Tayler
07.10.2024 14:01
Güneşli köňüle inipdir duman,
Çytylypdyr ýaşyl baglaň ýüzleri.
Nireden bir ýerden ilipdir güman,
Nämüçindir, gamly ýaryň gözleri.

Aýralyga boýun egen ýürekler
Indi kaýyllyga ten beren ýaly.
Hasrat gülleleri degen ýürekler...
Hamala, bulary men beren ýaly,
Müýnüm mynçgap-mynçgap, egbarlatdy.
Da-a-at!
Halys ýagyr boldum, söýgim, bagyşla!
Gamhanam çogup dur, yşkhanam — berbat.
Meni ejizledýär naçar gözýaşlar...

Kysmat eken: gussa bilen ölmeli,
Bagtym täkdi, betbagtlyk — goşadan.
Göz öňümde ýaryň başy öýmeli...
Öňem dykyn... damagymy boşadyň!

05.10.2024ý.


©Sapa HOMMADOW
6
247
Syke_Dali
9 Oktýabr 2024
@Guller___, 👍😴
Syke_Dali
9 Oktýabr 2024
@Guller___, şo hasiyetini haladym doganjygym
Syke_Dali
9 Oktýabr 2024
@Guller___, mbah, sholar yaly sekretnimi siz?
Syke_Dali
9 Oktýabr 2024
@Guller___, Sanaş iç gysýa sumat bosh oturmayly
smiling_
9 Oktýabr 2024
@Guller___, Hany borda gitdim men sana emanet
Tayler
9 Oktýabr 2024
@smiling_, 👍🙋🏻
smiling_
9 Oktýabr 2024
@Tayler, hiç gidiber
smiling_
9 Oktýabr 2024
@Syke_Dali, jora bu menden uly oyun etdim sen körpe😁
smiling_
9 Oktýabr 2024
@Tayler, 😒😒
Tayler
9 Oktýabr 2024
@smiling_, 👋
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.