Tayler
01.10.2024 18:01
Bagyşlamak

Bir-birege kine etdik ýene-de,
Indi dünýäň özem bizden öýkeli.
Ýürekden ýürege ýol çeken söýgiň
Terpinipdir gursakdaky heýkeli.

Kineli bolsamam, halyňy her çak
Gökden uçan durnalardan soradym.
Gabanýaryn seni özge gözlerden
Hemem seni öz gözümden goradym.

Hatar gurap geçip barýar günlerem,
Ýol bolupdyr düýnki inçe ýodalar.
Men-ä seniň barlygyňda ýaşadym,
Senem meni ýatlaýansyň käteler.

Uzaklardan sözleşeli ikimiz,
Şemallary çapar edip arada.
Ýöne bolsun gürrüňmiziň ählisi
Bir-biregi bagyşlamak barada...

Allanur ÇARYÝEW
11
36
smiling_
1 Oktýabr 2024
@Tayler, Bor
Tayler
1 Oktýabr 2024
@smiling_, şeý diý onda
smiling_
1 Oktýabr 2024
@Tayler, Ol öýkeleşen meselelerine bagly 🙄
Tayler
1 Oktýabr 2024
@smiling_, görnüşi ýaly aňsadam dâl
smiling_
1 Oktýabr 2024
@Tayler, Kynam däl añsatjak :D 😌
Tayler
1 Oktýabr 2024
@smiling_, biri birini
smiling_
1 Oktýabr 2024
Heh kim kimi bagyşlamaly)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.