Tayler
26.09.2024 22:03
Garaşgyn maňa

Aglama, ýüregiň küýsese meni,
"Ol dolanmaz" diýip batmagyn gama!
Meniň üçin aýap her bir demiňi,
Ýoluma göz dikip, garaşgyn maňa!

Durmuş ýodalarnyň daralan çagy,
Men hakda ýaman söz aýtsalar saňa.
Özgäni diňlemän söýüşiň ýaly,
Özgäni diňlemän garaşgyn maňa!

Goý, aýlar aýlansyn ýa ýyllar geçsin,
Sagatlar tiz geçip, garylsyn çaňa.
Ýürekde gözlerňe geçirip keşbim,
Garaşgyn!
Garaşgyn!
Garaşgyn maňa!

A bir gün ýanyňda saklansa demim...
Ýöne... bu saklanyş çekse uzaga.
Dolanyp gelmeklik meniň endigim,
Mümkin dolanaryn, garaşgyn maňa!

Seýitliýew Maksat
11
133
smiling_
27 Sentýabr 2024
@matsuriken, Aýyraryn 🙄
matsuriken
27 Sentýabr 2024
@smiling_, men şeýtan diýemok şeýtany diýdim. Satanistiki surat. Şeýtanyň şahy bar 🤦🏻‍♂️🤦🏻‍♂️🤦🏻‍♂️
smiling_
26 Sentýabr 2024
@matsuriken, şeýtan dälä by gyz 🙄
Tayler
26 Sentýabr 2024
@ideallider, kim goýanda näme, goýuber arkaýyn, goýupsyň diýjek bamy
ideallider
26 Sentýabr 2024
@Tayler, mende barweli, ýöne ýöne men goýupdurmagy birhili görýän.
Tayler
26 Sentýabr 2024
@ideallider, post limidim doldy, başga biri açaýmasa
ideallider
26 Sentýabr 2024
Biriň söhbetdeşlik çat açaýyňda?!
matsuriken
26 Sentýabr 2024
ideallider
26 Sentýabr 2024
@matsuriken, дефицит внимания 😁
matsuriken
26 Sentýabr 2024
@smiling_, profiliňe nämçün şeýtany surat goýýaň? 🙄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.