Paradise
28.04.2020 19:24
“Nireden ýadyma düşdüň?!” diýme sen,
“Salam” diýmek üçin düşdüm ýadyňa.
“Tallaryň boýnuna tama öýmesin
saraý” diýmek üçin düşdüm ýadyňa.

Ýogsa, men böljekmi ünsüň-üşügiň?!
Tekepbir bolsamam, bilýän düşünip.
“Gül göwnüňden öýke buldun düşürip,
ýagaý” diýmek üçin düşdüm ýadyňa.

Göwnüňe degenin geň görüp ýören,
Göwnüm nämelere döz gelip ýörer?!
“Men — Adam bolmagy öwrenip ýören
zenan” diýmek üçin düşdüm ýadyňa.

Men maý tapsam ugramakçy, barybir…
Hiç bilemok adamlara garylyp.
“Bir gün… ýarpy eser goýsam, ýarysyn
ýazaý” diýmek üçin düşdüm ýadyňa.

“Biz bir gelýäs” — kepil ýokmuş ýenäge.
Bigadyrlyk — bu gümanyň sebäbem…
Men bolsa… zat tapman seni deňäre,
“Halal!” diýmek üçin düşdüm ýadyňa
42
715
Paradise
28.04.2020 19:12
Indi nädip söze sygnyp gezeýin?!.
Sözlerem güýjüni ýitirdi, hakyt!
Eý, meniň bar-ýok ýerlermiň bezegi,
Maňa sözleriňden gözleriň ýakyn!

Sözleriň — sallançak, sesiňem hüwdi.
Aňymda-da görülmedik düýş ýatyr…
Men, hatda, şolardan geçipler diýdim:
— Maňa sözleriňden gözleriň ýakyn!

Ýok, ýok, sen aýdyber, sözem bir sungat.
(Ynansyn, gözlerňi görmedik pakyr).
A men pyşyrdaryn, bar bolsa gurbat,
“Maňa sözleriňden gözleriň ýakyn…”

“Iki dag” diýerin,
ýa “iki ada”…
Hem o dünýä, hem bu dünýä deňärin.
Olar meni ýaňra etmese-etmez,
Ýöne olar köp ýazdyrar, sebäbi —

Maňa sözleriňden gözleriň ýakyn.
Iki sany deňiz ýakyn – dup-dury.
Ol deňizleň birje tolkunna degmez,
Çekimli-çekimsiz sesleň gopguny

Aýgül Baýadowa
40
302
Paradise
28.04.2020 07:06
Ir sagat 7:00, şowly sişenbe
Sämän serim säher ýaly durlanan.
Daş işikde sazyn çalýar daň şemal
Radioda-da “Durnalar”…

Guşlaryň däl, işe sary haýdaşýan,
Gulaga hoş ýakýar adamlaň sesi.
Edil şu ahwalda, edil şu günde
Säherler döredýär ertä höwesi.

Täze güne gadam basan dünýäni,
Görmeseň-de, duýmak juda lezzetli.
(Meger, sähel zada begenmek üçin
Durmuş meni –
Polýannanyň ykbalyna meňzetdi…)

Başujyňda kakaň otyr. Güneşem
Gözlerine öz nuruny çaýypdyr.
(Şu gün ol özüni iň bagtly kaka,
Menem iň bagtly perzent saýypdym.)

Günlerime gözün dikýän täleýim,
Nazaryňy uzaklarda egläber.
Ýogsa-da gel.
Ýöne entek kakamyň
Şu günki deý säherlerne degmäwer.
44
296
Paradise
27.04.2020 22:07
A:l ýagyş ýagyber, batlan öñküden,
Meñzäp ömrüñ bagtsyz gelen günlerne.
Balkyldaýan didelerme damyp, ýa
Jan berjekmi meniñ solan güllerme.

Dökülýär damjalañ dür monjuk kimin,
Ýanyp duran ýodalaryñ böwrüne.
Şabyrdap, diñeñok, uzyn ses edip
Teselli berjekmi çöken göwnüme.

Abyrsyz hasratyñ öýüni dörüp,
Gözlerime gam şemalyn çaýýañmy?
Aýt, ýagyş, kiparlap bu gün senem, ýa
Derdimi köpeltmek üçin ýagýañmy
42
757
Paradise
27.04.2020 18:58
ÝEKELIK

Gije ümsümligiň goýnuna siňip,
Syrdaş tapman ýüregimi dökere.
Kalbym ýyly mähre bolupdyr teşne,
Dünýäm sensiz ýykyp barýar ýekelik.

Hyýallarym ýene menden birugsat,
Şol seniň dünýäňe edip ýör seýran.
Ýene ýada düşýäň unutdym diýsem,
Bu bolup ýörşüme özümem haýran.

Dilberim ýüregmi otlara goýup,
Gitdiň, aýralykda bagrym dagladyň.
Bilýän, wah aglamak bolsa-da aýyp,
Gülüm ýene sensizlikde agladym.

Düşünmedim bu pelegiň oýnuna,
Kysmatyma ajy gözýaş damypmy?
Ýogsa ikimizem az örtenmändik.
Meň şol öňküligim.
A sen bagtly…
44
518
Paradise
27.04.2020 18:55
BU ÝOLLARDA

Synaglaryň baryn görüp geçeýin,
Durmuş bu ýollarda meni aýama.
Galdyran bolmandy ýykylan çagym,
Ýene özüm galjak borun aýaga…

Tamakin däl bu illerden hiç zady
Başarsam-a men ýetirjek kömegim.
Ýok ekeni gaýgy-gussaň peýdasy,
Doldurmaz ol şatlygymyň öwezin.

Ýan berjek däl ejizlige, başarsam,
Hem hasyl bolaýjak arzuwlar etjek.
Iller ýaly öwünmegi başarman,
Kalbyma sadalyk tohumyn sepjek.

Öz bolşuňy duýup ýaşasaň gowy,
Başarmajak wadalarym berjek däl.
Bolsamam kakamyň ejizlän ogly,
Hergiz kynçylyga boýun burjak däl.

Boş-boş gürlemäni endik etmedim,
Ýorganyma görä aýak uzatjak.
Ýaşajak däl hyýallara aldanyp
Hem başarsam ýalňyşlarym düzetjek.
37
337
Paradise
26.04.2020 22:21
Eý, ruhumyň näzik kirşine kakan,
Duýgylarmyň dumanynda azaşyp,
dolan ahyr, nirä barýaň, salgyma
aldanyp hem “ýokluk” bilen sazlaşyp…

Ynamsyzlar ynandyryp kalbyňy,
Hatda menli dünýäň talagyn berip,
Ajy deňziň girdabyna saldylar,
Galdym el serip.

Ýüregmiz ynjydyp, ynjalýar özge,
Sebäp olar ýaşaýyşa düşünen.
Meger, bu dünýäniň iň bagtlylary,
Bagtsyz edip bagtly bolýa kişiler
43
196
Paradise
26.04.2020 21:34
Men yşkymy gözlerimde gizledim,
Sözledim pyşyrdap gülleň gulagna.
Iç dökere ýalňyz syrdaş gözledim,
Dözmedim syrymy köpleň ýüregne.

Uzaklardan gaýyp gelýän ýapraga –
Altynsöw gudrata ellerim serdim.
Derdim gözlerime guýdy topragy,
Men şonda-da,
Men şonda-da,
Sermedim.

Görmedim.
Hyýalym gussa büredi
Şapak reňki siňen göreçlerimi.
Özümden bihabar ynam döredi
(Belki undandyryn biweçligimi).

Dogry,
Güňläp ýatan gümmeze dönen
Serim soň oýlady iň wajyp zady.
Hiç kimsäge göwni ýetmeýän bagtyň,
Hiç kim däle göwni ýetip bilermi?!
43
580
Paradise
25.04.2020 21:07
Men özümi dünýä saýyp ýörüpdim,
Seret, gysymyña ýerleşip durun.
Älem dili deldi maña, bir görsem,
Hakyt guşlar bilen gürleşip durun.

Söýgiñ soñsuz ýollarynda derwüşem,
Bar erkimi bir garaýşa bermişem.
Goşa didañ jümmüşinde ýerleşen,
Yşka umyt bolup birleşip durun.

Jogap tapman, bakyp aýa-günlere,
Garaşmakdan sabrym döndi tümmege.
Aýdyñ, söýgiñ deñlemesin kim biler?
Soñsuz soraglara dyrmaşyp durun.

Hyýallarym asman ýaly çuñdy meñ,
Sadamydym?
Bar zat gözme çyndy meñ.
Düýn ýalydy yşkyñ ody undulan,
Bu gün şol ot bilen ýüzleşip durun
43
175
Paradise
24.04.2020 23:54
Filosof Eflatundan şeýle sorapdyrlar: "Size görä adamzadyñ iñ geñ galdyran ýagdaýy näme?"
Eflatun şeýle jogap beripdir: "Çagalygy islemezler,ulalmak üçin howlugarlar.Soñra-da çagalygyny küýsärler. Mal-mülk üçin gije-gündiz
ylgap, saglyklaryna zyýan ýetirerler, öñki saglygyna gowuşmak üçin ýygnan mal-mülklerini harçlarlar. Ertirleriñ aladasy bilen bu günlerini unudarlar. Netijede, bu günlerini we ertirlerini ýaşamaz ýaly ederler.
Hiç wagt ölmen öýdüp ýaşarlar, ýöne ýaşamadyk ýaly hem ölerler".
- Onda adamlar nahili ýaşamaly? - diýip danadan ýene soranmyşlar.
Dana şeýle jogap beripdir:
- Hiç kime özüñizi söýdürjek bolmañ, hiç kimiñ öñünde kiçelmäñ, hiç kime-de ulumsylyk satmañ. Goý, sizi il söýsün. Iñ esasy zat bolsa, durmuşda iñ kän zada eýe bolmak däl-de, iñ az zada mätäç bolup bilmekdir.
56
751