaklarym saçlaryňy daramaz,
Posadan soň bulaşanda çalaja.

Sen gidip, gör, jyda düşdüm, kän zatdan,
Elbetde, men ýitgim üçin gülmedim.
Sen gitseň-de, iň mukaddes bir zatdan,
Söýmeklikden mahrum edip bilmediň.

Gurbanýaz Daşgynow
12
119
simple_soul
30 Sentýabr 2024
🥺
Tayler
29 Sentýabr 2024
@crazygirll_, ay bolýa👍 men ýöredim, good night
crazygirll_
29 Sentýabr 2024
@Tayler, yeketak hojaýyn bar olam menin Enem beh:)😏😁😒
Tayler
29 Sentýabr 2024
@crazygirll_, hojaýynyň salam aýtdy diý eneňlere😃
crazygirll_
29 Sentýabr 2024
@Tayler, Enemlerden ekeninda :)😂
Tayler
29 Sentýabr 2024
Gysyk dâl, gysyklaň hojaýyny men😅@crazygirll_,
Tayler
29 Sentýabr 2024
@smiling_, bolýa
crazygirll_
29 Sentýabr 2024
@smiling_,🤫😁
crazygirll_
29 Sentýabr 2024
@Tayler, gysyk diysanim:)😂😏
smiling_
29 Sentýabr 2024
@Tayler, Ähä duýduraryn :)) barlap görjegä
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.