Tayler
03.10.2024 21:19
Bir mahal

Meň sözlerim wah saňady bir mahal,
Bir mahallar ýylgyrşyňa aşykdym.
Ýollar sensiz juda yadatdy meni,
Geljekden has geçmişime ajykdym.

Aç bolsa-da özüň bilýäň adamyň,
Ne ugry bar, ne ýoly bar gitmäne.
Öňküler deý howlugammok şindiler,
Sen hakdaky goşgularmy aýtmana.

Aýdylmadyk goşgym bolup ýaşarsyň,
Mundan soňra gursagymda her haçan.
Ýüzüme urýalar doň ýürekligimi,
Emma gör nähili aşykdym-a men
Seni söýüp ýaşaýarkam bir mahal.

Tirkiş Sapbyýew
9
113
gula
4 Oktýabr 2024
Govy goşgy 👍🏻
garlawac
4 Oktýabr 2024
@matsuriken, adymy tutma!
zumerret_
3 Oktýabr 2024
Y
zumerret_
3 Oktýabr 2024
@garlawac, bolua
matsuriken
3 Oktýabr 2024
@garlawac, duzlara ýara sepip böňmi hälem? 😁
garlawac
3 Oktýabr 2024
@zumerret_, şular ýaly ,,😞" bolar ýaly zat diýen bolsam, sorry! 🤦🏻‍♀️
garlawac
3 Oktýabr 2024
@zumerret_, ýogsa-da aýratyn sebäbi bar eken diýeli mysal üçin, şo sebäbi sorajakmydyň? Gaty görme welin gepiň gelişine gör-ä soraýdym
zumerret_
3 Oktýabr 2024
😞bolya yazmadygym . Hic zat soraman indi hic kimden
garlawac
3 Oktýabr 2024
Paýlaşylýan suratlardanam şuňa meňzeş aýratyn sebäp gözleýän bolsaňyz...)
garlawac
3 Oktýabr 2024
@zumerret_, Reňk kän, Prosta uly tapawutly görünenok. Öli reňk bolsun diri reňk bolsun ,,reňk" hemmesem . 🙂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.